Turkm dili-7 2017. indd


Download 438.92 Kb.
bet22/100
Sana17.06.2023
Hajmi438.92 Kb.
#1527825
1   ...   18   19   20   21   22   23   24   25   ...   100
Bog'liq
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)

nji gönükme. Pauzany we intonasiýany dogry ulanyp, labyzly okaň.

Agyr derde uçrasaň, derman tapsam özgeden, Hem özgäniň kyn günde penakäri bolsam, bes!
Gözellikden göz doýmaz, ilim-günüm gözellik, Il-gün üçin ýüregim setirlerme salsam, bes!
Nirde bolsam parhy ýok, jyda düşsem ömürden, Watan sarpasyn saklap, Watan-diýip ölsem, bes!
(A.Mämmedow. «Gazallar»).

  1. nji gönükme. «Biz tebigaty goramalydyrys» diýen tema boýunça öý düzmesini ýazyň.

Gaýtalamak üçin soraglar:


  1. Sözlem näme?

  2. Sözlem aýdylyşy (intonasiýasy) we pikir aňladyşy taýyndan haýsy toparlara bölünýär?

  3. Ýönekeý sözlem näme, goşma sözlem näme?

  4. Sözleýişde pauzany, intonasiýanyň hyzmatyny, onuň ýazuwda bellenişini düşündiriň.

  5. Logiki basymyň hyzmatyny aýdyň.

§ 9. SÖZLEMDE SÖZLERIŇ TERTIBI. POEZIÝADA INWERSIÝA


Sözlemiň her agzasynyň sözlemde belli bir orny bolýar.
Meselem:
Aşyr çopan goşuna bardy.
Bu sözlemde eýe Aşyr sözlemiň başynda, habar bardy sözlemiň ahyrynda, aýyrgyç çopan baglanýan sözlemiň öňünden, doldurgyç goşuna hem baglanýan sözüniň bardy öňünden gelipdir. Bu kada habar sözlemlerine mahsus bo- lup, sözlemde ilki, esasan, eýe, iň soňundan habar gelýär. Aýyrgyç bilen doldurgyç bolsa baglanýan sözleriniň öňünden gelýärler.
Sözlemde sözleriň tertibi – sözlemdäki sözleriň orun taýdan belli bir kada eýermesidir.
Sözlemde bir sözi nygtamak ýa-da joşguny aňlatmak zerurlygy ýüze çykanda, sözlemde sözleriň orun taýdan ýerleşiş tertibi üýtgeýar.
Sözlemde sözleriň ýerleşiş tertibiniň üýtgemegine
inwersiýa diýilýär.
Bu ýagdaý, esasan, gepleşikde, sorag, ýüzlenme söz- lemlerinde, poeziýa eserlerinde duşýar.
Meselem:

  1. – Gördüm ony men. (Men ony gördüm).

– Şeý diý-ä (Gazetden).

  1. Barmydy olar? (Olar barmydy?).

  2. Ýaşasyn garaşsyz Özbegistan! (Garaşsyz Özbegis- tan ýaşasyn!)

Birinji mysal gepleşige, ikinji sorag sözlemine, üçin- ji mysal bolsa ýüzlenme sözlemine degişli bolmak bilen, sözlemde sözleriň ýerleşiş tertibi üýtgäp gelipdir. (Kada boýunça bolmalysy ýaýa alnan sözlemlerdir).
Gömüldi derýalar, ýykyldy daglar, Ýetimler gözýaşyn döke başlady.
(Magtymguly)

Mysal alnan goşgy bendiniň birinji setirindäki eýeler derýalar, daglar, habarlardan gömüldi, ýykyldy yzda gel- mek bilen inwersiýa hadysasy bolup geçipdir.



  1. nji gönükme. Okaň. Eýe bilen habaryň sözlemdäki or- nuny (tertibini) görkeziň.

1. Gürrüňi diňläp patyşa köp manyly ýylgyrypdyr. (A.Bugaýew. «Köňül gözgüsi»). 2. Çatmalarda çaga- lar bilen aýallar galypdyr. (T.Jumageldiýew «Merwden Mekgä çenli» k). 3. Ol hem oragy taşlap, harmana gelýär. (A.Durdyýew. «Saýlanan eserler»). 4. Sen hünär bilen bile ada eýe bolgun. («Kowusnama»k). 5. Musa uludan kiçä deň garapdyr. («Üç pygamber»). 6. Kel bagşy ondan mu- kam baryny öwrendi. (A.Aşyrow. «Könegüzer»).


  1. Download 438.92 Kb.

    Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   18   19   20   21   22   23   24   25   ...   100




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling