nji gönükme. Özüňizden öwrenilen doldurgyçlaryň hersine degişli bir sözlem düzüň we göçüriň. Doldurgyçlaryň nähili soraga jogap bolýandygyny aýdyň.
nji gönükme. Göçüriň. Çykyş doldurgyçlaryny tapyň we olaryň aşagyny çyzyň. Çykyş doldurgyçlarynyň nähili sora- ga jogap bolýandygyny aýdyň.
Pes adamdan wepa garaşma.
Garyndaşy garyndaşyndan aýyrma. (Lukman Heki- miň pähimleri).
Ýagşylardan hergiz çykmaz ýamanlyk,
Asly ýaman bolsa, çykmaz ýagşylyk … (Magty- mguly).
Dünýäden gitmesin hiç kim bergidar,
Iň bolmanda bir agaç eksin ýadygär. (G.Seýitliýew).
Tebigatdan, durmuşdan lezzet alyp ýaşamaly.
Bet niýetli adamdan gaça dur. (Hadys).
Peýdasyz perişdeden aşna döw ýagşy.
▲ Sebäp we maksat doldurgyjy kim sebäpli?, näme sebäpli?, kim üçin?, näme üçin?, näme etmäge? diýen soraglara jogap bolup, gymyldynyň ýüze çykmagynyň sebäbini ýa-da maksadyny görkezýär. Ol şu aşakdaky kö- mekçi sözler arkaly hasyl bolýar.
Baş düşümde gelen atlardan soň sebäpli, zerarly, mynasybetli kömekçilerini getirmek bilen.
Meselem:
Biz ulagsyzlyk zerarly (näme zerarly?) kösendik. Okuwçylar myhmanlary baýramçylyk mynasybetli gutlady.
Baş we eýelik düşümde gelen atlardan, at hyzmatyn- da gelen sözlerden işligiň nämälim şekilinden soň üçin, ýolunda, ugrunda, maksady bilen kömekçilerini getirmek arkaly.
Meselem:
Äşe eje gyzyny görmek üçin (näme üçin?)gelipdir. Arazgül seniň üçin (kim üçin?) jorap ördi.
Biz maldarlara kömek bermek maksady bilen (näme maksat bilen?) ýygnanyşdyk.
Ýöneliş düşümde gelen işligiň nämälim şekili kömek- çi sözsüz-de sebäp hem maksat doldurgyjy bolup biler.
Meselem:
Goňşy mekdebiň pälwanlary ýaryşmaga (näme etmäge?) geldiler.
Bu ýerde işligiň nämälim şekilini baş düşümde getirip, yzyndan üçin kömekçisini ulansaň hem sözlemiň aňladýan manysy üýtgemeýär:
Goňşy mekdebiň pälwanlary ýaryşmak üçin geldiler.
Do'stlaringiz bilan baham: |