Turkm dili-7 2017. indd
Download 438.92 Kb.
|
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)
Işligiň arzuw şekili.▲ Arzuwy, dilegi, islegi aňladýan işliklere işligiň ar- zuw şekili diýilýär. Ol –aýady, -äýedi goşulmalarynyň kömegi bilen ýasalýar. Meselem: Belki, boş wadalardan dynyldygy bolaýady- da. Baharymyz ýagynly gelip, dilegimiz ýerine düşaýedi- dä. Arzuw şekiliniň ýoklugy –ma, -me goşulmasynyň kö- megi bilen ýasalýar. nji gönükme. Aşakdaky sözleri okap, zaman bilen üýtgän işlikleri depderiňize ýazyň. Biz mekdebiň töwereginde erik, garaly, şetdaly nahal- laryny ekdik. Olaryň oňat düýp almagy üçin köp zähmet çekdik: düýplerini ýumşatdyk, ýerli we mineral dökünleri bilen iýmitlendirdik, wagtly-wagtynda suw tutduk. Otly uzak ýoly ýygryp, myçyp barýar. Emma ýolagçylar ne-hä sarsgyn, ne-de tigirleriň dükürdisini duýýarlar. Wa- gonlar tolkunsyz suwda ýüzüp barýan ýalydy. Men häzirlikçe ýeriň ol ujam bolsa giderin. Emma iru-giç gaýdyp gelerin. njy gönükme. Okaň. Aşakdaky böleklerden işlik şekilleri- ni tapyp, depderiňize göçüriň. Garry aşpez başyny belent tutup, haýal-haýal basyp barşyna, begiň ýüzüne alarlyp garady. Eger Durdy bagşy: Gulam aga, şu haramzadanyň gylyklaryndan irme- diňizmi? – diýip, ara düşmedik bolsa, ol ýene-de şerebe- sini pürkjekdi, ýene-de duzlajakdy. (G.Gurbansähedow, «Kyrk teňňe»). Bu gün okuwçylar gezelenje gitmeli, emma olar en- tek gitmeli däldiler. nji gönükme. Berlen işlik şekillerini sözlem içinde getiriň we olary morfologik taýdan derňäň. Okamaly, gitmeli, ýazmaly, ýygsana, gitmeseň, alardyk, dursun, barmaly däl. nji gönükme. Okamaly, bilmeli, alsa, gitse, gelerdi şe- killerini ýöňkemäniň birlik we köplük sanlarynda üýtgedip depderiňize ýazyň. Download 438.92 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling