Turkm dili-7 2017. indd


Download 438.92 Kb.
bet55/100
Sana17.06.2023
Hajmi438.92 Kb.
#1527825
1   ...   51   52   53   54   55   56   57   58   ...   100
Bog'liq
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)

nji gönükme. Hakyndalyk doldurgyçlaryny we öw- renilen beýleki doldurgyçlary tapyň. Olaryň nähili many aňladýandygyny düşündiriň.

Hindi alymy Çandpury türkmen şahyry Muhammet Baýram hanyň sejeresi barada gymmatly maglumatlar berýär.
Harby serkerde hem şahyr bolan Baýram hanyň di- wanyny ilkinji bolup tapan we çapa taýýarlan iňlis alymy Denison Roos ol hakynda guwanç bilen ýazýar.
Tanymal döwlet işgäriniň – Baýram hanyň Hindistanyň taryhyndaky hyzmatlary barasynda ol ýurduň görnükli hö- kümet işgäri Jawaharlal Neru hem gyzykly pikirleri öňe sürýär. (Gazetden).

  1. nji gönükme. Içinde hakyndalyk doldurgyçlaryny geti- rip, özüňizden bäş sany sözlem düzüň.



§ 30. ÇYKYŞ DOLDURGYJY


▲ Çykyş doldurgyjy kimden?, nämeden?, nire- den?, näçeden? diýen soraglara jogap bolup, köplenç gymyldynyň başlanan nokadyny, bir zadyň alnan ýerini, onuň nämeden edilendigini we şuňa meňzeşleri görkezip biler. Çykyş doldurgyjy çykyş düşümdäki sözlerden bolýar.


Meselem:
Diýar bilen Şalar teatrdan çykdy. Pagtanyň çigidinden ýag alynýar. Sagat ikide biz mekdepden gaýdýarys.
Keminäniň Enejan diýen agtygyndan Ogulsapar atly bir gyz bolup, ondan hem iki gyz we dört ogul önüpdir.

  1. njy gönükme. Göçüriň. Aşakdaky nakyllardan çykyş doldurgyçlaryny tapyň we aşagyny çyzyň.

Ýagyşdan gaçyp, damja uçradym.
Yhlas bilen aglasaň sokur gözden ýaş çykar. Ýykylan göreşden doýmaz.
Ýylan çakan kendirden gorkar. Serçeden gorkan dary ekmez.



  1. njy gönükme. Bölekleri okaň. Çykyş doldurgyçlaryny tapyp, olaryň baglanýan sözleriniň manylaryny anyklaşdyryşyny düşündiriň.

1. … Oglanlaryň her haýsy ýagşyň degmedik böwürräk ýerlerinden, topbak agaçlaryň aşagyndan ep- esli tutaşdyrlyk ýygnady. 2. Pagtaly donlardan, ýüň çäkmenlerden, gaba telpeklerden bug göterlip başlady. (S.Annasähedow «Göroglynyň gözleginde»). 3. Saňa aşyk ýaly ýagşylyk edip, köşek ýaly minnet etjek kişilerden her- giz zat dilemegin. (A.Bugaýew «Köňül gözgüsi»). 4. Alla- dan goňşyň iki sygyrly bolanyny dile, senem bir sygyrly bolarsyň. (Nakyl).

  1. Bu garagol jahyllykdan giderin. Ol hasaly gojalykdan giderin.

(G. Ezizow).

  1. Gümandan ägä boluň. Ol ýalan gepden ybaratdyr.

(Hadys).

  1. Ogry ärden, bir dogry it ýagşydyr. (Magtymguly).





  1. Download 438.92 Kb.

    Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   51   52   53   54   55   56   57   58   ...   100




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling