Molekulýar fizikany we termodinamikanyň taryhyna degişli gysgaça maglumatlar
Download 177.4 Kb.
|
mol
- Bu sahifa navigatsiya:
- Tit Lukresiýa Kar
- Fales Miletskiniň
Molekulýar fizikany we termodinamikanyň taryhyna degişli gysgaça maglumatlar Dünýäniň gurluşy baradaky garaýyşlary işläp düzmeklik müsür we wawilon akyldarlaryny gyzyklandyrýardy. Müsür ýa-da wawilon pelsepeçisi hasaplamagyň düzgünini ýazanda, «şeýle etmeli» diýýär, ol, näme üçin «şeýle etmelidigini» düşündirmeýär. Başgaça aýdanmyzda, grek alymy öwrenilýän soragyň subut edilmegini talap edýär. Bu barada atomistikany esaslandyryjy Demokrit şeýle aýdýar: «Bir zadyň ylmy subudyny tapmaklyk meniň üçin ähli pars şalygyna eýe bolmakdan gowudyr». Antik döwrüniň ylmynyň köp üstünlikleri bize rimli Tit Lukresiýa Kar (b.e.ö. 99–55 ý.) tarapyndan belli boldy. Onuň «Zatlaryň tebigaty barada» (De rerun nature) atly belli didaktik poemasyny Rim imperiýasynyň gülläp ösen döwrüniň ylym-bilimleriniň ensiklopediýasy diýip hasaplamak bolar. Goşgular görnüşinde ýazan bu alty kitapda Lukresiý Kar dünýäniň manysy, kosmogoniýa, optika we görüş, astronomiýa, meteorologiýa, geologiýa, geografiýa, tehnika, biologiýa we nesil nazaryýeti, anatomiýa, psihologiýa, adamzat jemgyýetiniň taryhy, medeniýet, saz we ş.m. soraglara seredipdir. Antik alymlarynyň öňünde ilkinji we esasy mesele bolup, materiýanyň gurluşy baradaky mesele durýardy. Onuň çözülişi bilen filosoflar hem we naturfilosoflar hem gyzyklanyldy. Gadymy akyldarlar Älemiň köpsanly we dürli görnüşli obýektler bilen bütewüligini nähili birikdirmek meselesi gyzyklandyrypdyr. Olar «Ähli zatlar nämeden düzülen?», «Nämäni elementar diýip hasaplamak bolar?» diýen soraglara jogap gözleýärdiler. Bu soraglara jogaplar dürli-dürlüdi. Derňemekligiň hiç hili fiziki usullarynyň we fizikanyň özüniň hem heniz ylym hökmünde ýok döwründe filosoflar bu soraga logiki pikirlenmeler usuly bilen jogap bermäge synanyşypdyrlar. Gadymy dünýäniň akyldarlarynyň garaýşyna görä diňe käbir maddalar (meselem, agaç) göze görünýän gurluşa eýe. Beýleki köp maddalar bolsa, meselem suw, ýag, metallar, howa bütewi gurluşy bolmadyk gurşaw ýaly kabul edilýär. Olary tükeniksiz böleklere bölüp bolýar we şunlukda her bir bölek, näçe kiçi hem bolsa, ilkibaşdaky maddanyň ähli esasy häsiýetlerini saklaýar [15]. Emma, başga tarapdan, maddany tükeniksizlige çenli böleklere bölmek bilen, biz aňry çäk nokada geleris we “hiç hili ölçegleri we hiç hili massasy bolmadyk nokat maddanyň aýratyn häsiýetlerini äkidiji bölejik bolup bilermi?”, “Suwy böleklere bölüp alýan nokadymyz, gurşun bölegini bölüp alýan nokadymyzdan nämesi bilen tapawutlanýar?” ýaly soraglar ýüze çykar. Eger nokat maddanyň käbir aýratyn häsiýetlerini äkidiji bolup bilmeýän bolsa, onda maddany tükeniksizlige çenli (maddanyň häsiýetlerini saklamak şertinde) bölmek mümkin däl. Bu ýerden, islendik madda, meselem, suw, suwuň esasy häsiýetlerini heniz özünde saklaýan, ýöne mundan soň bu häsiýetleri özünde saklaýan böleklere bölmek mümkin däl bolan owunjak bölejiklerden düzülen bolmaly diýen netije gelip çykýar. Gadymy dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan, esasan-da, gadymy Gresiýada ýaşaýan akyldarlar şeýle (ýa-da takmynan şeýle) garaýyşlara eýediler. Maddanyň gurluşy barada gadymy grek akyldarlarynyň garaýyşlaryna seredeliň. Antik filosofiýasyny döredijileriň biri, biziň eýýamymyzdan öň VII-VI asyrlarda Gresiýanyň Milet şäherinde ýaşan täjir Fales Miletskiniň (b.e.ö., takmynan 624–548 ý.) garaýyşlaryna görä hemme zatlar suwdan ybaratdyr; Älemiň başlangyjy we ahyry – suw; ähli zatlar suwuň gatamagy (doňmagy) we bugarmagy bilen emele gelýär; suw goýalanda toprak, bugaranda howa emele gelýär. [16] Falesiň okuwçysy Anaksimandr (b.e.ö. 610–546 ý.) ilkinji filosofiki eser bolan «Tebigat barada» atly işinde materiýanyň esasy hökmünde «apeýron» diýip atlandyrylýan käbir maddany hasap edýär. Grek dilinde bu söz «tükeniksiz», «çäksiz» manyny aňladýar. Geljekde Platon bu düşünjäni materiýanyň sinonimi hökmünde ulandy. Download 177.4 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling