Hojamyrat Goçmyradow


Download 1.05 Mb.
Pdf ko'rish
bet40/112
Sana14.02.2023
Hajmi1.05 Mb.
#1198126
1   ...   36   37   38   39   40   41   42   43   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Oturan ýeriň oýuldy, 
Gezen ýeriň gädildi, 


54 
Gelmedige meňzediň, 
Dogmadyga ogşadyň, 
Balalaryň aglasa, 
Akar çeşmäm sil bolar, 
Dulda gyzyň bozlasa
Içim-bagrym ot alar, 
Heý-waý, eý, eh-eh-eh! 
Maşgalanyň bar guwanjy ýeke çagasy aradan çykanda, agylarda sanalýan 
setirler has-da ýürek gyýyjy: 
Ogulsyz ýurdy, 
Gury akan çaýa meňzär, 
Deň-duşlaryň içinde, 
Sowulan toýa neňzär-ow, 
Diken öýi diregsiz, 
Münen aty süýregsiz, 
Atýatagy gazyksyz, 
Ýola gitse azyksyz, 
Ýurtlary oýulan,
Eý-waý, dünýäm garaňky, 
Gan aglatdyň yzyňda e-eý… wah!
Agylaryň maşgalaly adama ýa-da maşgalasyz adama degişlidigi olaryň 
mazmunyndan duýulýar. Maşgalaly adama degişli agy setirlerinde öleniň 
maşgalada tutan orny görünýär.
Maşgalanyň şol ýitgiden soňky ykbalynyň aladalary beýanyny tapýar. 
Erkek adamlar hakynda sanalýan agy bentlerinde ýogalan adamyň 
köplenç dirilikdäki bitiren işleri has ulaldylyp, gylyk- häsiýetleri has timarlanyp 
görkezilýär.Bentlerde ulaltma, meňzetme we deňeşdirme ýaly çeperçilik 
serişdeleri ulanylýar: 
Münen aty dag towsan, 
Geýen dony gül öwsen, 
Ýumrygy ganlar döken, 
Bilegi biller büken,
Içi doly umytly, 
Göwni uzak niýetli, 
Umydyndan üzüldi
Niýetinden kesildi. 
Dogana degişli aýdylýan agylaryň käbirinde, ýaşlykda başyndan geçiren 
wakalary, maşgaladaky ýaşlygy bilen baglanyşykly ýagdaýlar beýan edilýär: 


55 
Dar goýunda ýatyşanym

Download 1.05 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   36   37   38   39   40   41   42   43   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling