§ 3. ERKIN WE DURNUKLY SÖZ DÜZÜMLERI
Söz düzümleri iki topara bölünýärler (jedwele serediň).
Söz düzümi
Erkin söz düzümi
Durnukly söz düzümi
Olar mazmuny, hyzmaty, ulanyşlary boýunça biri- birinden tapawutlanýarlar.
▲ Erkin söz düzüminde bir esasy söze birnäçe garaşly söz baglanyp, olaryň hersine bir grammatik soragy berip bolýar. (Sebäbi söz düzüminiň ([G] [E] ) böleginiň her biri sözlemiň bir agzasy bolup gelmäge ukyplydyr). Bu söz düzüminde garaşly sözleriň orun taýdan ýerleşişi hem erkin bolýar, ýagny olar bilen esasy sözleriň arasyna başga sözler hem düşüp bilýär.
Meselem: Gyzlar häzir [G] häzir [G] (haçan?) ýuwaşlyk bilen [G] (nä halda?) kluba tarap [G] (nirä?) ugradylar [E].
Bu sözlemdäki üç sany garaşly sözüň hersi bir gram- matik soraga jogap bolup, ugradylar diýen bir esasy söze baglanyp geldiler. Muny shemada şeýle görkezmek bolar:
G
G
E
G
njy gönükme. Aşakdaky sözlemlerden erkin söz düzüm- lerini tapyp, depderiňize göçüriň.
Çopanlar goýunlary irden guma kowdular.
Goýunlar işdämenlik bilen gum otlaryny iýýärler.
Men öýden ir bilen ugradym.
Irden dostlarymy öýümize çagyrdym.
▲ Durnukly söz düzümlerini emele getirýän söleriň hemmesi bir soraga jogap bolup, sözlemde bitewilikde bir agzanyň hyzmatyny ýerine ýetirýärler.
Meselem: Ol ýyldyza toýnak salýar (näme edýär?). Bu mysaldaky üç sözden durýan durnukly söz düzümi bir so- raga jogap bolup, bir manyny (keýpi köklügi ) aňladýar.
Durnukly söz düzümlerine durnuklylyk häsiýeti mah- sus bolup, olaryň sözleriniň ýerlerini çalşyrmak, ýerini üýtgetmek ýa-da aralaryna başga söz goşmak, köplenç mümkin däldir.
Meselem: Eli ýuka, maňlaýy gara, süýji dil.
Do'stlaringiz bilan baham: |