49
Göwsüň ragyna getirip biläýjek keselleri – hroniki
mastit, göwsüň şikesi, disgormonal giperplaziýalar, göwsüň
inçe keseli, göwsüň sifilisi, somatiki keseller –
gipertonik
keseli, gant keseli,
semizlik, galkan şekilli mäziň keselleri we
başgalar.
Göwüs ragynyň derejeler boýunça klassifikasiýasy:
I – dereje. Göwüsdäki çişiň göwrümi 2 sm çenli metastazlar
ýok;
IIa – dereje. Göwüsdäki çişiň göwrümi 2-5 sm çenli
metastazlar ýok;
IIb – dereje. Göwüsdäki çişiň göwrümi 5sm regionar
zonada metastazlar bar.
III a – dereje Göwüsdäki çişiň göwrümi 5-8
sm metastazlar
ýok;
III b -- Göwüsdäki çişiň göwrümi 8 sm regionar zonada
metastazlar bar.
IÝ – dereje Çiş göwsüň köp böleginde ýerleşýär ýa-da ýara
bolan regionar zonada metastazlar hereket etmeýärler we içki
agzalarda metastazlar bar.
Do'stlaringiz bilan baham: