Turkm dili-7 2017. indd


Download 438.92 Kb.
bet60/100
Sana17.06.2023
Hajmi438.92 Kb.
#1527825
1   ...   56   57   58   59   60   61   62   63   ...   100
Bog'liq
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)

Magtymguly hakda


«Men henize çenli şeýle özboluşly döredijiligi bilen, şeýle orginal häsiýetli, şygyrlary çuňňur mazmunly şahyra az duşupdym. Ony ähli halklara tanatmak gerek».
Professor Nowiçenko.
«Magtymguly türkmeniň poeziýasy gymmat baha daşlarynyň biri bolup, ol biziň zamanamyzda täze ýüzügiň gaşynda gözüňi gamaşdyryjy şöhlesi bilen lowurdaýar».
Professor Ý. E. Bertels.
«Magtymgulynyň nähili ömür sürüp ötendigini jikme- jik göz öňüne getirmek häzir kyn. … Emma biz onuň şygyrlaryny okaýarys, bularda şahyr bize öz döwri hakyn- da taryhçy adama-da başartmajak ussatlyk bilen gürrüň berýär».
Ýazyjy N. Tihonow.
«Gökleň urugynyň gerkez tiresinden bolan Magtymguly külli türkmeniň halypasydyr».
Professor W. A. Uspenskiý.

§ 33. MEŇZETME DOLDURGYJY


▲ Meňzetme doldurgyjy neneňsi?, nähili? diýen sorag- lara jogap bolup, bir gymyldy-hereketiň ikinji bir gymylda meňzedilýändigini görkezýär we öz yzyndan ýaly, kimin, dek (deý) kömekçileri getirlen sözlerden bolýar.


Meselem:
Rüstem suwda balyk kimin (neneňsi?) ýüzýär. Mer- jen hem haty meniň ýazyşym ýaly (neneňsi?) ýazypdyr. Men bu halyny Aknuryň dokaýşy ýaly (nähili?) dokama- ga çalyşdym.
Meňzetme doldurgyjy –ça, -çe goşulmasyny kabul eden atlardan hem bolup biler.
Meselem:
Duşmanyň peşe bolsa, pilçe (nähili?) gör.
Bu hili meňzetme doldurgyjyny hal-ýagdaý doldurgy- jyndan tapawutlandyrmak üçin ça, çe goşulmasyny ýaly, kimin, dek (deý) kömekçileri bilen çalşyryp görme- li. Eger çalşyrmak mümkin bolsa onda ol meňzetme dol- durgyjydyr.
Meselem:
Duşmanyň peşe bolsa, pil ýaly gör.
Eger –ça, -çe goşulmasyna derek ýokarky kömekçi- leri ulanmak mümkin bolmasa, onda bu hal-ýagdaý dol- durgyjydyr.
Meselem:
Bagdagül iňlisçe oňat gepläp bilýär.
Meňzetme doldurgyjy bilen meňzetme aýyrgyjynyň ikisi-de ýaly, kimin, dek (deý) kömekçileriniň gatnaş- magynda hasyl bolýar. Emma olary tapawutlandyrmak kyn däldir. Meňzetme aýyrgyjynda bu kömekçiler bilen gelen sözler atlara, atlaşan sözlere baglansalar, meňzetme dol- durgyjynda olar işliklere baglanýarlar.
Deňeşdiriň:




Download 438.92 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   56   57   58   59   60   61   62   63   ...   100




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling