Hojamyrat Goçmyradow


Rowaýatlar – legendalar (efsanalar)


Download 1.05 Mb.
Pdf ko'rish
bet65/112
Sana14.02.2023
Hajmi1.05 Mb.
#1198126
1   ...   61   62   63   64   65   66   67   68   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Rowaýatlar – legendalar (efsanalar) 
Taryhda bolup geçen, bolaýmagy-da ähtimal bir taryhy waka, şahslar 
hakynda halkyň arasynda dörän gürrüň – hekaýata rowaýat – diýilýär. Rowaýat 
dil üsti bilen nesilden nesile ýaýran hekaýa, ertekidir. 
Rowaýatlar halk döredijiliginiň kyssa toparyna degişli anekdotlara 
ýakyndyr.Emma esasynda taryhy wakalaryň ýatýandygy,hemme halatda 
anekdotdaky ýaly gülküli bolmaýandygy,möçberiniň köplenç ulurak 
bolýandygy sebäpli rowaýatlar anekdotlardan tapawutlanýar. 
Legenda (efsana) -bir taryhy waka, adam hakynda aýdylýan rowaýat, 
hekaýadyr.Onuň ikinji manysy, bolmajak zat hakynda toslama gürrüň, ertekidir. 
Rowaýatlar hem-de legendalar biri-birine ýakyndyr.Bu iki adalgany – 
rowaýaty hem legendany aýrybaşga öwrenmek mümkin däl. 
Rowaýatda halkyň durmuşynda bolan zatlar suratlandyrylýar. Olar dürli-
dürli mazmunda bolup bilerler.Ýaşap geçen aýry – aýry meşhur adamlar, 
görnükli şahyrlaryň ömri we döredijiligi, aýdym – sazlaryň döreýiş taryhy, 
ýerlere hem şäherlere, galalara at galşy hakynda birgiden rowaýat döräpdir. 
Rowaýatlar taryhy, ýer-ýurt atlary (toponomiki), sözköki (etimologiki) 
ýaly toparlara bölünýär. 
Olar zähmetkeş halkyň başdan geçiren taryhy wakalary,göreşleri, dürli 
döwürdäki pajygaly durmuşy bilen hem baglanyşyklydyr. Rowaýatlarda taryhy 
hem çeper hakykatyň beýany saklanylýar.Olar taryhylyk adalgasy bilen 
baglanyşyklydyr. Medeni mirasy öwreniji B. Baýmyradowyň nygtaýşy ýaly, 
taryhylyk adalgasy edebiýatyň we halk döredijiligini öwreniş ylmynyň taryhyna 
we edebi taglymata dahyllydyr. Halk döredijiligini öwreniş ylmyndaky 
taryhylyk adalgasy şu aşakdaky düşünjeleri özünde jemleýär: 


91 
Birinjiden, edebiýatda bolşy ýaly, halk göredijiliginde-de taryhylyk, 
taryhy žanr, çeper pikir ýöretme (“Soltanýaz begiň galasy” rowaýaty) bardyr. 

Download 1.05 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   61   62   63   64   65   66   67   68   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling