Turkm dili-7 2017. indd


Download 438.92 Kb.
bet67/100
Sana17.06.2023
Hajmi438.92 Kb.
#1527825
1   ...   63   64   65   66   67   68   69   70   ...   100
Bog'liq
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)

nji gönükme. Göçüriň. Iki nokat we sorag belgisi goýlan sözleri kada boýunça ýazyň.

«Siz indi büt..nleý sag aýal. Ýüreg(?)ňizde galmaga- lam, batly gürs..ldemelerem ýok» diýip, lukmanlar Gara saçly enä aý(?)tdylar. Mele saçly enä bolsa:» Siz entek ýatmaly bolarsyňyz, elbetde, siz hem büt..nleý sag adam bol..p gidersiňiz» diýdiler. Şeýle diýmek bilen hekim näme üç..ndir başga tarapa seredýärdi …
Ata-eneň barasynda perwaýsyzlyk hiç haçanam bagyşlanylmaýar.
Watançylyk sallançakdan başlanýar. Enesiniň we atasynyň hakyky ogly bolmadyk adam Watanynyň hem hakyky ogly bol..p bilmez. (Şol ýerde).

  1. nji gönükme. 153-154-nji gönükmelerdäki hekaýaty gürrüň bermäge taýýarlanyň. Sazanda we gallaçy ogullara öz garaýşyňyzy beýan ediň.

  2. njy gönükme. Deňdeş agzalara baglanyp ge- len aýyklaýjy agzalary görkeziň. Olaryň deňdeş agzalardan aňlanylýan pikiri aýdyňlaşdyryp gelişlerini düşündiriň. Göçüriň. Deňdeş eýeleriň we deňdeş habarlaryň aşagyny çyzyň.

  1. Adamyň erkiniň güýji çäksizdir4. Durm..ş..ň agyr ýagdaýynda ruhdan düşmek – mun..ň özi seniň ýeňildigiňdir, heläk1 bolmagyňdyr. Söweş meýdanynda duşman bilen başa-baş göreşde şeýle ýagdaýlar bolup bi- ler, şonda ruhy gü(?)ç, erklilik seniň ýeke-täk ýaragyň bo- lup galar. (W.A.Suhomliniskiý).

  2. Oz..n..ň agyrsyny duýd..rmazlyk3 erkek adamyň artykmaçlygydyr. Sen erkek adam, eýýäm şon..ň üçin sen çydamly hem-de sabyrly bolmaly. Keselbentlik we gowşaklyk saňa hormat getirmeýär4. Eger seniň dişiň ýa2 barmagyň agyrýan bolsa, ony hemmelere eşitdirmäge howlukma1 – bu utan(?)çdyr. Sesiňi çykarma, agyryňa çydam et, okuwdan soňra bolsa keselhana git. Seniň erkiň, çydamlylygyň, durnuklylygyň, goý, hemişe gowşaklygyň üst..ne hüjüm etsin! (Şol ýerde).

§ 36. DEŇDEŞ AÝYRGYÇLAR WE DEŇDEŞ DOLDURGYÇLAR


▲ Aýyrgyçlardan bolan deňdeş agzalar deňdeş aýyrgyçlardyr.
Meselem:

  1. Ortadan ýokary, daýaw bir ýigit gapydan ätledi. (B. Kerbabaýew «Aýgytly ädim»).

  2. Sugunly, umgaly, çal goçly daglar, Belentden pestine akan bulaglar, Sowuk suwly, ter çemenli awlaglar,

Köňül arzuw eýlär, watanym seni. (Zelili).
Birinji mysaldaky deňdeş aýyrgyçlar sözleriň eýesini, ikinji mysaldakylar bolsa atlardan bolan sözleri aýyklap geldiler.
▲ Doldurgyçlardan bolan deňdeş agzalar deňdeş dol- durgyçlardyr.
Meselem:

  1. Sowuga we beýleki mahrumçylyklara çydam etmegi başar. (W. A. Suhomlinskiý).

  2. Bagşy Magtymguludan, Görogludan hyruç bilen aýdardy. (Gazetden).

  3. Men Nöküsde, Hywada boldum.

Birinji mysaldaky deňdeş doldurgyçlar goşma işligi, ikinji we üçünji mysaldakylar bolsa sözlemiň habaryny aýyklap geldiler.


  1. Download 438.92 Kb.

    Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   63   64   65   66   67   68   69   70   ...   100




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling