15
adamlarda döreýän keratozlar, deri şahy we keratoakantoma
‖howply‖ toparlara degişlidirler. Olar 10-15% ýagdaýda deriniň
rak keseline geçýärler.
Deriniň howply täze döremeleriniň öňüni alyş çäreleri.
1. Endamyň derisiniň açyk ýerlerini gün şöhlesiniň güýçli we
uzak täsirinden goramaly.
Bu esasan hem garry adamlar,
akýagyz adamlar üçin zerurdyr.
2. Garry adamlara we derisi gurak,
deride her hili keratoz
keseli bolan adamlara, elmydama derini iýmitlendirýän ýaglary,
kremleri ulanmak hökmanydyr.
3. Deriniň hroniki kesellerini wagtynda bejermek.
4. Deridäki ýara yzlary mehaniki täsirlerden gorap saklamak.
5. Kanserogen maddalar bilen iş salyşýan adamlaryň, hususy
gigiýenanyň görkezmelerini üznüksiz ýerine ýetirmegi zerurdyr.
Do'stlaringiz bilan baham: