Turkm dili-7 2017. indd


Download 438.92 Kb.
bet53/100
Sana17.06.2023
Hajmi438.92 Kb.
#1527825
1   ...   49   50   51   52   53   54   55   56   ...   100
Bog'liq
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)

§ 28. ÝEŇIŞ DOLDURGYJY


▲ Ýeňiş doldurgyjy kimi?, nämäni?, niräni?, näçäni? diýen soraglara jogap bolup, gymyldynyň haýsy zada geçýändigini, haýsy zada täsir edýändigini görkezýär we ýeňiş düşümdäki sözlerden bolýar.


Meselem:
Men şu kitaby (nämäni?) mekdebiň kitaphanasyndan aldym. Şalar Diýary (kimi?) köpden bäri tanaýar. Ellini (näçäni?) deň ikä bölüň. Men obamy (niräni?) ýürekden halaýaryn.
Eger gymyldynyň haýsy zada geçýändigini görkezýän söz näbelli zadyň içinden belli birini görkezmän, olaryň birini umumy ýagdaýda aňladýan bolsa, şol söz köplenç baglanýan işliginiň öň ýanynda ýeňiş düşümiň goşulmasyz şekilinde hem gelip biler.
Meselem:

  1. Men «Kowusnama» diýen kitaby (nämäni?) okadym.

  2. Men kitab (näme?) okadym. 3. Toýlymyrat ejesine şu güli (nämäni?) gowşurdy. 4. Toýlymyrat ejesine gül (näme?) gowşurdy.

Birinji we üçünji sözlemlerde ýeňiş doldurgyjy bolup
gelen söz anyk bir zady, ikinji we dördünji sözlemlerde bolsa umumylygy aňladyp geldi.

  1. nji gönükme. Göçüriň. Nakyllardan ýeňiş doldurgyjyny tapyň we olaryň aşagyny çyzyň.

Bu günki işiňi ertä goýma. Öz gadyryny bilmedik, iliň gadyryny nä bilsin. Bilen bilenin işlär, bilmedik bar- magyny dişlär. Ýigidi dostundan tana. Duşmany gaçyryp kowma. Kör hasasyny bir aldyrar. Oýunçy utulanyny bilse ýagşy. Jepasyny çeken wepasyny görer. Ýoldaşyň it bolsa taýagyňy berk tut. Yzlan Käbäni tapar.

  1. nji gönükme. Okaň. Aşakdaky goşgudan orun, ýeňiş, ýöneliş doldurgyçlary tapyň.

Adam we ýagşy niýet


Awçy dostum, atma ýaşylbaşlary, Açgöz bolmak adamzada ýaraşmaz. Matama batyrma saýrak guşlary, Ölüm düşse, saýrak guşlar saýramaz.
Belki, seň atjagyň eziz enedir, Çagalary garaşýandyr çöllerde. Enä zulum etmek külli günädir,
Goý, gelin ýaşylbaş ýüzsin köllerde.
Awçy dostum, atma ýaşylbaşlary, Gan düşmesin mawy kölüň ýüzüne. Ganatly döräpdir dünýäň guşlary Uçup seýl etmäge dünýäň ýüzüne.
Ganatly döräniň gyrma ganatyn, Ýaşabilmez guş ganatdan aýrylsa. Bilýär olar adamzadyň gudratyn, Ýaşabilmez adamzatdan aýrylsa.
Awçy, dostum, taşla elden goşany, Tomaşa et balyjaklaň oýnuna.
Ýagşy niýet – ýaşyl başlaň ýaşany, Ýaman niýet – nadanlaryň boýnuna.
Ürküzme wepaly eziz guşlary,
Seni dosty saýýar, gitmän daşyňdan. Awçy, dostum, atma ýaşylbaşlary, Atsaň-da gör, aýlanyp dur daşyňdan.
(G. Seýitliýew).




  1. Download 438.92 Kb.

    Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   49   50   51   52   53   54   55   56   ...   100




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling