Hojamyrat Goçmyradow


Download 1.05 Mb.
Pdf ko'rish
bet19/112
Sana14.02.2023
Hajmi1.05 Mb.
#1198126
1   ...   15   16   17   18   19   20   21   22   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Nowruz geldi bu gije, 
Gyzlar atarlar bije. 
Kimiň bijesi çyksa, 
Baýragy horaz-jüýje. 
Oýunda monjugatdylaryň iň oňat nusgalary bilen birlikde, ýaramazrak 
mazmunly bentler-de aýdylýar. Eger şeýdilmese, oýun gyzykly bolup bilmez. 
Oýun gyzykly alnyp barlanda, her bentden soň, monjuk çykarylanda, gyzlar 
gülüşýärler, ýomak atyşýarlar. Maňlaýlaryna gowy mazmunly bentler çykaýsa, 
oňa guwanylýar, ýaramazrak mazmuny bentlere gynanylýar. 
Monjugatdy oýnunda oňa gatnaşmakdan saklanýanlar hem bolýar. Sebäbi 
käbir gyz monjugatdy bentleriniň mazmunyndan çekinýar. Eger ýaramazrak 
mazmunly bent çykaýsa, şol mazmuna laýyk bolan ýigit, durmuş-hamana 
ýazgydynda bolaýjak ýaly bolup görünýär. Şonuň üçinem şeýle ýazgytdan 
howatyr edýär. 
Monjugatdy oýnunda Nowruz gijesi bilen baglanyşykly bent düşäýse, ol 
gyz özüni bagtly hasaplaýar. Çünki, ol özüne duş geljek ýigidiň bahar pasly 
ýaly mylaýym, ýumşak bolmagyny arzuwlaýar. 
Monjugatdynyň temasy köptaraplydyr. Esasy temasy söýgi meselesidir. 
Söýgi gyzyň erkek doganyna, jigisine ýa-da boýdaşlaryna gönükdirilýär. Şeýle 
hem ýigitleriň adamkärçiligi, görk-görmegi, gaýrat-kuwwaty, söýgüsi, isleg-
arzuwy beýan edilýär: 
Gyrmyz donuň biçeýin, 
Üste teňňe seçeýin. 
Atam-enem görmänkä, 
Ogryn saňa gaçaýyn. 
Päk söýgi hem şeýle wasp edilýär: 
Iki öýüň arasy, 
Gün görünmez parasy. 
Göz görse, göwün söýse, 
Asla bolmaz çäresi. 
Şu hili bentde göwün söýeniňe ýetmek üçin kynçylykdan gaçmazlyk 
öwüt-nesihat edilýär: 
Ýar-ỳaryň otagynda, 
Saýrar gül pudagynda. 
Derlese burçak-burçak, 
Ýar-ỳaryň gujagynda. 
Şu bentde täze çatynjalaryň agzybirlikde ýaşamagyna, biri-biriniň 
sarpasyny tutmaklyga çagyrylýar.
Monjugatdyda bentleriň ýaňsylama, tankydy görnüşinde düzülenleri-de 
bar. Azda-kände duş gelýän gaýratsyzlyk, ýalançylyk, wepasyzlyk, horanlyk, 
açgözlülik ýaly nogsanlyklar tankyt edilýär: 


31 

Download 1.05 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   15   16   17   18   19   20   21   22   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling