Hojamyrat Goçmyradow


Download 1.05 Mb.
Pdf ko'rish
bet94/112
Sana14.02.2023
Hajmi1.05 Mb.
#1198126
1   ...   90   91   92   93   94   95   96   97   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Birinjisi, türkmen oguzlarynyň döreden sýuzetleri (“Şasenem- Garyp”, 
“Asly-Kerem”,”Zöhre-Tahyr”,”Saýatly – Hemra”, “Nejep oglan” dessanlary). 
Ikinjisi, pars edebiýatyndan alnan sýužetler (“Şabährem”,’Melike-
Dilaram”,”Ýusup-Züleýha”,”Hüýrlukga-Hemra”, 
”Gül-Bilbil”).Pars 
edebiýatyndan alnan sýužetler türkmenlerde öňden bar bolan sýužetlerden 
soň,ýagny XV111-X1X asyrlarda täzeden işlenilýär. 
Dessanlar many-mazmunyny,sýužeti boýunça birnäçe görnüşden ybarat: 
1.Yşky-durmuşy 
(“Leýli-Mežnun”,”Zöhre-Tahyr”, 
“Şasenem-
Garyp”,”Saýatly-Hemra”,”Asly-Kerem”,”Nejep oglan”) dessanlary. 
2.Yşky-hyýaly(“Seýpelmelek-Methaljemal”,”Melike-Dilaram”,”Gül-
Senuber”,”Hüýrlukga-Hemra”) dessanlary. 
3.Yşky-gahrymançylykly
(“Ýusup-Ahmet”,”Alybeg-
Balybeg”,Hojamberdi han”) dessanlary. 
4.Taryhy 
gahrymançylykly 
(“Döwletýar”(Magrupy),”Batyr-
Nepes”(Misgingylyç),”Emir-Zerli”(Mollamurt) dessanlary. 
5.Terjimehally 
(“Goşa 
pudagym”(Seýdi),”Talyby 
we 
Sahypjemal”(Talyby) dessanlary. 
6. Dini sýüžetli (“Ýusup- Züleýha”, “Zeýnelarap”,”Babaröwşen”) 
dessanlary. 
Şu okuw kitabynda halk dessanlaryndan “Hüýrlukga-Hemra”,”Şasenem-
Garyp”,”Saýatly- Hemra”,”Asly-Kerem”,”Nejep oglan” hakynda gürrüň edilýar. 
“Hüýrlukga-Hemra” dessany 
“Hüýrlukga-Hemra” türkmenleriň arasynda giň ýaýran yşky-hyýaly 
dessandyr. Ol gadymylygy bilen tapawutlanýar. Dessan takmynan XV1-XV111 
asyrlarda (dessandaky”Harazmyn ýurdunyň hany, soltany, ýanynda huzurly 
ärler amanmy?” diýen goşgy setirlerinden çen tutulyp) Horezm türkmenleriniň 
arasynda-da giň ýaýrandyr diýlip çaklanylýar. 
Dessanda gürrüň Müsür patyşasy Hysrawyň perzentsizliginden başlanýar 
we eseriň soňy patyşanyň ogly Hemranyň peri gyzy Hüýrlukgany alyp, maksat-
myradyna ýetmegi bilen tamamlanýar. 
“Hüýrlukga-Hemra” dessanynyň üç sany sýužet ugry bar: 

Download 1.05 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   90   91   92   93   94   95   96   97   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling