Respublikanyň ýörite kitap gaznasynyň hasabyndan çap edildi.
ISBN 978-9943-26-651-3
© Hanmatow M., Hanmatow A., Razzakowa K., Söýunowa G.
© «Sharq» neşiryat-çaphana paýdarlar kompaniýasynyñ Baş redaksiýasy, 2005, 2009, 2013, 2017.
Türkmen edebi diliniň kämilleşişi
Türkmen halkynyň gadymy halk bolşy ýaly onuň dili hem gadymydyr. Türkmen dili şol gadymdan bäri gitdigiçe ösüp, baýlaşyp, kämilleşip gelipdir. Ol şu güne çenli türk- men halkynyň ösüşinde iň möhüm aragatnaşyk serişdesi bolup hyzmat edipdir.
Jemgyýet ösýär, özgerýär, dile hem öz täsirini ýetirýär. Jemgyýetiň ösmegi bilen dile dürli ugurlara degişli sözler girýär.
Dil içki we daşky resurslaryň hasabyna ösýär kämil- leşýär. Diliň içki resurslaryň hasabyna baýlaşmagy diýil- digi, öz dilimizde bolan serişdeleriň hasabyna sözleriň emele gelmegidir. Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soň ene dilimiz öz içki resurslarynyň hasabyna baýlaşdy, täze-täze sözler, adalgalar emele geldi.
Daşky resurslaryň hasabyna baýlaşmagy diýildigi, beýleki dillerden geçen sözleriň hasabyna kämilleşmegine aýdylýar.
Türkmen halky geşmişde türki halklar bilen şeýle- de başga birnäçe halklar bilen ykdysady, syýasy, medeni aragatnaşykda bolupdyr. Sol gatnaşyklar netijesinde türki halklaryň we başga-da birnäçe halklaryň dilleri türkmen diline öz leksik täsirini ýetiripdir. Türkmen diline öz leksik täsirini ýetiren dilleri aşakdaky shemadan görmek bolar.
Türkmen diline leksik täsirini ýetiren diller
←
Pars dili
Türki dil
←
← ←
←
Mongol dili
← ←
←
Do'stlaringiz bilan baham: |