Hojamyrat Goçmyradow


Download 1.05 Mb.
Pdf ko'rish
bet33/112
Sana14.02.2023
Hajmi1.05 Mb.
#1198126
1   ...   29   30   31   32   33   34   35   36   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Ýaňyltmaçlar 
Ýaňyltmaçlar – halk döredijiliginiň şahyrana toparynyň žanrlarynyň biri. 
Onuň özüne mahsus bolan çalt aýdylmaklyk ýaly aýratynlygy bar. 
Ýaňyltmaçlaryň dili “ýençmekdäki” ähmiýeti uly. Ýaňyltmaçlar halk 
döredijiliginiň şahyrana žanry bolan sanawaçlara ýakyndyr. Ýöne ýaňyltmaçlar 
düzülişiniň çylşyrymlylygy hem-de çalt aýdylmagy bilen sanawaçlardan 
tapawutlanýar. 
Ýaňyltmaçlar çalasyn aýtmasy kyn we uzyn düzülen bir ýa köp 
sözlemden ybarat. Olary düzmekde k, p, t, ç ýaly dymyk sesler öwran-öwran 
ulanylýar. Ýaňyltmaçlar köplenç dilewar adamlar tarapyndan döredilýär we 
çagalar hem ýerine ýetirýär. Ýaňyltmaçlaryň ady “ýalňyşmak” işliginden gelip 
çykypdyr. Ýurduň käbir obalarynda “ýaňyltmaç” diýen sözüň deregine 
“ýalňyşdyrma” diýlip hem ulanylýar 


46 
Ýaňyltmaçlar esasan iki maksat: birinjiden, dili “ýençdirip”, dürs 
geplemegi öwretmek; ikinjiden, ýaňyltmajy aýdýan adam sözi ýalnyş aýdaýsa 
ya-da sözlemleri bulaşdyraýsa, gülki-ýumor döretmek üçin ulanylýar. 
Ýaňyltmaçlar düzülende, sözleriň aýdylmasyny kynlaşdyrýan, sözlem 
içinde köp gaýtalanyp gelýän seslerden ybarat bolan sözler ulanylýar. Olaryň 
aýdylmasy kyn bolan sözler toplumyndan düzülmeginiň maksady hem uly 
bolmadyk teksti ýalňyşsyz, çalt aýtmak netijesinde, diliňi arassa, dogry 
geplemäge türgenleşdirmekdir. Olar dili “ýenjip”, agyr sözleriñ aýdylyşyny 
ýeñletmek manysynda-da ulanylýar. 
Ýaňyltmaçlar halk döredijiliginiň beýleki žanrlary ýaly, kän 
döredilmändir, halk arasyna-da giň ýaýramandyr. Emma diliň “ýenjilmeginde”, 
owadan hem dogry geplemäge türgenleşdirmekde ýaňyltmaçlaryň hyzmaty uly. 
Her ýaňyltmajy gaýtalaýan çaga tekstde gelýän sözleri diňleýjiler eşider we 
doly düşüner ýaly edip, yzly-yzyna birnäçe gezek gaýtalaýar. Tekstde gelýän 
sözler ýa-da sesler ýalňyş aýdylaýsa, olaryň orny üýtgediläýse, ýaňyltmajyň 
teksti öňki aňladýan manysyny ýitirýär. Şonuň üçin ýalňyşlyk bolmaz ýaly, 
ýaňyltmajy aýdýan çaga her bir sözi, sözlemi pert-pert, düşnükli aýtmaga 
çalyşýar. 
Ýaňyltmajy dogry we düşnükli aýtmagy başarmak netijesinde, çaganyñ 
dili arassa hem düşnükli geplemäge türgenleşýär.Şeýlelikde, 
çaganyň sözleýiş ukyby kämilleşýär,eşidiş ukyby-da ýokarlanýar: 

Download 1.05 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   29   30   31   32   33   34   35   36   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling