§ 5. SÖZLEMLERIŇ AÝDYLYŞY WE PIKIR AŇLADYŞY BOÝUNÇA BÖLÜNIŞI
Sözlemler aýdylyşlary, pikir aňladyşlary taýyndan dört topara bölünýärler.
Sözlem
Habar sözlemi Şorag sözlemi Ýüzlenme sözlem
Sorag – ýüzlenme sözlemi
nji gönükme. Okaň. Sözlemleriň aýdylyşy, pikir aňla- dyşy nähili? Olaryň soňuna haýsy dyngy belgileri goýlupdyr?
Eý, balam, akyl esasyndan bilginki, ata-enäniň hez- zet – hormatyny öz boýnuňa almak zerur, çünki perzendiň asly ata-enedir. «Näme üçin ata-enemi hormatlaýarkam?» diýmegin.
Bilgin, olar seniň üçin janyny pida etmäge taýýardyr. Eger her bir perzent akylly we dana bolsa, ol ata-enä hor- mat goýmalydyr. Ata-enäniň işi seni ulaltmak, saňa ýagşy gylyk öwretmekdir.
Eý, balam, ata-eneňiň göwnüne degmegin, olaryň ýüregine bitmez ýara salmagyn, çünki ýaradan ata bilen enäni ynjydana agyr jeza berýändir. («Kowusnamadan»).
njy gönükme. Özbaşdak hekaýa ýazyň.
Habar sözlemi
▲ Bir zady başga birine habar bermek üçin ulanylýan sözleme habar sözlemi diýilýär.
nji gönükme. Sözlemlerdäki sözleri dürs okamaga çalşyň. Haýsy sözüň aýdylyşy bilen ýazylyşynyň deň däldigini anyklaň, olary depderiňize ýazyň. Habarlarynyň aşagyny çyzyň.
Sähet aga küren obada ýaşaýardy. Ony gören oglan- lar derrew onuň daşyna üýşerdiler. Oglanlar oňa böwregi böken ýaly ýerli-ýerden sorag bererdiler. Ol gyssanmany adam saglygy üçin zerur bolan buýan, narpyz, üzärlik, at- gulak ýaly otlaryň derman üçin peýdalydygyny gürrüň berýärdi.
Ynsan özüniň hemme zadyny başga bir zada çalşyp bilýär. Emma ata-enesini hiç bir zada çalşyp bolmaz. Sebäbi olar her bir ynsanda deňi bolmadyk, ýekelik, täklikdir.
Do'stlaringiz bilan baham: |