Molekulýar fizikany we termodinamikanyň taryhyna degişli gysgaça maglumatlar
Download 177.4 Kb.
|
mol
Maddalaryñ häsiýetlerini dinamiki, statistiki we termodinamiki usullar arkaly beýan etmek bolýar.
Dinamiki usul - munuñ özi hereket edýän bölejigiñ käbir wagtdaky koordinatasy we tizligi belli bolsa, onda onuñ islendik wagtdaky koordinatasyny we tizligini kesgitlemekdir. Geljekde biz bölejikleriñ (molekulalaryñ, atomlaryñ) örän köp sanly ulgamyna garajakdyrys. Mysal üçin, normal şertlerde howanyñ göwrüm birliginde n= 2,7*1019 sm-3 molekulanyñ, bardygyny suwuklyklarda we gaty jisimlerde bolsa, mundan hem ( 102 103 ) artykdygyny göz öñünde tutmalydyrys. Göwrüm (1sm3) birligindäki molekulalaryñ giñişlikdäki (x,y,z) ýagdaýyny we tizligini ( x, y, z)kesgitlemek üçin 6 2,7 1019 hereket deñlemeleri, ýagny Nýutonyñ 2-nji kanunyny her, bir bölejik üçin ýazmaly bolar. Eger bu işde her sekuntda 1 million operasiýany geçirýän EHM maşynyny ulansak, onda 2,7 • 1019 bölejikler üçin 6 2,7 • 1013 s, ýagny 6 million ýyl gerek bolar. Bu aýdylanlar, meseläni tehniki taýdan çözmegiñ mümkin däldigini görkezýär. Köp sanly bölejiklerden ybarat bolan ulgamyñ häsiýetlerini öwrenmek üçin dinamiki usulyñ tehniki taýdan amala aşyryp bolmaýandygyny nazaiy taýdan ýarawsyzdygyny we praktiki taýdan peýdasyzdygyny görkezdi. Statistiki usul molekulalaryñ, atomlaryñ toplumynyň özüniň alyp barşyñy öwrenmek üçin statistikanyñ düzgünlerini ulanýar. Statistika bolsa paýlanyş funksiýalaryna esaslanýar. Mysal üçin, ýurdyñ ilatynyñ ýaşy boýunça paýlanyşy, ýyllyk girdejileri boýunça paýlanyşy we ş.m. Molekulýar-kinetik nazaryýetde paýlanyş funksiýasy diýip molekulalaryñ energiýasynyñ, tizliginiñ, impulsynyñ we ş.m. paýlanyşyna aýdylýar. Statistiki usul dialektiki materializmiñ tötänlik we zerurlyk ýaly kategoriýalarynyñ özara gatnaşyklaryna esaslanandyr. Göräýmäge, islendik wagt pursatynda her bir molekulanyñ tizligi we hereketiniñ ugry tötänlikdir, emma örän köp sanly molekulalaryñ hereketinde käbir kanunalaýyklar (zerurlyklar) ýüze çykýar. Hakykatdan hem, molekulalaryñ köp böleginiñ tizlikleri, energiýalary ýa-da hereket mukdarlary berlen şertlerde kesgitli, käbir orta bahalara eýedirler. Olara "has ähtimal" ululyklar diýilýär. Köp bölejikli ulgamlaryñ käbir häsiýetleri aýry-aýry alnan molekulalarda ýokdur. My sal üçin, köp bölejikli ulgamlarda ýüze çykýan basyş, temperatura, ýylylyk geçirijilik ýa-da şepbeşiklik ýaly häsiýetleri bir molekula üçin aýdyp bolmaýar. Şeýlelikde, her bir molekulanyñ hereketi mehanikanyñ kanunlaryna boýun egýän hem bolsa, molekulalar toplumynyñ hereketi hil taýdan mehaniki hereketden tapawutlänýan täze görnüşli hereketiñ ýüze çykmagyna getirýär. Bu bolsa, dialektiki materializmiñ mukdar üýtgemeleriniñ netijesinde täze hil üýtgemeleriñ ýüze çykýandygy baradaky kanunynyñ tassyk bolmagydyr. Termodinamiki usul - köp sanly bölejikleriñ içki gurlyşy, hadysalaryñ fiziki mehanizmi bilen gyzyklanman, eýsem ol ulgamyñ makroskopiki ululyklaryny (P,T,V) özara baglanyşdyrýar. Eksperiment - tejribe arkaly bu ululyklaryñ özara nähili baglanyşýandygyny termodinamikanyñ I we II başlangyclary arkaly gelejekde doly beýan ederis. Termodinamikanyñ I başlangyjy - ýylylyk hadysalary üçin energiýanyñ saklanma kanunydyr. II başlangyjy bolsa hadysanyñ geçiş ugruny kesgitleýändir. Şeýlelikde I-nji başlangyç energiýanyñ öwrülişiginiñ mukdar tarapyny häsiýetlendirse, II-nji başlangyç bu energiýa öwrülişiginiñ hil tarapyny häsiýetlendirýändir. Dinamiki we termodinamiki usullaryñ berýän netijelerini statistiki usul baglanyşdyrýar. Bu baglanşgyñ ýüze çykarylmagynda alym L. Bolsmanyñ bitiren hyzmatlarynyñ juda ulydygyny şu ýerde bellemek zerur diýip hasap edýäris. Download 177.4 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling