Turkm dili-7 2017. indd


Download 438.92 Kb.
bet51/100
Sana17.06.2023
Hajmi438.92 Kb.
#1527825
1   ...   47   48   49   50   51   52   53   54   ...   100
Bog'liq
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)

njy gönükme. Çeper eserlerden orun doldurgyjy bar bolan üç sözlem tapyp, depderiňize göçüriň we doldurgyçlaryň aşagyny çyzyň.




  1. nji gönükme. Göçüriň. Ýaýyň içindäki soraglardan peýdalanyp galdyrylan sözleri tapyň we orun doldurgyçlarynyň aşagyny çyzyň.

  1. Biz … (nirede?) iňlis dilini öwrenýäris.

  2. Biziň … (nirede?) sporta üns berilýär.

  3. Şahyryň … (nämede?) halk agzybirligi wasp edilýär.

  4. Stoluň … (nirede?) kitaplar üýşüp dur.

  5. Ogulbagt, … (kimde?) şunuň ýaly kitap barmy?

  6. Ol meniň … (nirede?) oturdy.



§ 27. ÝÖNELIŞ DOLDURGYJY


▲ Ýöneliş doldurgyjy kime?, nämä?, nirä? diýen so- raglara jogap bolup, sözlemde aňladylýan pikiriň, gymyl- dynyň nirä ýönelendigini, kime, nämä gönükdirlendigini görkezýär. Ýöneliş doldurgyjy ýöneliş düşümdäki sözler- den bolýar.
Meselem:
Okuwçylar gyş dynç alyşda Hywa (nirä?) gitdiler. Çykan netijäni üçe (näçä?) köpeldiň. Göreldeii okuwçylara (kime?) sylag haty tabşyryldy.
Aňryk, bärik, ilerik, gaýrak, aşak, ýokaryk ýaly ta- rap görkezýän sözler şol duruşlaryna ugur görkezip bilýändikleri üçin, ýöneliş doldurgyjy bolýarlar.
Meselem:
Artyk şol wagt daşaryk (nirä?) çykyp, atyny eýerlemäge durupdy. Olar ýokaryk (nirä?) gitdi. Otly ilerik (nirä?) ug- rady.
Tarap, ýan, gapdal, taý sözleri ýöneliş düşümde gelen- lerinde, özlerini aýyklaýan sözler bilen birlikde ýöneliş doldurgyjy bolýarlar.
Meselem:
Ýol günbatar tarapa (nirä?) uzaýar. Sen bu taýa (nirä?) näme maksat bilen geldiň.
Ýöneliş doldurgyjy bir zadyň näçä köpeldilendigini ýa bölünendigini, bir zadyň san taýdan bahasyny hem aňladyp biler.
Meselem:
Tejribe geçirilen meýdany bäşe (näçä?) böldüler.

  1. nji gönükme. Nakyllary göçüriň. Ýöneliş doldurgy- çlary we olaryň aýyklaýan sözlerini görkeziň.

  1. Bişerine howlukmaz, düşerine howlugar.

  2. Ýatana ýylan hem degmez .

  3. Ýatan öküze iým ýok.

  4. Ýatmak ölä ýagşy.

  5. Donuny aýan toýa ýeter, aşyny aýan aşa ýeter.

  6. Ýigide müň dürli hünär hem azdyr.

  7. Itiň gargyşy gurda ýokmaz.

  8. Toýa garramak ýok.

  9. Aja arpa çörek halwadan süýji.

  10. Eşiden görene habar berer.





  1. Download 438.92 Kb.

    Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   47   48   49   50   51   52   53   54   ...   100




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling