Hojamyrat Goçmyradow


Download 1.05 Mb.
Pdf ko'rish
bet67/112
Sana14.02.2023
Hajmi1.05 Mb.
#1198126
1   ...   63   64   65   66   67   68   69   70   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Şorta sözler 
Şorta sözler (anekdotlar) halk döredijiliginiň giň ýaýran žanrlarynyň 
biridir. Şorta sözler anekdotlaryň aýratynlygyny özünde jemleýär. “Anekdot” 
grek sözi bolup, ol aslynda “Ýazylmadyk zat, gülküli, ýomakly gürrüň” diýen 
manyny berýär. Şorta sözler kyssa görnüşinde ýazylyp, täsir ediji, gülküli-
ýumorly gysgajyk hekaýadyr. Olar adamlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň gülküli 
pursadyny beýan edýärler. Şorta sözleriň köpüsi kim-de bolsa bir adamyň ady 


94 
bilen baglanyşdyrylýar. Galapyn, halk arasynda tanalýan adamlar hakyndaky 
şorta sözler il içinde has meşhurdyr. 
Şorta sözler forma taýyndan gysgajyk bolup,onuň aslynda haýsydyr bir 
täsirli,ýiti waka ýatýar.Olar erkin döredijilik häsiýetine eýedir we tanymal 
adamlaryň durmuşda özlerini alyp baryşlary bilen baglanyşyklydyr. Şorta 
sözlerde waka iň soňunda duýdansyz çözülýär we gülki döredýär. 
Şorta sözleri toplap, neşir etmek XX asyryň 20-nji ýyllaryndan 
başlanýar. 1925 –nji ýylda “Myraly şir Nowaýy” ady bilen Nowaýy hakyndaky 
hekaýatlar neşir edilýär. 1937-nji ýylda “Ependi Nasreddin” kitaby çykyp, onda 
Ependi bilen baglanyşykly şorta sözler berilýär. 
Şorta sözleri neşir etmek soňky ýyllarda-da dowam etdirildi. 
“Ependi”(Aşgabat,1941ý.),”Antifaşistik 
şorta 
sözler” 
(Aşgabat,1944ý.), 
“Myraly”(Aşgabat,1948ý.), ”Ýomaklar we degişmeler” (Aşgabat, 1964ý.), 
“Eşider 
bolsaň” 
(Aşgabat,1974ý.), 
“Ýomaklar 
we 
degişmeler” 
(Aşgabat,1980ý.), ”Ependi” (Aşgabat,1981ý.),”Ýigrimi üç Ependi” 
(Aşgabat,1990ý.),”Kemine bilen pir” (Aşgabat,1992ý.), “Kemine.Aýalynyň 
diýenini edýärler”Aşgabat, 1992ý.),”Türkmen şorta sözleri”(Aşgabat,2004ý.) 
kitaplary neşir edildi. 
Görnüşi ýaly, şorta sözleri toplamakda, öwrenmekde,çap etmekde 
bitirilen işler az däl. Türkmen şorta sözleri seljerilende, olaryň meselelere 
synpy nukdaýnazaryndan garalanlary, pelsepeli- pikir aňladanlary hem bar. 
Ýyllar geçdigiçe,şorta sözler mazmun taýyndan, çeperçilik aýratynlygy 
taýyndanam özgerip durýar. XX asyryň 30-njy we 40-njy ýyllarynda döredilen 
şorta sözlerde döwrüň öňe çykaran meseleleri (kolhoz gurluşygy, Beýik 
Watançylyk urşy) görkezilýär. 
Munuň özi şorta sözleriň halk taryhy bilen baglanyşyklydygyny, durmuş 
hakykatyny suratlandyrmakda uly ähmiýetiniň bardygyny subut edýär. 
Şorta sözler beýan ediliş aýratynlygy bilenem tapawutlanýar. Şorta 
sözleri öwreniji O.Çaryýewiň tassyklamagyna görä, Türkmenistanyň 
Türkmenbaşy adyndaky Milli golýazmalar institutynyň hazynasyndaky XX 
asyryň 30-njy ýyllarynda ýazylyp alnan şorta sözler bilen 60-70-nji ýyllarda 
ýazylyp alnanlaryň arasynda şu aşakdaky ýaly tapawut bar: 
1.30-njy ýyllardaky şorta sözleriň köpüsinde ertekiçilik däpleriniň täsi ri 
güýçli bolup,gürrüň hakyky adamlar barada barýandygyna garamazdan, olar: 
“Bir adam bugdaý ekip ýör eken…”,”Bir samsyk adam bar eken…”diýen ýaly 
sözler bilen başlanýar. Olaryň esasy tekstinde-de ertekiçilik äheňini duýmak 
bolýar 
2.60-70-nji ýyllardaky şorta sözler beýan ediliş aýratynlygy bilen 
tapawutlanlanýar. Olarda esasy agram aýdyjynyň beýan edijiligi bilen ýüze 
çykman, gahrymanyň ýerlikli aýdan sözi arkaly çözgüdini tapýar. 
Şorta sözleriň belli bir topary diňe bir halkyň içinde , başga bir topary 
halklaryň birnäçesinde bellidir. Munuň özi gürrüňi edilýän adamyň 


95 
tanymallygyna baglydyr. Hojanasreddin Ependi, Myraly we Soltansöýün, 
Aldarköse ýaly adamlar baradaky şorta sözler ähli türki halklarda bar.Emma 
Kemine,Äraly işan, Keýmir kör, Japbaklar, Ata Köpekmergen ýaly adamlaryň 
adyna berilýän şorta sözler diňe türkmen halkynyň arasynda ýaýrapdyr. 
Etrap ýa-da welaýat çäginde tanalýan degişgen, dilewar adamlar barada-
da şorta sözler döredilýär. Ýöne olaryň ýaýrawy şol adamynyň tanalýan ýerleri 
bilen çäklenýär. 
Şorta sözler durmuşda bolup geçen bir gyzykly wakanyň esasynda 
döreýär. Şonuň üçin şorta sözlerde gysgajyk wakalar beýan edilýär. Olar 
gysgadan gyzykly hekaýa şekilinde il arasyna ýaýraýar we dilewar adamlar 
tarapyndan üsti doldurylyp, kämilleşdirilýär. Şorta sözler durmuş-taryh bilen 
baglanyşyklydyr. Olarda köplenç durmuş wakalary, arzuw-niýetler beýanyny 
tapýar. 
Şorta sözleriň birnäçesi anyk bir taryhy döwür, ýagdaý bilen hem 
baglanyşyklydyr. Şeýle şorta sözlerde aýdylýan wakalar wagtyň geçmegi bilen 
ähmiýetini ýitirýär we onuň ornuny gahrymanyň ugurtapyjylygy eýeleýär.Soňky 
nesiller ony wakasy üçin däl-de,gyzykly hem gülkünçli ugurtapyjylygy üçin 
gowy görýär. Şorta sözlerdäki wakalaryň birnäçesi belli bir döwre degişli 
bolman, ençeme asyrlary öz içine alýar. Bu aýratyn-da Ependi, Myraly we 
Soltansöýün bilen baglanyşykly şorta sözlere degişlidir. 
Şorta sözleriň temasy dürli-dürlüdir. Kimiň adyna berilýändigine 
garamazdan, olaryň köpüsinde ynsan gatnaşyklarynda ýüze çykýan gülkünç 
wakalar beýan edilse, käbirinde gysgançlyk, samsyklyk, ýalançylyk ýaly 
ýaramaz häsiýetleriň üstünden gülünýär .Oňat durmuş hakyndaky arzuw-
islegler beýanyny tapýar.Eger-de ertekileriň sýužeti adamlar tarapyndan 
döredilen bolsa, şorta sözleriň wakasy durmuşda bolup geçen hadysalara 
esaslanýar. 
Şorta sözleriň ençemesi gepe çeper adamlaryň, şahyrlaryň adyndan
berilýär, aýdylýar. Şeýle şorta sözleriň köpüsi halk tarapyndan döredilseler, 
käbiri belli bir şahyr tarapyndan döredilýär. Muňa Keminäniň, Soltansöýündir 
Myralynyň atlary bilen baglanyşykly aýdylýan şorta sözleriň birnäçesi mysal 
bolup biler.Şol adamlaryň ýaşap geçen döwründen soň döredilen şorta sözleriň-
de, şolaryň adyna berilän halatlary bolýar. 
Şorta sözler köplenç Ependiniň, Esen Poladyň atlary bilen 
baglanyşdyrylyp aýdylýar. Geçmişiň köp gülküli taraplary Aldar kösäniň, 
Japbaklaryň üsti bilen berilýär. 
Ependi diňe bir halkyňky bolman, ähli Gundogar halklaryňkydyr. 
Gündogar halklarynyň arasynda onuň Ependi, Hojanasreddin Ependi diýen 
atlary meşhurdyr. Onuň ady bilen baglanyşykly şorta sözlerde durmuşyň dürli 
taraplaryna degilýär. Esasan durmuş taýdan deňsizlik, adalatsyzlyk paş edilýär. 
Ependiniň haýsy milletdendigi, haýsy asyrda ýaşandygy anyk däl. Onuň 
Ependi ady soňra türkçe dakylan lakamdyr. Ependiniň X1V asyrda ýaşap 


96 
geçendigi çak edilýär. Ol wäşi, güldüregen adam bolupdyr. Emma şorta sözleriň 
köpüsi Ependiniň ady bilen soňra düzülipdir. Öňde-soňda düzülen şorta sözleriň 
hemmesi diýen ýaly bellibir derejede üýtgäp gelipdir. Halk olaryň üstüni 
ýetiripdir, käbirini bolsa özüçe düzedipdir. 
Käbir şorta sözler halk arasynda Ependiniňki diýibem, Keminäninki 
diýibem aýdylýar. Keminäniň öýüne ogrularyň gelşi (“Siz bizi göçürýärmikäňiz 
diýip,yzyňyza düşüp gelýäris” diýip aýtmagy) Ependide hem bar. Ependiniň 
şorta sözleri kämahal ýitiligi, kämahal bolsa kinaýaly aýdylmagy bilen 
tapawutlanýar. “Ertir ahyrzamana” şorta sözi muňa mysaldyr. Şorta sözleriň 
köpüsi Myraly bilen Soltansöýüniň atlary bilenem baglanyşdyrylýar. Myraly 
(Mir Aly Şir Nowaýy) taryhy şahs. Ol XV asyrda ýaşan, Hyratda we bütin 
Horasanda hokum süren Soltan Hüseýin Baýgaranyň (Soltansöýüniň) weziri 
bolýar. 
Myraly bilen Soltansöýün barasyndaky şorta sözler esasynda nakyllar 
(“Geçme namart köprüsinden, goý, aparsyn sil seni”, “Erksiz şa bolandan, erkin 
gedaý bolan ýagşy” we ş.m.) hem döredi. 
Ýomakçy, taryhy şahslaryň biri-de Esen Polatdyr. Ol teke taýpasynyň 
garaýörme tiresinden. Esen Polat XV111 asyrda ýaşap geçipdir.Gepe-söze çeper 
adam. Onuň şorta sözleri arkama-arka il gezipdir.Soňra döredilenlerem onuň 
adyna berlipdir. Esen Polat otly basan düýäni äkitjek bolanda, “Otly basdy, 
pyçak degmedi, ol haram” diýlende, “Düýäniň asty polat, üsti polat, iýjek hem 
Esen Polat” diýenmiş.Şorta sözler döredilende, otly bolmadyk hem bolsa, soňra 
döredilen şorta sözler Esen Poladyň adyna geçirilipdir. Şorta sözlerde gündelik 
durmuşda bolýan wakalar, edep-tertibi saklap bilmeýänler (“Golçaň özündenem 
gysganç” we beýlekiler) görkezilýär. 
Şorta sözler Japbaklaryň adyna=da berilýär. Olaryň gülküli işleri, 
gürüňleri kän. Şorta sözler olaryň Baharly, Bamy, Durun ýakalarynda ýaşap 
geçendigine şaýatlyk edýär. Käbir şorta sözlerde olaryň üç, käbirinde bäş, 
köplenjisinde dört dogandygy (Japbak,Betdi, Aýa, Nazaryş) görkezilýär. Olar 
baradaky şorta sözler esasynda Berdi Kerbabaýew “Japbaklar” powestini 
döretdi. 
Japbaklaryň hereketinde öwüt-üdew ediji maslahat we gaýry meseleler 
duýulman, köplenç adamlary güýmemek, gülüşdirmek duýulýar. Şorta sözler 
olaryň çagalyk, ýetginjeklik döwürlerine degişlidir. 
Aldarköse taryhy şahs däl. Ol özbeklerde,gazaklarda, başgyrtlarda, 
täjiklerde,tatarlarda we beýleki halklarda-da belli. Köse adam hilegär, 
mekir,sapalakçy hasaplanýar. Şol häsiýetler Aldarkösede-de bar. Ol anyk däl-
de, umumylaşdyrylan obrazdyr. 
Aldarköse adamy oýnamaga, aldamaga ökde bolsa-da, il gözünden düşen 
ýalançy däl.Ol halka azar berýänlere garşy göreşýär. Degmedige degmeýär.
Ugurtapyjy, paýhasly adam. 


97 
Aldarköse hakyndaky şorta sözler häzirki wagtda Türkmenistanyň 
Türkmenbaşy adyndaky Milli golýazmalar institutynda saklanylýar. Şol ýerde 
onuň “Aldarköse we şeýtan”,”Aldarköse we baý ogly”, “Kyrk ussa we 
Aldarköse” ýaly şorta sözleri bar. 
Keminäniň şorta sözleri tankydy häsiýetde. Ýöne onuň ady bilen berlen 
şorta sözleriň hemmesi Keminäniňki diýip bolmaz. Kemine hem Nowaýy ýaly 
halkyň hakydasynda gepe çeper, dilewar şahyr hökmünde ornaşansoň, halk 
tarapyndan döredilen şorta sözleriň-de köpüsi Keminäniň ady bilen 
baglanyşdyrylýar. Bir tarapdan, Kemine halkyň göwnünden turýan şorta sözleri 
dužen bolsa,ikinji tarapdan halkyň özi hem Keminäniň eserlerinden lezzet alyp, 
onuň şorta sözlerini baýlaşdyrypdyr. 
Sowet döwründe Kemine we Äraly işan bilen baglanyşykly şorta sözler 
(“Basym tazy bolar”, “Senden hem harman gutulmaz” we başgalar) 
döredildi.Emma şol şorta sözlerde hakykat görkezilmän, işan-mollalara garaýyş 
çişirilip görkezildi, olaryň üstünden nähak gülündi. Bu mysal hut Keminäniň 
özüne-de degişli. Ol hem sandan galan garyp, gülkä öwrülen adam bolmandyr. 
Türkmen şorta söze baý halk. Türkmen şorta sözlerine agraslyk, durmuşa 
ýakynlyk mahsus.Olar toslanyp tapylan däl-de, halkymyzyň tebigatyndan 
syzylyp çykan şorta sözlerdir. Şonuň üçinem türkmen şorta sözleri halkyň 
durmuşyny, tanymal adamlaryň içki dünýäsini, iň esasy-da adamlaryň ruhuny 
götermekde ähmiýete eýedir. 

Download 1.05 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   63   64   65   66   67   68   69   70   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling