Ýönekeý sözlem Goşma sözlem
nji gönükme. Aşakdaky sözlemleriň gurluşyna üns be- rip, olary giňişleýin düşündiriň we depderiňize göçüriň.
Ol gün ýatdy. Ertesi çäş galanda derdi artyp, lerzan
bolup ugrady. (B.Kerbabaýew, «Myraly hem Soltansöýün»).
Aradan ençeme zamanlar geçdi. Baý Bugra begiň bir ogly boldy, Baý Begjan begiň bir gyzy boldy. («Gorkut ata»). 3. Ol atyna baş öwretdi. 4. Daňdanky uky rysgyňy kesýär. (Hadys). 5. Men ejemiň ýüzüne geňirgenip garany- my duýman galdym. 6. Ibn Sina dürli saz-gurallaryndan baş çykaryp bilipdir. (N.Baýramsähedow). 7. Garaşsyz Özbegistan Watanymyzyň döwlet nyşanlary: baýdagy, gerbi we senasy mukaddesdir. 8. Samarkant gadymy ýadygärliklere baý şäherdir. 9. Berdimyrat Berdak gara- galpak edebiýatyny esaslandyryjy, zehinli şahyr bolup, Magtymguly Pyragyny öz ussady hasaplapdyr.
Söz düzüminden sözlemleriň tapawudy
Söz düzümi
|
Sözlem
|
Sözlerden aňlanylýan
|
Bir zady habar bermäge, soramaga
|
düşünjäni has
|
we ýüzlenmäge hyzmat edýär.
|
anyklaşdyrýar. Garaşly
|
Baş agzalary bolýar.
|
[G] we esasy [E]
|
Bir sözden we köp sözden bolup
|
sözden durýar.
|
bilýär.
|
|
Gutarnykly pikir aňladýar.
|
nji gönükme. Aşakdaky söz düzümlerini sözlem içinde getirip, depderiňize göçüriň.
Ekin meýdany, mylaýym şemal, eli arassa, çaý teýi, gadymy şäher, elekden geçirmek, habar tutmak, gyzykly oýun, mukaddes toprak, agzybir halk, kineli göwün.
nji gönükme. Özbaşdak çeper eserlerden 6 sany sözlem ýazyň.
Do'stlaringiz bilan baham: |