Turkm dili-7 2017. indd


Download 438.92 Kb.
bet5/100
Sana17.06.2023
Hajmi438.92 Kb.
#1527825
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   100
Bog'liq
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)


GEÇILENLERI GAÝTALAMAK




§ 1. IŞLIK ŞEKILLERI

Işlikleriň zaman şekilleri


Gürrüňi edilýän işiň, gymyldy-hereketiň öň bolup ge- çendigine, indi boljakdygyna ýa-da hut geplenip durka bolýandygyna garap, işlikler üç zaman aňladýarlar: Öten zaman, häzirki zaman, geljek zaman.



  1. Işligiň häzirki zaman şekili.

Işligiň häzirki zaman şekili işiň, gymyldy-hereketiň häzir ýerine ýetirilýändigini bildirip, düýp işlikleriň yzyna
-ýar, -ýär goşulmasy goşulyp ýasalýar.
Gymyldy hereketiň kim, näme tarapyndan ýerine ýetirilýändigini bildirmek üçin, häzirki zaman işliginiň yzyna degişli ýöňkeme goşulmalary goşulýar.

  1. Işligiň geljek zaman şekili.

Geljekde boljak işi, gymyldy-hereketi bildirýän işlige işligiň geljek zaman şekili diýilýär.
Meselem: Ertir howa gowy boljak.
Işligiň geljek zaman şekili iki topara bölünýär: Mälim geljek zaman we nämälim geljek zaman işligi.
a).Mälim geljek zaman işligi anyk ýüze çykjak ýa-da bir sebäbe görä ýüze çykmajak gymyldy-hereketi aňladyp, düýp işligiň soňuna –jak, -jek goşulmalarynyň biri goşulyp ýasalýar.
b) Nämälim geljek zaman işligi düýp işligiň yzyna –ar,
-er goşulmalarynyň biri goşulyp ýasalýar we bir işiň bol- jakdygyny çak etmekligi borç boýunça edilmeli işi ýa-da bir zadyň häsiýetine görä adatça bolýan gymyldy-hereketi bildirmek üçin ulanylýar.

  1. Işligiň öten zaman şekili.

Öten zaman işligi gepleşilip durlan wagtdan öň ýerine ýetirilen işi, gymyldy-hereketi aňladýar.
Öten zaman işlik şekili iki topara bölünýär.

  1. Gutarnykly öten zaman işligi.

  2. Dowamly öten zaman işligi.

Gutarnykly öten zaman düýp işlikleriň yzyna dy, -di
goşulmasy goşulyp ýasalýar.
Dowamly öten zaman işligi bir işiň, gymyldy-hereketiň birnäçe wagt dowam edýändigini aňladyp, iki ýol bilen ýasalýar. Nämälim geljek zaman goşulmasyndan soň dy,
-di goşulmasynyň goşulmagy bilen. Bu hili dowamly öten zaman işligi has öňräk bolup geçen we köp wagt dowam eden gymyldy-hereketi aňladýar.
Häzirki zaman işliginiň yzyndan – dy, -di goşulmasynyň gelmegi bilen. Bu ýol bilen ýasalan dowamly öten zaman işligi iki manyny aňlatmaga, ýagny täzeräkde bolup geçen dowamly gymyldy-hereketi aňlatmaga hyzmat edýär.

Download 438.92 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   100




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling