nji gönükme. Göçüriň. Sebäp hem maksat dol- durgyçlaryny tapyň, Olaryň aňladýan manylaryny aýdyň. Doldurgyçlaryň aşagyny çyzyň.
Ýaşaýyş üçin iň möhüm iýmit maddalarynyň biri beloklardyr, çünki her bir janly öýjük hem-de orga- nizm üçin iň gymmatly iýmit bolup hyzmat edýän belok- lar – etiň, balygyň, süýdüň, ýumurtganyň we kartoşkanyň beloklarydyr. Tebigy iýmit bolan süýdüň düzümin- de ýaş organizmiň myşsalarynyň, süňkleriniň we nerw dokumalarynyň ösmegi we ganyň emele gelmegi üçin ze- rur bolan zatlaryň hemmesi bardyr. («Öý-hojalyk işleri»).
Mugallymy syla, hormatla! Mugallym ömrüniň bütin dowamynda seniň dostuň we ýoldaşyň bolmaga çalyşýar. (W.A.Suhomlinskiý).
Topraga taşlanan her bir tohumyň müň bolmagy ug- runda göreşmeli. (Žurnaldan).
nji gönükme. Sebäp hem maksat doldurgyçlaryny, olaryň baglanýan sözlerini tapyň. Aňladýan manylaryny düşündiriň.
Watan üçin çykdym gyr at üstüne,
Tä janym çykýança dönmenem begler! (Seýdi).
Söweş üçin gideý ganym üstüne, Döwdüleşip, munda geldi goçaklar. (Seýdi).
Arkasy kädili bir gyz olaryň ýele ýanlaryndan suw almaga geldi. (B.Kerbabaýew «Aýgytly ädim»).
Gan ýer-suw sebäpli dökülipdir. (A.Gowşudow
«Syrylan bulut»).
Biziň üçin okamagyň hiç kynçylygy ýok.
Men kitap almak üçin dükana gitdim.
Biz gurply hem satlykly durmuş gurmak ugrunda bar güýjümiz bilen işleýäris. (Žurnaldan).
Ynsan öz bagty üçin göreşmelidir.
Ol çölüň içinde suwsuzlyk zerarly heläk bolupdyr.
nji gönükme. Arassaçylyk üçin, agzybirlik ugrynda söz düzümlerinden peýdalanyp, özüňlzden iki sany sözlem düzüň.
Do'stlaringiz bilan baham: |