Hojamyrat Goçmyradow


Download 1.05 Mb.
Pdf ko'rish
bet21/112
Sana14.02.2023
Hajmi1.05 Mb.
#1198126
1   ...   17   18   19   20   21   22   23   24   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

 


32 
Hüwdüler 
Allatagalanyň sopuçylykda giň ýaýran atlarynyň biri-de Huw ýa-da
Hüwdür. Ýa huw zikirde ýa Alla, ýa Hak diýlip gaýtalanýar. Zikire mahsus 
bolan bu gäbiň alamatlaryny türkmenleriň hüwdüsinde görmek bolýar. Alla, 
Alla-Alla, Alla (H)- Alla (H) bilen birlikde, Huw, Huwwa, Huwwa-Huwwa, 
huwwalamak, hüwdülemek kimin adalga öwrülen sözler aýal-gyzlaryň arasynda 
giň ýaýrady. Çaga ýatyrylandan soň wagtynda uklamasa, hüwdüleýän aýal -
gyzlaryň “Alla bol” ýa-da “Huwwa-bol” diýýän pursatlary köp bolýar. 
Çaganyň rahat ýatmagy, sagdyn ösmegi we terbiýe almagy üçin aýdylýan 
aýdymlarda (Hüwdüde) Allatagalanyň atlarynyň gaýtalanyp gelmeginiň çuň 
manysy bar we öz köklerini gadymy zikirden alyp gaýdýar. Şonuň üçinem 
Allanyň adynyň (Huw ýa-da Hüw) bu  aýdymlaryň (Hüwdiniň) umumy adynda 
ornaşmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Gadymky Huw-Hüw diýlen aňlatma soňra 
türkmen halk döredijiliginde hüwdi görnüşinde aýratyn bir žanryň ady bolup 
galdy. Şeýlelikde, zikiriň adalgasy bolan hüwdi (Hüw diý) ýuwaş-ýuwaşdan 
täze görnüşe, mazmuna eýe bolýar. 
Çagalary ýatyrmak ýa-da güýmemek üçin olary söýüp, sallançak ýanynda 
aýdylýan bentlere hüwdi diýilýär. Hüwdüler köplenç garry eneler, mamalar, 
çaganyň ejesi, gyz doganlary tarapyndan döredilýär hem-de ýerine ýetirilýär.
Hüwdi aýal-gyzlar tarapyndan pessaý heňde owaz bilen ýerine ýetirilýän 
aýdymjykdyr, ýaş çagany hüwdi bilen allalap ýatyrmakdyr, hüwdi bilen 
güýmemekdir.Hüwdüde perzende bolan söýgi ýaňlanýar.Olar ene mährinden 
döreýär we özbaşadk ýerine ýetirilýär. 
Hüwdüler görnüşi taýyndan lälelere kybapdaş bolsalar-da, ýerine ýetiriliş 
we heňi taýyndan tapawutlanýar. Halk döredijiliginiň beýleki žanrlary ýaly, 
hüwdüleriň hem temalary taryhy şertler esasynda üýtgäp, özgerip durýar. 
Hüwdüler sada mazmunda, ýönekeý dilde döredilip, her bir bendi 
gutarnykly many aňladýar. Ene hüwdüsinde sena häsiýeti bar. Eneler 
perzentleriniň batyr, adamkärçilikli, çeper, bagtly bolmagyny arzuwlap, sena 
häsiýetli hüwdüleri aýdýarlar. 
Halkyň çaga bolan söýgüsi, guwanjy hüwdüler ýaly özboluşly, 
terbiýeçilik ähmiýeti uly bolan folklor žanrynyň döremegine sebäp bolupdyr: 

Download 1.05 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   17   18   19   20   21   22   23   24   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling