Turkm dili-7 2017. indd


Download 438.92 Kb.
bet63/100
Sana17.06.2023
Hajmi438.92 Kb.
#1527825
1   ...   59   60   61   62   63   64   65   66   ...   100
Bog'liq
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)

Gaýtalamak üçin soraglar:


    1. Doldurgyçlar diýip nämä aýdylýar?

    2. Doldurgyçlaryň näçe görnüşi bar? Olar haýsylar?

    3. Doldurgyçlaryň sözlemdäki hyzmaty nähili?

    4. Meňzetme doldurgyjy bilen meňzetme aýyrgyjynyň tapawudyny düşündiriň.

    5. Meňzetme doldurgyjynyň many aýratynlyklaryny düşündiriň.


DEŇDEŞ AGZALAR

§ 34. SÖZLEMIŇ DEŇDEŞ AGZALARY BARADA UMUMY MAGLUMAT


▲ Deň heň, deň säginme bilen aýdylýan, bir söze bag- lanyp, deň soraga jogap bolýan sözler deňdeş agzalardyr.


Deňdeş agzalar sözlemde deň sintaktik hyzmaty ýerine ýetirýärler. Olar biri-birine garaşsyz bolan deň hukukly ag- zalardyr. Deňdeş agzalar iki ýa köp sözden bolýarlar.
Meselem:
Ýurdumyzyň Hywa, Buhara, Samarkant şäherleri gadymydyr.
Deňdeş agzalardan peýdalanylmagy sözlemde sözleriň gaýtalanmazlygyna, şeýlelikde, sözleýşimiziň täsirli bol- magyna, edebi eserleriň çeperçiliginiň artmagyna ýardam edýär.
Deňdeş agzalar aýyklaýjy sözler bilen hem (ýaýbaňlanan görnüşde) gelip bilerler. Bu hili deňdeş agzalar aýyk- laýjysyz gelen deňdeş agzalardan pikir aňladyşynyň aýdyňlygy bilen tapawutlanýarlar.
Deňeşdiriň:
Meselem:

  1. Dutaryň owazy, gyjagyň sesi oturanlara güýçli täsir etdi.

  2. Dutaryň şirin owazy, gyjagyň zaryn sesi oturanlara güýçli täsir etdi.

Sözlemiň deňdeş agzalarynyň biri bir sözden, beýlekisi söz düzüminden-de bolup biler.
Meselem:
Size we size meňzeşlere syýahatda ak ýol arzuw edýäris!
Bu sözlemdäki deňdeş agzalaryň birinjisi bir sözden, ikinjisi bolsa söz düzüminden emele gelipdir.
Bellik: Sözlemde gaýtalanyp gelýän sözler deňdeş agza hasaplanmaýar.
Meselem:
«Suw, suw, suw» diýip seslendi. (Žurnaldan).
Bir sözlemiň içindäki deňdeş agzalar aňladýan many- lary boýunça özara toparlara-da bölünip bilerler. Şu ýagdaýda deňdeş agzalaryň her toparynyň yzyndan otura derek nokatly otur goýulýar.
Meselem:
Bizde şu zatlar nejislik we gabahatçylyk hasaplanýar: Yaltalyk, bikärlik, iş ýakmazlyk, mugthorluk; … gysganç, açgöz bolmaklyk, myhmansöýmezlik; öz ataň we eneň ýönekeý zähmetini halamazlyk; ikiýüzlülik etmek… (W. A. Suhomlinskiý).


  1. Download 438.92 Kb.

    Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   59   60   61   62   63   64   65   66   ...   100




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling