Hojamyrat Goçmyradow


Download 1.05 Mb.
Pdf ko'rish
bet31/112
Sana14.02.2023
Hajmi1.05 Mb.
#1198126
1   ...   27   28   29   30   31   32   33   34   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Çapak – çapak elleri
Agyrmasyň gollary, 
Agyrsa-da agyrsyn, 
Güýçli bolsun billeri. 
Ýa-da 
Çapak – çapak elleri, 
Agyrmasyn gollary, 
Daýysynyň toýunda, 
Çelpek ýaýsyn elleri. 
Bu sanawaçda oglanjygyň berk bedenli, gyzjagazyň hem eli işli bolmagy 
arzuw edilýär. 
Sanawaçlaryň käbiri tebigat hadysalary, asman jisimleri, planetalar bilen 
baglanyşdyrylyp, çagalara olar hakda belli bir derejede ýönekeýje düşünje 
berilýär. 
Günüň bulutdan çykmagyna şatlanylyp: 
Gün çykdy, 
Gülälek çykdy, 
Harman başyna, 
Jäjek çykdy – 
diýilip sanawaç düzülen bolsa, ýazyň gelmegi bilen: 
Ýagyş ýagara geldi, 
Saman suwara geldi
Gyzlar oýnara geldi, 
Heýjan elek-jan elek 
Gyş gutaryp ýaz geldi – 
diýlip tebigat gözelligi başgaçarak suratlandyrylýar. 


44 
Ýedigenler barada,suwa düşülensoň ýa-da kömelek gözlenilende 
özbaşdak aýdylýan sanawaçlar hem bar. 
Ýedigenler hakyndaky sanawaç: 
Ak at, boz at-iki ýyldyz, 
Demirgazyk-ýeke ýyldyz, 
Ýedigenim-ýedi ýyldyz, 
Ýedi göçer, ýedi gonar, 
Sanasaň sogaby bar. 
Kömelek gözlenilende, aýdylýan sanawaç: 
Höwür-höwür, kömelek
Höwüriň mende, kömelek, 
Tapyl sen-de, kömelek. 
Suwa düşülensoň,aýdylýan sanawaç: 
Ak kebelek
Gök kebelek, 
Gulagymyň suwyny- 
Sor kebelek! 
Özbaşdak aýdylýan bu sanawaçlar özboluşlylygy bilen 
tapawutlanyp,çagalarda tebigata,asman giňişligine bolan söýgüni 
terbiýelemekde, olaryň fiziki taýdan sagdyn ösmegindäki ähmiýeti uludyr.
Çagalar sanawaçlarynyň köp bölegi haýwanlaryň, guşlaryň hereketleri bilen 
baglanyşdyrylýar.
Pyşdyl hakyndaky sanawaç:

Download 1.05 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   27   28   29   30   31   32   33   34   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling