5
M. ATAÝEW, S. GARAJAÝEWA
ALGORITMLEŞDIRME WE PROGRAMMIRLEME
Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin okuw gollanmasy
Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenildi
Aşgabat 2010
6
Bu okuw gollanmasynda häzirki zaman kompýuterlerinde Paskal we Delphi serişdelerinde
programma döretmekligiň esaslary barada maglumatlar getirilýär. Gollanma ýokary okuw mekdepleriniň
talyplaryna, informatika mugallymlaryna we giň okyjylar köpçüligine niýetlenen.
7
1. Giriş.
Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli alyp barýan içerki
we daşarky syýasaty şu günlerki beýik galkynyşlar we täze özgertmeler zamanamyzda watanymyzyň
mundan beýläk-de gülläp ösmegine ägirt uly itergi berýär. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary pajarlap
ösýär, ylymda we bilimde düýpli özgerişler dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň ak pata
bermeginde täze bilim edaralary - mekdepler, uniwersitetler, çagalar baglary gurlup ulanylmaga berilýär.
Bilim edaralary häzirki zaman ösen tehniki serişdeler, şol sanda kompýuterler bilen doly
abzallaşdyrylýar. Bu barada Hormatly Prezidentimiz şeýle diýýär: “Ýurduň ykdysady kuwwatyny
Do'stlaringiz bilan baham: |