Hojamyrat Goçmyradow


Download 1.05 Mb.
Pdf ko'rish
bet32/112
Sana14.02.2023
Hajmi1.05 Mb.
#1198126
1   ...   28   29   30   31   32   33   34   35   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Pyşdyl, pyşdyl pyşbaga, 
Pyşdyllap çykar daga, 
Iň ulusy Baýrammyrat, 
Gider ol oýnamaga. 
Garga hakyndaky sanawaç: 
Gak, gak gargajyk, 
Hany maňa çörejik, 
Çörejigiň içi ýok, 
Kel gyrnagyň saçy ýok. 
Jikjiki hakyndaky sanawaç:
Jikjiki – hä, jikjiki, 
Ýüwrüp çykdy ýandaga
Aýagyna tiken urdy, 
Oturdy aglamaga. 


45 
Dürli haýwanlar hem guşlar, olaryň hereketleri hakyndaky sanawaçlar 
çagalaryň tebigat dünýäsine bolan söýgüsini ösdürýär. 
Sanawaçlarda satira we ýumor elementleri-de aňladylýar. Ýöne olar 
çagalaryň tebigatyna laýyklykda (kel ýa-da şypar sary, gaharjaň we ş.m.) birek-
biregiň göwnüne degmez ýaly ýumşak häsiýetde düzülýär: 
Kelim-kelim kelmenek, 
Kelläňe derman gerek, 
Ol-it tezegi bilen ysmanak. 
Sanawaçlarda sözleriň sazlaşykly kapyýalaşmagy olaryň esasy 
aýratynlygydyr.Başda gelýän iki, dört ýa-da alty setir biri-biri bilen 
kapyýaşýar.Emma şol setirlerden soň kapyýalaşma berk saklanmaýar. 
Çagalar sanawaçlarynyň belli bir bogun ölçegi ýok. Olar dürli bogun 
ölçeginde döredilýär. 
Sanawaçlar 
çagalaryň, 
ýetginjekleriň 
dilini 
baylaşdyrmakdaky, 
düşünjelerini giňeltmekdäki hyzmaty uly. Çagalaryň aňynyň täze düşünjeler, 
täze sözler bilen baýlaşmagyna hemaýat berýär. Yat tutmak ukybyny ösdürýär. 
Cagalar kämillige ýetýänçä sanawaçlar bilen tanşyp, beden hem aň taýdan barha 
taplanýar. 
Sanawaçlaryň türkmen folkloryndaky orny göz öňünde tutulyp, bu barada 
(A. Durdyýewa. Türkmen folklorynda sanawaçlar we ýaňyltmaçlar žanrlarynyň 
aýratynlyklary. – Aşgabat, 1985ý.) ýörite ylmy iş çap edildi. 
Ýürt Garaşsyz bolansoň, halk döredijiliginiň beýleki žanrlary bilen 
birlikde, sanawaçlaryň ulanylyşyna-da uly üns berilýär, folklor toparlarynda
ýerine ýetirilýär. 

Download 1.05 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   28   29   30   31   32   33   34   35   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling