Turkm dili-7 2017. indd


Download 438.92 Kb.
bet65/100
Sana17.06.2023
Hajmi438.92 Kb.
#1527825
1   ...   61   62   63   64   65   66   67   68   ...   100
Bog'liq
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)

njy gönükme. Okaň. Deňdeş agzalary tapyň. III bölü- mi göçüriň. Ýaýbaňlandyrylmadyk deňdeş agzalaryň aşagyny bir çyzyk ýaýbaňlandyrylan deňdeş agzalaryň aşagyny bolsa iki çyzyk çyzyň we galdyrylan dyngy belgilerini goýuň.

  1. Has gadymy zamanlarda adamlar Aýa, Güne, Ýere, Suwa salam berer ekenler. Aý, Gün doganda, Aý bilen Gün görşende begener ekenler.

  2. Özüňden kiçi gelinler, ýaş gyzlar ýöräp barýarka säginseler ýa-da elindäki işi sähel salymlyk goýsalar, şol hem olaryň salam berdigi bolýar. Olar hiç hili yşarat et- medik halatynda hem «Saglykmy, amanlykmy?» diýen sözleriňi gysganmaly däl.

  3. Aýallar öz biri-birleri bilen salamlaşanlarynda ul.. sy kiçisiniň eg(?)nine elleri bilen kakýar. Gaty garran aýallaryň bolsa gelinler, ýaşlar ýanlaryna baryp, eginlerini tutýarlar. Munuň tersine, gartaşan, orta ýaşan aýallar täze gelin ýa ýaş gyzlar üýş..p ot..ran bolsalar, olaryň ýanlaryna aýlanyp, elleri bilen kakyp gaýdýarlar. (Gazetden).

Sözlemiň haýsy agzalary bolşuna garap, deňdeş agzalar öz aralarynda dört topara bölünýärler:


Deňdeş agzalar


Deňdeş eýeler
Deňdeş habarlar
Deňdeş aýyrgyçlar
Deňdeş doldurgyçlar

§ 35. DEŇDEŞ EÝELER WE DEŇDEŞ HABARLAR


▲ Eýeden bolan deňdeş agzalar deňdeş eýelerdir. Meselem:



  1. Köse bilen Görogly bir dagyň üstünden atlaryny ýanaşdyryp barýardy. («Görogly»).

  2. Ýaşajyk sazaklar, çerkezler görünýär. 3. Onuň öýünde dostlary, agini-garyndaşlary bardy. (Gazetden).

▲ Habardan bolan deňdeş agzalar deňdeş habarlardyr. Meselem:
1. Ony özi biçipdi we tikipdi. 2. Biz türkmen di- lini söýýäris we ony öwrenýäris. 3. Jerenjik alçakdy, şadyýandy.
Adatça, deňdeş eýeler, esasan, sözlemiň başynda, deňdeş habarlar bolsa sözlemiň ahyrynda gelýärler. Emma poeziýa eserlerinde, seýrek ýagdaýda kyssada bu kada eýerilmeýär.
Meselem:

  1. Garyşyp işleýärler hem erkek, hem aýallar. (A. Ala- myşow).

  2. Mölterýär, Çiňňerýär,

Oýlanýar guzym. (K. Gurbannepesow).


  1. Download 438.92 Kb.

    Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   61   62   63   64   65   66   67   68   ...   100




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling