19
Öýken ragynyň kliniki alamatlary.
1.Üsgürmeklik –merkezi ragyň esasy alamatlarynyň biri bolup
, ol köplenç agşam we gijelerne azar berýär .Näsäg üsgürip
öýkeniň içindäki bar zady çykarmana çalyşýar .
2.Dem gysma-ol öýkeniň köp böleginiň çiş blen ýapylmagy
ýa-da öýkeniň belli bir böleginiň atelektaz bolmagy bilen bagly
.
3.Agyr derejesi-demgysma ynjalykly ýatan wagtynda bolýar .
4.Gan gitme- näsäg üsgüren wagty onuň
gakylygynda gan
tegmilleri bolmagy mümkin ýa-da onuň agzyndan köpürjikli al
–gyzyl reňkdäki gan gelmegi mümkin .
5.Agry-Öýken parenhimasynda agryýan nerw öýjükleri ýok,
şol sebäpli hem agyry ýok, çiş daş töweregindäki goňşy
agzalara ýa-da ulgamlara ösüp geçende ýüze çykmagy mümkin
ýa-da reflektor agyry bolmagy bolýar. Kä wagt ýüregiň üstünde
stenokardiýa meňzeş agyry bolmagy mümkin .
6.Bedeniň gyzgynynyň artmagy- ol rak intoksikasiýasynyň
netijesinde ýa-da perifokal sowuklamasynyň netijesinde bolup ,
takmynan 38 gradus töwerekleri gyzdyrmaklyk bolýar .
Do'stlaringiz bilan baham: