Hojamyrat Goçmyradow


Download 1.05 Mb.
Pdf ko'rish
bet28/112
Sana14.02.2023
Hajmi1.05 Mb.
#1198126
1   ...   24   25   26   27   28   29   30   31   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Serçe geldi “jyk” etdi, 
Uly agam ululyk etdi, 
Kiçi agam kiçilik etdi,
Ýeňňem gaçalak etdi, 
Gazandaky süýt dökülip gitdi. 
Şular ýaly sanawaçlar çagalar ýygnanyşyp otyrkalar aýdylýar. Mysaldaky 
“Garga geldi "gak" etdi”, “Serçe geldi “jyk” etdi” diýen setirler aýdylanda, 
ýanyndaky oturanlaryň gulagyna “gak”, “jyk” sözleri gatrak aýdylýar. Gulagyna 
bu sözler gatrak aýdylan oglan tisginip gidýär welin, beýleki oturanlar 
gülüşýär. 
Çagalar sanawaçlarynyň “Öweleme-döweleme”, “Ekem- öwem” ýaly 
käbir görnüşleri-de oturyp oýnalanda, çagalar tegelenip, aýaklaryny orta uzadyp 
oturýarlar. Olaryň arasyndan biri sanawajy aýdyp başlaýar. Sanawajyň her setiri 
aýdylanda, orta uzadylan aýaklaryň, haýsy-da bolsa birine çalaja kakylýar. 
Şeýlelikde, kimiň aýagyna gezek gelende, sanawajyň soňky setiri aýdylsa, şol 
oglan aýagyny çekip, oýundan çykýar: 
 
 
Ekem-öwem, 
Arpa çekem, 
Ýola bakam, 
Gözüm dikem, 
Gyzyl towuk, 
Gyrma towuk, 
Jyňňyrdawuk, 
Çek aýak.
(“Ekem-öwem”) 
Bu toparda sanawaçlar aýdylanda, kim yza galsa, oýunda onuň utuldygy 
bolýar. 


41 
Oýun sanawaçlarynyň bu görnüşleri çalt aýdylýar hem-de birnäçe gezek 
gaýtalanýar. 
Çagalar 
sanawaçlarynyň 
ikinji 
topary 
dürli 
oýunlar 
bilen 
baglanyşdyrylýar. “Ýaranym-a ýaranym”, “Bagym-bagym”,”Aýterek-Günterek” 
ýaly sanawaçlar gysgajyk oýun sanawaçlaryna ýa-da gepleşiklerine meňzeşdir. 
Bu sanawaçlar oýnalanda, ýetginjekler iki topara bölünýär. Bir topardan 
ýetginjekleriň haýsam bolsa biri ýa-da köpçülik bolnup oýun sanawajy sanaýar. 
Garşylykly topar hem jogap berýär: 
Bagym-bagym

Download 1.05 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   24   25   26   27   28   29   30   31   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling