Mekdebiň usuly maslahatynda seredildi


Çişleriň ösüşi we umumy häsiýetleri


Download 0.54 Mb.
Pdf ko'rish
bet4/34
Sana02.09.2023
Hajmi0.54 Mb.
#1672200
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   34
Bog'liq
Eminowa G~Onkologiýa-2019`TDLU

Çişleriň ösüşi we umumy häsiýetleri. 
Täze döreme hadysasynyň her bir häsiýetine aýratynlykda 
garanyňda olaryň birinji üçüsi, ýagny, öýjükleriň we 
dokumalaryň üznüksiz ösmegi, bu ösüşiň awtonomlygy we şol 
hadysanyň 
ojagynda 
öýjükleriň 
köpelmegi 
biri-biri 
bilen 
baglanyşykly hadysalar
bolup, şu aşakdaky 
hadysalar 
bilen 
häsiýetlendirilýär. 
Hadysalaryň 
başy 
öýjükleriň 
sanynyň 
köpelmegi, öýjükleriň bölünmekleriniň tizleşmeginiň netijesi 
bolmak bilen dokumalaryň göwrüminiň ulalmagyna getirýär. 
Bu ýagdaýyň kadada, ýagny fiziologik hadysalarda hem duş 



gelmegi mümkin. Mysal üçin, haýsy hem bolsa bir dokuma 
zeper ýetmegi netijesinde ýaralansa, ýyrtylsa ýa-da döwülse, 
proliferatiw hadysalaryň netijesinde dokumalaryň zeperi bitmek 
bilen bolýar. Bu proliferatiw 
hadysalar bilen täze döreme 
proliferatiw hadysalarynyň 
arasyndaky 
tapawut 
şu 
aşakdakydan 
ybaratdyr, 
ýagny 
proliferatiw 
hadysalary 
dokumanyň 
zeper ýeten ýeri doly 
suratda 
bitenden 
soň 
togtaýarlar. Bu ýagdaýa organizmiň ugrukdyryjy mehanizmleri 
kömek edýärler. Emma täze döreme kesellerinde proliferatiw 
hadysalar organizmiň ugrukdyryjy mehanizmne boýun egmän, 
üznüksiz dowam edip gidýärler, bu bolsa onuň dörän ýerindäki 
dokumanyň üznüksiz ösmegine sebäp bolýar. Bu ýagdaýa täze 
döreme keseliniň awtonomlygy diýilýär. Mundan başga-da 
howply täze döreme dokumalaryna töweregindäki dokumalara 
we agzalara ösüp girmek häsiýeti mahsusdyr. Metastaz diýlip 
täze döremeleriň janly öýjükleriniň organizmiň bir ýerinden 
başga ýerine geçiprilip, şol öýjükleriň täze baran ýerinde ýaşap, 
köpelip ösmegine aýdylýar.

Download 0.54 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   34




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling