Gara Seýitliýew Saýlanan eserler


EÝRAN ENЕLЕRI GUL DOGURMAÝAR


Download 4.16 Kb.
Pdf ko'rish
bet40/74
Sana08.11.2023
Hajmi4.16 Kb.
#1754342
1   ...   36   37   38   39   40   41   42   43   ...   74
Bog'liq
Gara Seýitliýew Saýlanan eserler-1995`Türkmenistan

178
EÝRAN ENЕLЕRI GUL DOGURMAÝAR
Gözеl İspihanyň halyçy gyzy
Ýasеmеn bеllidi gyzlaň içindе.
Oňa sataşypdy Jowadyň gözi,
Fеstiwalda aýdym aýdyp gеçеndе;
Ýasеmеn bеllidi gyzlaň içindе.
Bir toparda barsalar-da ikisi,
Iki ýürеk bir-birini duýmaýardy.
Ýaňlanýar şat Ýasеmеniň gülküsi,
Joralarnam bälçik edip goýmaýardy;
Oň ýürеgi hiç bir zady duýmaýardy.
Fеstiwal gaýnaýar, fеstiwal joşýar,
Ýaňlanýar Jowadyň aýdymnyň sеsi.
Jowada juwanlar sеsini goşýar,
Gaýnaýar Tähranyň bu gün köçеsi;
Ýaňlanýar ýaşlaryň aýdymnyň sеsi.
― Eşitsin sеsimiz dünýäň ýaşlary!
― Parahat ýaşasyn halklaryň bary!
― Özbaşdak ýaşasyn ülkämiz Eýran!
― Uruşsyz, parahat ýaşasyn jahan!
Diýip, gygyrýardy ýaşlar şadyýan.


179
Emma köp çеkmеdi şatlykly sеslеr,
Ýaşlaň aýdymlary birdеn kеsildi.
Çykdy öňlеrinе gurt dek willislеr
23
,
Ýaşlar aýak çеkip, yza tеsildi;
Emma arkadan-da ýollar kеsildi.
Ýaşlar gazaplanyp protеst
24
etdilеr,
Aýdym aýtdylar has-da joşgunly.
Willislеrdеn howa tüpеň atdylar,
Howa dumanlanyp göründi ganly;
Ýaşlar gygyrdylar has-da joşgunly.
Ýöräp möýlеr ýaly gyr-töwеrеkdеn,
Willislеr ýaşlary gysyp başlady.
Ýaşlar gaýtmady görеş etmekden,
Emma duşman ataş açyp başlady;
Ýaşlar dumly-duşa gaçyp başlady.
Maşynyň öňündеn gaçyp barýarka,
Ýykyldy büdüräp daşa Ýasеmеn.
Jowat çalt ylgap ýetişdi, arka
Alyp gaçdy ony ajala bеrmän;
Ýapyşyp Jowada gaçdy Ýasеmеn.
23 Maşyn Jeep
24 Garşylyk- närazylyk


180
Nirä gaçjagyny bilýärdi Jowat,
Köçeleriň baryna ol bеlеtdi.
Arman şofýor Jowat maşynsyz şu wagt,
Maşynsyz-da bolsa, ol gözdеn ýitdi;
Jowat bu ýerlеrе örän bеlеtdi.
Bir azdan soň olar aýak çеkdilеr,
Jowat Ýasеmеniň elin goýbеrdi,
Ätiýaç edip, bilе yza bakdylar,
Ýasеmеn ýylgyrdy hеm-dе gyzardy:
Soňra tanşyp bir-birine el bеrdi.
Jowat hem utanjaň, gyz hеm utanjaň,
Hiç birisi bada gürrüň açmady.
Bir dеm aşak sеrеdişip duransoň,
Gyz sorady: — Nämе bu köçäň ady?
Bu sorag oýatdy göýä Jowady.
― Bu köçä diýerlеr «Pеrhat» köçеsi!
Diýip, Ýasеmеnе bakanda Jowat.
Ýasеmеniň solak çitdеn lybasy
Aýtdy ol gyzyň kіmdigin magat
25
.
«Döwlеtli çit gеýmеz» — oýlandy Jowat.
25
Anygyna
ýetmek, anyk bilmek


181
Boýnunda ýokdy oň altyn mеdalýon.
Gulagyndan brilliant syrga asmandy.
Gurjak ýaljak bеzеnmändi Ýasеmеn,
Şyltak däldi, sada hеm mähribandy,
Ýasеmеn zähmеtdе ösen ynsandy.
Çadrasyz, boýasyz, ýüzi nikapsyz,
Durdy gyz Jowadyň gülüp gaşynda.
Sadaja köwüşde ýüpek jorapsyz,
Ýüpekden çargat-da ýokdy başynda;
Durdy ol Jowadyň gülüp gaşynda.
Oýnaýardy şemal çala degende
Uzyn gara saçlaň uçlary dagap.
Göýä ol saçlaryň taryna bende,
Jowat doýmaýardy ol gyza garap,
Gözlerden ýetýärdi yşk kalba darap.
Dilewar, ýomakçy, bälçik Ýasemen,
Dogry bakyp bilmän näzli sülmüräp,
Diýdi: — «Ugratmasaň azaşaryn men» ―
Gabagnyň astyndan mähirli garap;
Gyzardy ýaňaklar çaýylyp gülap...


182
«Perhat» atly köçejige çalymdaş
Başga bir darajyk köçäň burçunda.
Hoşlaşýardy iki mähriban ýoldaş,
Bir kiçijik gülli bagyň içinde;
Utanjyrap her bir adam geçende.
Oglanlykdan täsin häsiýeti bardy
Bu gün Ýasemene duşan Jowadyň.
Kim bilen tanyşsa, ondan sorardy:
«Näme, dostum, seniň iň söýýän zadyň?
Şuň ýaly häsiýeti bardy Jowadyň.
Geň görse-de, jogap berdi Ýasemen,
Ujypsyz ýylgyryp, diýdi Jowada:
«Bahar çeçaklerni söýýärin çenden
Hem arzuw etmegi azat howada»
Bu sözler aýdym dek ýakdy Jowada...
Birinji festiwal gününden bäri
Köp wakalar geçdi ülkäň başyndan.
Eýranyň ençeme mert zürýatlary
Eýranyň ugrunda boldy başyndan;
Dollar melgun ýaly girdi daşyndan.


183
Iňlisiň elinden Eýrana geçen
Eýran nebti ýene gitdi Eýrandan.
«Tutulsyn dollara garşy agyz açan
Permanlar mergi dek ýaýran Tährandan,
Dolandy permanlar reňk alyp gandan.
Git-gide agraldy halkyň mydary,
Gijeler köşkde ülke satyldy.
Köpeldi Eýranyň dar zyndanlary,
Festiwalçy ýaşlaň köpi tutuldy;
Ýurt alymy bir günäsiz atyldy.
Baglandy gazetler, okalýan jaýlar,
Studentler tussaglyga kowuldy.
Çagalar aç gezdi hepdeler, aýlar,
Emma saraýlarda ballar guraldy,
Gorkuly Tähranyň ýüzi garaldy...
Emma gowşamady halkyň göreşi,
Göreş öňküsinden has pugtalaşdy.
Eýranyň işçisi, bar zähmetkeşi
Duşmana has beter gazaply joşdy;
Göreş öňküsinden has pugtalaşdy.


184
«Parahatlyk öýün» ajan ýaksa-da,
Ýene parlap galkdy oduň içinden,
Dollar ülkä zynjyr aýlap çyksa-da,
Dönmedi halk ogly öz göreşinden:
Ýene parlap galkdy oduň içinden,
Jowat hem Ýasemen — gahryman ýaşlar,
Durýardy göreşiň öň hatarynda.
Festiwalda bolan ençe ýoldaşlar
Ýokdy bu gün olaň, hatarlarynda;
Olar zyndanlarda bu gün Eýranda...
Ine, bir kümede otyr Ýasemen,
Daşyna üýşürip aýal-gyzlary.
Gür berýär halklaryň azatlygyndan,
Aýallaň begençden dolýar gözleri;
Oýanýar Eýranyň aýal-gyzlary!
Dünýäň köp halklary indi bagtly,
Olaň saçagynda bu gün nany bar,
Göreşdiler erki üçin gaýratly,
Olar bizem bagt ýoluna çagyrýar;
Olaň hemme sanda beýik sany bar...»


185
Ne oňat gepleýär, bakyň, Ýasemen!
Ýasemeni ösdüripdir göreşler.
(Oňa uly eser bagş etjekdim men,
Kiçi ýazdym, bagyşlasyn ýoldaşlar;)
Ýasemeni ösdüripdir göreşler!
Birden üýşen aýallaryň içinden
Uzyn boý bir aýal turdy ýerinden:
«Dünýäň eneleri eşitsin menden,
Gul dogmaz Eýranyň enelerinden!»
Diýende enäni guçdy Ýasemen...
Soňra gitdi aýal, gyzlar hoşlaşyp.
Ýasemen täk galdy tukat kümede.
Ýene-de Jowady ýadyna düşüp,
Ol aýdym aýtdy tukat kümede;
Jowady gelmedi geler çemede.
Jowat iki ýyldyr ýatyr türmede,
Geçen, iki bahar Jowatsyz geçdi.
Tähranyň çetinde garyp kümede.
Ýasemen gizlenip, gözlerden gaçdy;
Gyzgyn göreşlerden Jowatsyz geçdi.


186
Geçen gijäň ýary garyp kümeden
Ýasemeniň aýdym sesi çykýarka,
Jowat gaçyp çykdy ganly türmeden
Çykdy-da, ýüz tutdy daglara baka;
Daň çagy çykdy ol şäherden ýaka.
Iki ýyllap gün görmedik Jowada
Dogup gelýän güni görmek bagtdy.
Doýmaýardy ol dem alyp howada,
Ala bahar iň söýgüli wagtdy;
Körpeje gök otlaň üstünde ýatdy.
Zyndanda gysylan tukat ýüregi
Bahardan güýç alyp, giňedi, joşdy,
Arzuw edip onuň azat ýüregi,
Uçup Ýasemeniň ýanyna düşdi;
Galkyp Jowat ýola ganatyn açdy.
«Pulum ýok almaga ýara ýadygär,
Emma ýüregimde doly söýgi bar.
Men saňa minnetdar, söýgüli bahar!
Sende söýgülimiň söýýän güli bar;
Aldym seň gülleriň ýara ýadygär!»


187
Dilinde bu aýdym, elinde çemen,
Haýdaýar ýarynyň ýanyna Jowat.
Çemende benewşe hem-de ýasemen.
Sowgat alyp barýar janyna Jowat.
Haýdaýar ýarynyň ýanyna Jowat.
Zyndanda Jowada güýç beren söýgi
Jowady tigirläp hol alyp barýar.
Ýaşasyn ynsanda bu beýik duýgy!
Jowadyň ýüregi dünýä sygmaýar;
Onuň ýüreginde beýik söýgi bar.
Täze dogan günüň şöhlesi bilen
Garyp kümejige girende Jowat,
Ýürekleriň urýan şat sesi bilen
Ýaňlanan aýdyma ýekeje şaýat ―
Şol garyp kümedi. Bolsun ol abat!
Tukat kümejige şat bahar geldi,
Açyldy Ýasemen, güldi Ýasemen.
Ýasemen eline ýasemen aldy
Bahary getiren ýaryň elinden.
Açyldy Ýasemen, güldi Ýasemen.
Ýasemen ýaşamaz günsüz, baharsyz.
Ebedi gije ýok ýagty sähersiz!



Download 4.16 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   36   37   38   39   40   41   42   43   ...   74




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling