Hojamyrat Goçmyradow


Download 1.05 Mb.
Pdf ko'rish
bet95/112
Sana14.02.2023
Hajmi1.05 Mb.
#1198126
1   ...   91   92   93   94   95   96   97   98   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Birinji, garyp-pukaralarda ýokary ahlak hem-de adamkärçilik sypatlary. 
Şeýle adamlar üçin elinden gelen zady aýamaly däldigi dessanda ündelýär. 


151 
Hysraw patyşanyň ogullary- Hemra, Ziwer hem-de Hurşyt Çyn-Maçyna 
gidýär.Hytaýda bolsa açlyk. Hemra öz getiren gallasyny halka paýlaýar.Ol 
gymmat bahaly göwher gaşyny berip, agalaryndan hem galla satyn alyp, halka 
berýär. Hemra yzyna- Müsüre gaýdanda, halk ýolda suwsaýar. Ol suw 
gözlegine çykýar. Guýunyň başynda Ezraýyla duşýar. Ol Hemradan jan talap 
edýär. Hemra aljyramaýar, hiç kime hem ýalbarmaýar. Onuň bar aladasy halky 
suwdan gandyrmakdy. 
Hemra Ezrayla:”Onda bolsa biraz pursat ber,men alyp gelýän 
pukaralarym bilen razylaşaýyn, janymy ondan soň al” diýýär. Halk Hemranyň 
tarapynda durýar. Olaryň islegi bilen Hemranyň jany alynman, gaýtam oňa 120 
ýaş berilýär. 
Ikinjisi, uly doganlarynyň Hemra görüplik etmeginde häkimiýet 
ugrundaky göreş. Hemranyň agalary içigara. Olar Hemranyň üstünligini görüp 
bilmeýär. Atalary Hysraw patyşanyň ýanynda özlerini iş bitirýän, edermen, 
tagta mynasyp adamlar edip görkezmegi maksat edinýär. Şunuň bilen birlikde, 
Ziwer bilen Hurşyt Hemranyň ýagşylygyna ýamanlyk bilen, ýagny gözüni oýup, 
guýa taşlamak bilen jogap berýär. Olar atalarynyň Hemra bolan söýgüsine-de 
görüplik edýär. Sebäbi patyşanyň Hemra bolan söýgüsi olary häkimlige bolan 
hukukdan mahrum edermikä diýip gorkuzýar. Dessanyň ahyrynda Hemranyň 
uly doganlarynyň pyssy-pujurlyklary paş edilýär. Olary bütin köpçülik pisläp, 
ýurtdan çykaryp kowýar. 
Uçünjisi, söýgi meselesi, onda-da adamzadyň perä bolan söýgüsi. 
Dessanda ol uly güýç hökmünde şekillendirilýär. Dessanyň baş gahrymany 
Hemra özüniň ähli maksadyna söýgüniň üsti bilen ýetýär.Ol Hüýrlukganyň yşky 
bilen ganatlanyp,”Gitse-gelmez” ýoly bilen sag-salamat gidip, aşyk bolan peri 
gyzyna gowuşýar. Ol Hüýrlukganyň kömegi bilen atasynyň arzuwlan guşy 
Bilbil Göýäni gola salýar. Dessanyň ahyrynda Hüýrlukga doganlary tarapyndan 
gözi oýulyp guýa taşlanan Hemra ýene-de kömege ýetişýär. 
“Hüýrlukga-Hemra” dessany kompozision gurluşy boýunça iki bölümden 
ybarat. Birinji bölümde, şazadalaryň (Hemra,Ziwer, Hurşyt) Çyn-Maçyna 
gidişi, ikinji bölümde hem şazadalaryň Bilbil Göýäniň gözlegine çykyşlary 
beýan edilýär. Bu iki bölümiň,ýagny iki wakanyň arabaglanyşygy ýok ýaly 
bolup görünýär. Emma hakykatda beýle däl. Ziwer bilen Hurşydyň ýaramaz 
häsiýetleriniň görkezelişi iki bölümi hem birleşdirýär, biri-biriniň üstüni 
ýetirip,bir bitewi esere öwürýär. Hemranyň agalarynyň açgözlügi dessanyň 
birinji bölüminde Çyn-Maçyna gidişlerinden görkezilip başlanýar. Halkyň 
açlykdan horlanyşy olaryň gözüne ilmeýär, gaýtam başaryp bilse, olardan bir 
zat ýonmagyň aladasy bilen bolýar. Dessanyň ikinji bölüminde hem Ziwer bilen 
Hurşydyň ýaramaz niýeti- päli, Hemra bolan garaýşy doly açylyp görkezilýär. 
Dessanda dini-hyýaly sýužet ugry ep-esli orny tutýar.Hakyky durmuş 
ýagdaýy hyýaly ýa-da dini-hyýaly alamatlar bilen utgaşyp gidýär. Emma 
dessanda-da, ertekilerde bolşy ýaly, belent ruhly, pajygaly wakalary başdan 


152 
geçirýän, söýgi, ýigrenç şatlyk, gynanç ýaly köptaraply duýgy-düşünjesi bolan 
orta asyrlar adamsynyň gyzykly obrazy berilýär. Muňa Hemranyň obrazyny 
mysal getirmek bolar. Ol ägirt güýçli döwden üstün çykýar. Bu ýerde adalat 
ýene dabarandyrylýar. Şu babatda söýgüniň güýjüniň uly hyzmaty bar. 
Durmuşyň iň kyn şertlerinde söýgi periniň keşbinde kömege gelýär. 
Dessanda dini-ynanç hem görkezilýär. Baş gahrymany kyrk erenler 
goldaýar. Hezreti Aly oňa oglum diýip ýüzlenýär. Şeýlelikde, halk öz 
gahrymanyny asly perizat bolan gyza öýlendirýär. 
“Hüýrlukga-Hemrada” dini düşünjelere ynanmazlyk hem görkezilýär. 
Hemra jennet guşuny gözlemäge gidende,onuň atasy öz dini düşünjesine görä, 
oňa ýolda harabaçylykda, gonamçylykda ýatmazlygy nesihat edýär. 
Dini düşünjelere görä, şeýle ýerlerde gijesine arwah-jynlar 
bolýarmyş.Olaryň uklap ýatan adamy heläklemegi mümkin diýip düşünipdirler. 
Ine, şeýle düşünjä görä, atasy ogluna şol ýerlerde gijesine ýatmazlygy maslahat 
berýar. 
Emma ýolda ilkinji gijesinde atasynyň beren bu wesýetini bozýar. Ol bir 
gije gonamçylykda bolup, Hezreti Alynyň mazarynyň ýanynda ýatýar. Hezreti 
Aly we erenler ony şol gije owadan peri bilen duşurýar. Peri oňa erem bagyny 
salgy berýär,gözleýän guşuny tapmaga kömek edýär. Iň ahyrynda doganlary 
Hemrany öldürmekçi bolanlarynda-da, peri ýetişýär. 
Dini-ynanç düşünjeleri Hemranyň, onuň doganlarynyň dogluşy baradaky 
wakalar, Hezreti Alynyň olara 14 ýaş bermegi, emma şeýle wagt geçenden soň 
olaryň ölmezligi, ezraýýlyň Hemra 120 ýaş bermegi bilen düşündirmek bolar. 
Şu babatda Hemranyň hemaýatçylarynyň-da uly hyzmaty bar. 
Dessanda çeper obrazlar ulgamy täsirli berilýär. Eserde položitel 
gahrymanlara garşylykly edilip, Hemranyň iki doganynyň obrazy görkezilýär. 
Adalatlylyk bilen adalatsyzlygyň şeýle garşylykly goýulmagy ähli halklaryň 
folklorynda, şol sanda türkmen folklorynda hem täzelik däl. 
Halk döredijiliginiň erteki žanrynynda bolşy ýaly, dessanlarda-da, kiçi 
dogan hemişe batyr, ugurtapyjy, adalatly edilip görkezilýär. Emma dessanlarda 
bir ýagdaý şu häsiýetiň beýleki halklaryň folklorynda, esasan-da ertekilerinde 
beýan edilişinden tapawutlandyrýar. Esasy tapawut-dessanda köpaýallylyk 
meselesidir. Daşyndan göräýmäge bu meselede doganlaryň enebaşgalygy, 
olaryň arasynda bolýan duşmançylygyň sebäbini düşündirýän ýaly. Emma 
hakykatda beýle däl. Bu ýerde göreş häkimlik ugrunda barýar. Hemranyň uly 
doganlary atalarynyň Hemra bolan söýgüsine göriplik edýär. Atalarynyň Hemra 
bolan şeýle söýgüsi olary häkimlige bolan hukukdan mahrum edermikä diýip 
gorkuzýar. 
Dessanda çeper obrazlar ulgamy täsirli berilýär. Eserde položitel 
gahrymanlara garşylykly edilip, Hemranyň iki doganynyň obrazy görkezilýär. 
Adalatlylyk bilen adalatsyzlygyň şeýle garşylykly goýulmagy ähli halklaryň 
folklorynda, şol sanda türkmen folklorynda hem täzelik däl. 


153 
Dessanyň baş gahrymany Hemranyň obrazynda maksada okgunlylyk, 
ynsanperwerlik, dogruçylyk, dogana, ene-ata wepalylyk, ugurtapyjylyk, mertlik, 
sadalyk ýaly sypatlar görkezilýär. 
Hüýrlukga- perizat, hyýaly obraz. Ol söýgüsine wepaly. Hemra kaknus 
döwüň eline düşüp, ýere tarap pel-pelläp gelýärkä, Hüýrlukga laçyna öwrülip 
ony tutýar. Hemrany ölümden halas edýär, gözüni açýar. 
Güljemile – Hemranyň aýal dogany. Ol Hemrany goldaýar. Ynsanperwer, 
mähriban uýa. Şazadalar Çyn-Maçyna ugranda, gerek bolar diýen maksat bilen 
iki sany göwher gaşy Hemra berýär. Hemra-da göwher gaşlary doganlaryna 
berip, olardan satyn alan gallasyny halka paýlaýar. 
“Hüýrlukga-Hemra” dessanynda položitel gahrymanlar bilen birlikde
otrisatel gahrymanlar hem görkezilýär, olaryň hereketleri ýazgarylýar. 
Hurşytdyr 
Ziweriň ulumsylyk, açgözlük, şöhratparazlyk, ähtiýalanlyk, 
hyýanatçylyk, nalajedeýinlik ýaly ýaramaz gylyk-häsiýetleri berilýär. Olaryň 
ikisem içigara hem ganhor adam. Olar öz gazan çukurlaryna özleri düşüp, 
masgara edilip, ýurtdan kowulýar. 
Dessanda Müsür patyşasy Hysrawyň üstünden-de gülünýär. Ol ýurduň 
abatlygy, halkyň rahatlykda, eşretde ýaşamagy hakda alada etmegiň ýerine, 
hyýaly guşuň-Bilbil Göýäni gola salmagyň kül-külüne düşýär. Bilbil Göýäniň 
patyşa garap: “Sende bir düzüwliräk adamyň-da akyly ýok ekeni…” diýmegi 
Hysrawy has-da wejera edýär. 
Hüýrlukganyň aýal dogany Hüýrzagpyran-da, kazy-da otrisatel 
gahrymanlar.Olaryň ikisem ahlaksyz edilip görkezilýär. Hüýrzagpyran 
Hüýrlukganyň durmuşa çykmagyna garşy bolup hereket etse, kazy 
Hüýrzagpyrandan otuz posa alyp, gyzyň dawasyna delil tapyp bermäge boýun 
bolýar. Olaryň bu ýaramaz hereketleri dessanda ýazgarylýar. 
Dessanda ýokary gatlak wekilleriniň aglabasyna mahsus bolan ýaramaz 
gylyk-häsiýetleriň, köşk durmuşyndaky bozuklyklaryň (humar oýnamak, 
azgynlyk,para almak we ş.m.) paş edilişi berilýär. Köşk adamlarynyň baýlyk 
toplamak, wezipe edinmek, keýp-sapa, şöhrat üçin alyp barýan pyssy-
pyjurlyklary-da görkezilýär. 
‘Hüýrlukga-Hemra” dessany çeper okalýar. Onda dürli çeperçilik 
serişdeleri (meňzetme, deňeşdirme, ulaltma we ş.m.) ussatlyk bilen ulanylýar. 
Dessanyň hamyrmaýasy folklordan, ýagny halk ertekilerinden alnypdyr. 
Onda döw, peri, ezraýyl, Bilbil Göýe diýen ýaly toslanyp tapylan hyýaly zatlar 
getirilýär. Dessan sýužeti taýyndan “Mämmetjan” ertekisine has ýakyndyr. 
“Hüýrlukga-Hemra” türkmenleriň arasyna giňden ýaýran dessandyr. Ol 
XX asyryň 40-njy ýyllarynda Stawropol türkmenleriniň arasynda-da “Gysraw 
Hemra” ady bilen meşhur bolupdyr. 
Dessan ilkinji gezek 1941-nji ýylda neşir edilýär. Ony çapa taýýarlan hem 
sözbaşy ýazan B.Garryýew. Dessan neşire taýýarlanylanda, Daşkentde (1333-
nji hijri), Kazanda (1328-nji hijri) çap edilen nusgalar, 1935-nji ýylda latyn 


154 
harpynda ýazylan nusga hem göz öňünde tutulypdyr. Ýöne welin dessanyň 
1939-njy ýylda daşoguzly Nazar bagşydan ýazylyp alnan has doly nusgasy neşir 
ücin esas bolupdyr. Soňra ol 1950-nji, 1963-nji ýyllarda gaýtadan neşir edilýär. 
Dessan 1971-nji ýylda Moskwada türkmen hem rus dillerinde çapdan çykýar. 
Alym A.Durdyýewa dessanyň 1979-njy ýyldaky neşirini taýarlady hem-de oňa 
sözbaşy ýazdy. 
Dessanyň položitel gahrymanlarynyň üsti bilen ýaşlara mertligi, ene-ata 
hormaty, il-güne söýgüni ündemäkdäki hyzmaty uly. 

Download 1.05 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   91   92   93   94   95   96   97   98   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling