Hojamyrat Goçmyradow


Download 1.05 Mb.
Pdf ko'rish
bet86/112
Sana14.02.2023
Hajmi1.05 Mb.
#1198126
1   ...   82   83   84   85   86   87   88   89   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Goç ýigit meýdana girse, 
Bäşin ýykyp onun gözlär.- 
diýen setirleri tapylýar. 


136 
Görogly il-gününi, ýurduny goraýar. Duşmana garşy her hili howply 
ýagdaýdan çykalga tapýar. Ol harby tälimden baş çykarýar we söweşde “it 
urşy”(“al salma”) ýaly uruş tilsimatyny ulanyp ýeňiş gazanýar. Watançylyk, 
gahrymançylyk Göroglynyň baş häsiýeti bolup, eseriň ahyryna çenli beýanyny 
tapýar. 
Görogly ruhubelentligiň ýokary nusgasyny görkezýär. Ol her hili kyn 
pursatda-da, (Öweziň öýkeläp gitmegi, Gyratyň ogurlanmagy, ýurda duşmanyň 
uly topary (“Kyrk müňler”) çozanda, Öwez Hüňkäre ýesir düşende we ş.m.) 
aljyramaýar-da, “Melul muhannes işidir” diýip ,özüne göwünlik berýär. Täsirli 
sözler tapyp diňe özüniň däl, kyrk ýigidiniň hem ruhuny galdyrýar. 
Görogly halk adamcy. Ol her bir meseläni halk bilen, galyberse-de 
Agaýunus, 40 ýigidi bilen maslahatlaşyp çözýär. Halkyň aladasyny edýär. 
Görogluda türkmeniň pespällik, göwnükiçilik, sadalyk, sabyr-kanagatlyk, 
rehimdarlyk ýaly asyl häsiýetleri jemlenýär.Gujur-gaýratyň eýesi bolsa-da
ynsanperwerligi elden bermeýär. Mert bolup aman soranyň günäsini geçýär. 
Utulanyny bilse, Göroglynyň özi duşmandan aman soramagy kiçilik bilmeýär: 
Armanlyja Görogludyr 
Arap gardaş aman-aman— 
diýýär.
Umuman, Göroglynyň obrazynda dürli öwüşginlilik bar.Myhmansöýerlik, 
atşynaslyk, şahandazlyk, mylaýymlyk, gelin-gyzlara hormat, ulyny sylamak, 
kiçini söýmek, aýdym-saza ezberlik onuň häsiýetini bezeýär 
Eposda Göroglynyň obrazy onuň kyrk ýigidiniň hereketi bilen aýrylmaz 
baglanyşykda berilýär. Şonuň üçin eposyň gahrymanlary häsiýetlendirilende, 
kyrklaryň hereketleri, olaryň obrazlary barada gürrüň etmezlik mümkin däl. 
Kyrklar barada gürrüň etmek, bir tarapdan, olaryň eposda tutýan ornuny, 
özboluşly häsiýetini ýüze çykarmaga kömek etse, ikinji tarapdan, eseriň baş 
gahrymany Göroglynyň obrazyny has aýdyňlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. 
Olar Göroglynyň kakasy Agybege hem hyzmat edipdirler. 
Göroglynyň ogullygy Öweziň, ýigitleri - Handan batyryň, Taýmaz begiň, 
Ärhasanyň, Sapar Märemiň, Seýtek Gyrmanyň obrazlary hem Watany söýýän 
adamlar hökmünde görkezilýär. Eposda Göroglynyň kyrk ýigidiniň ýurdy, il-
güni goramak, howply ýagdaýlardan çykalga gözlemek ýaly belent maksatly 
hereketleri yzygiderli beýan edilýär. Olaryň her bir hereketiniň aňyrsynda
Watany, il-güni goramak maksady ýatyr. 
Göroglynyň kyrk ýigidiniň eposyň köp şahalarynda gatnaşýandygyna 
garamazdan, olaryň hemmesiniň obrazyna gutarnykly işlenilen bitewi obraz 
hökmünde garamak bolmaz. Seýle-de bolsa, olaryň üýtgeşik häsiýetleri boýunça 
biri- birinden tapawutlanýandygy ussatlyk bilen görkezilýär. 
Handan batyr dogumly, edenli, gaýduwsyz adam. Taýmaz beg, Öwez we 
Ärhasan dagy hemme ýerde Göroglynyň ýakyn ýarany, batyr, edermen, 
parasatly hem-de tutanýerli adam hökmünde suratlandyrylýar. Olar hemişe il-


137 
ulusyň sarpasyny saklamak, ýurdy duşmandan goramak ugrunda göreş alyp 
barýarlar. 
Däli Mätel, Bedrüstem dagy özleriniň häsiýeti boýunça dälişgeräk, sada 
we ynanjaň adamlardyr. Käýerde işiň soňuny saýgarman hereket etmeklik
olaryň-da käbir ýalňyşlyga sezewar bolmagyna eltýär. Seýle bolmagyna 
garamazdan, olar hem ýeri gelende, Göroglyny goldaýarlar. Sapar köse-
kyrklaryň ýaşulusy.Ol Göroglynyň geňeşdary, wäşi hem degişgen adam. Eposyň 
şahalarynyň köpüsinde diýen ýaly hereket edýär. 
Köp ýerlerde özleriniň ýaramaz häsiýetleri bilen çykyş edýän Weli 
Hyrtman, Hajy Sumsar dagy otrisatel gahrymanlardyr. “Göroglynyň döreýşi”, 
“Öweziň halas edilişi”, “Bezirgen” şahalarynda olaryň masgaraçylykly 
hereketleri ýüze çykýar. Olaryň başa iş düşen wagtlarynda, jygba-jygly ýerlerde 
ölüm howpundan ýa kynçylykdan gorkup, wyždanlaryny aýak astynda 
depeleýändikleri görkezilýär. 
Şonuň üçin olar ýalançylykda, ýaranjaňlykda, dowulçylykda, hilegärlikde, 
gorkaklykda hem ikiýüzlilikde aýyplanylýar. Şeýle häsiýetleri üçin Ärhasan 
olary ýigrenýär: 

Download 1.05 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   82   83   84   85   86   87   88   89   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling