Hojamyrat Goçmyradow


“Görogly”eposynda obrazlar ulgamy


Download 1.05 Mb.
Pdf ko'rish
bet85/112
Sana14.02.2023
Hajmi1.05 Mb.
#1198126
1   ...   81   82   83   84   85   86   87   88   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

“Görogly”eposynda obrazlar ulgamy 
 
“Görogly” eposynda özleriniň gylyk-häsiýetleri, adamkärçilik sypatlary 
boýunça biri-birinden tapawutlanýan çeper obrazlaryň giden ulgamy bar. Su 
temada erkek adamlardan bolan gahrymanlaryň obrazlaryny häsiýetlendirmek 
maksat edinilýär. 
“Görogly” eposynda hereket edýän Jygalybeg öz häsiýeti, berýän asylly 
maksatlary boýunça tejribeli türkmen ýaşulusynyň obrazyny ýadyňa salýar. Ol 
pähimli, paýhasly, salykatly adamlaryň häsiýetlerini özünde jemleýär. 
Jygalybegiň özi eposyň diňe başynda gelýär, emma onuň roly eseriň 
hemme ýerinde duýulýar. Göroglynyň her bir hereketinde atasy Jygalybegiň 
obrazy görünýär. Şonuň üçin hem eposyň ähli şahalaryna-da Jygalybeg 
gatnaşýan ýaly, asylly maslahatlaryny berýän ýaly duýulýar. 
Jygalybeg Çandybil ýurdunyň häkimi. Ol Genjim,Mömin,Adybeg 
ogullaryny ösdürip ýetişdirýär. Ýaşy birçene baransoň, ol: “Meniň ogullarymyň 
içinde iň bir kemallysy şu-Adybegim. Gel, indi şuny öz ornumda goýaýyn”-
diýip, Adybegi ýurda soltan edýär. 
Hüňkär tarapyndan Jygalybegiň gözüniň oýulmagy,ortanjy ogly Möminiň 
öldürilmegi bu ýaşulyny birbada aljyraňňy ýagdaýa salýar. Jygalybeg agyr 
ýagdaýdan gutulmagyň ýeke-täk ýoly hökmünde ýaşajyk Röwşeni 
terbiýelemegiň ýollaryny agtarýar. “Indi başga alaç galmady, şu Röwşen 
oglumy ölmänkäm bir adam edip bilsem, maňa şol bolýar” diýip, ýaşajyk 
Göroglynyň sussuny pese düşürmezlige, ony watançy edip ýetişdirmeklige üns 
berýär. 
Jygalybeg ýaşajyk Görogla ok-ýaý ýasap berýär, at münmegi, at çapmagy, 
dost-duşmanyň kimdigini öwredýär. Jygalybeg atşynas, seýisçi. Görogla at 
ösdürip ýetişdirmegiň ýollaryny salgy berýär. Haçan-da, Göroglynyň taýy 
gaçyp gidende:”Sabyr et, taý hiç ýana gitmez”-diýip öwüt berýär. 
Eposyň başyndan halk öz gahrymanynyň gelip çykyşyny, onuň maşgala 
durmuşyny, alnyp barlan terbiýeçilik işini gysgajyk beýan edýär. Deň-duşlary 
bilen oýnan wagtynda, Göroglynyň çydamlylygy, gorkmazlygy hakynda gürrüň 
berilýär. 
Görogly agyr şertlerde, kyn ýagdaýlarda bişişýär, ösüp kemala gelýär. 
Jygalybegiň aladasy netijesinde halkyň wepaly ogly bolup ýetişýär. 


135 
Candybil halky Göroglyny ýakyn hossary hökmünde duşmana garşy 
göreşmekde özlerine serkerde edip saýlaýar. Halk bilen Göroglynyň arasynda 
ysnyşykly baglanysyk başlanýar. Göroglynyň obrazynda iň gowy häsiýetler 
jemlenýär. Ol serkerdelige saýlanylan soň ýanyna berlen kyrk atlysy bilen ýurt 
erkinligi, asudalygy, azatlygy ugrunda göreş alyp barýar. Keseki ýurduň üstüne 
sürünmeýär, öz ýurdyny goraýar. 
Görogynyň ilkinji söweşi özüni kemala getiren garry atasynyň aryny 
almak üçin Hüňkäriň garşysyna gönükdirilýär. Bu söweş Göroglynyň duşman 
garşysyna ilkinji çykyşydy. Sonuň üçin hem onuň görkezen gaýduwsyzlygy, 
uruş tilsimini ulanyşy, harby hünäri-bu saparky hereketinde aýdyň 
görünmeýär.Hüňkäre garşy göreş duşmanyň aw awlap ýören ogluny öldürmek 
we onuň ýanyndaky nökerlerini talamak bilen çäklenýär. 
Görogly Reýhan Arapdan ar alýan ýerinde (“Ar alyş” şahasy) ikinji gezek 
uly synagdan geçýär. Bu synag birinji synaga garanda, Göroglynyň mertlik, 
edermenlik we ugurtapyjylyk häsiýetini oňat görkezip bilýändigi bilen 
tapawutlanýar. 
Görogly Reýhan Arabyň üstüne ýöriş etmek bilen, ony öldürmegi maksat 
edinmeýär. Ol her kime öz eden etmişine görä gaýtawul bermek ýörelgesinden 
ugur alýar. Ýeňňesiniň ýerine Reýhan Arabyň gyzy Bibijany alyp gaýtmak bilen 
çäklenmeginiň düýp sebäbi-de şundadyr. 
Göroglyny çaknyşykda synap görmedik Reýhan Arap ony kowup 
tutmakçy bolýar we ele salmak üçin her hili mekirlige ýüz urýar. Emma 
Gögogly ätiýajy elden bermeýär. Mümkin boldugyça, gan dökmezlik üçin 
duşmanyň gepine görä gep gaýtaryp, “Hile hem bir batyrlykdyr ýerinde” diýen 
paýhas esasynda hereket edýär. Atasy Jygalybegiň öwreden akyl-paýhasyny iş 
ýüzünde peýdalanýar. 
“Duşman erjeldir, ol özünden ökde görmese ylalaşmaz” diýen many 
eposyň “Ar alyş” şahasynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Reýhan Arap hem 
aňsatlyk bilen Görogludan el üzmeýär. Halkyň öz gahrymanyny erjel edip 
görkezmeginiň, ony her hili adalatsyzlyga, kemsidilmä garşy barlyşyksyz adam 
edip ýetişdirmeginiň düýp sebäbi hem şundadyr. 
Görogly duşmanyna “Sary ýaýyň oky” bilen jogap bermegi saýlap alýar. 
Reýhan Arabyň kellesini pytratmak üçin çenelen ok Bibijanyň hatyrasy üçin 
onuň süýnüp gelýän atyna degýär. Reýhan Arap bäsdeşini ökde görup, pälinden 
gaýdýar. 
Göroglynyň gahrymançylykly hereketi Beýik Watançylyk urşunda 
türkmen ýigitlerine täsir etdi. Uruş döwründe mert gahrymanlar döredi. 
Mertlerçe wepat bolan Annagylyç Ataýewiň ýanyndan Görogludan: 

Download 1.05 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   81   82   83   84   85   86   87   88   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling