Özbegistan respublikasy ýokary bilim, ylym we innowasiýalar ministrligi ajiniýaz adyndaky nöKÜs döwlet pedagogika instituty başlangyç TÄlim fakulteti
Download 16.97 Kb.
|
Hasabat
- Bu sahifa navigatsiya:
- H A S A B A T Y
- HASABATY
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASY ÝOKARY BILIM, YLYM WE INNOWASIÝALAR MINISTRLIGI AJINIÝAZ ADYNDAKY NÖKÜS DÖWLET PEDAGOGIKA INSTITUTY BAŞLANGYÇ TÄLIM FAKULTETI. Başlangyç tälim ýönelişiniň 2-E (türkmen) topar talyby Radjapbaýewa Mulaýymyñ Nöküs şäheri XTB ne garaşly 34-sanly mekdepde bolan 1 ýyllyk amalyýeti. H A S A B A T Y Metodist: Zarimbetowa G NÖKÜS -2023 Ajiniýaz adyndaky Nöküs döwlet pedagogik instituti Başlangyç tälim fakultetiniň 2-“E” topar (türkmen) “Başlangyç tälim” ýönelişiniň talyby Radjapbaýewa Mulaýymyñ amalyýetden alyp baran işi boýunça HASABATY Men Radjapbaýewa Mulaýym 2022-ýyly 5-nji sentýabr güni metodist mugallym G. Zarimbetowa bilen Nökis şäher XTB-na garaşly №34-sanly umumy orta tälim mekdebine amalyýet geçmäge baryldy. Ilki mekdebiň içki tertip-düzgünleri bilen tanyşdym.Mekdep Direktory ,orunbasarlary we mugallymlar biz okuwçylara mekdep kada-kanunlary sapak wagtlary,başlangyç synplar naçe synpdan ybaratlygy barada aýdyp düşündirişler berdiler. Mekdep otaglary henizem goşmaça enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr, döwrebap zamana laýykdyr. Mekdep okuw işleri boýunça direktor orunbasary S. Sarsenbaýewa hemde metodist G. Zarimbetowalar tarapyndan 3-"j" synpyna berkidildim. Synp ýolbaşçysy Hudenowa Kamola mugallym bilen tanyşdyryldym. Berkidilen mugallym "Başlangyç synplar" bilen tanyşdyrdy. Olaryň üstünliklerini guwanç bilen aýdyp berdi. Synpda jemi ýigrimi iki okuwçy tälim-terbiýe alýan eken. Olardan ýedi sany oglan, on bäş sanysy gyz. Synpymyzyň topary dost, okuwçylaryň arasynda birek-birege hormat bar. Agzybir synp okuw sapaklarynda,synpdan daşary işlerde, baýram we tögereklerde agzybir hem işjeň hereket edýarler.Men amalýat döwrümde okuwçylaryň sapaga gatnaşyklary, synp ýolbaşçysynyň okuwçylara bolan gatnaşygy,we olara berýän bilim gönükmelerini syn edip köp zat öwrenmäge miýesser boldum.Okuwçylar bilen ýakyndan tanyşyp olaryň her birini sapak dowamynda syn etdim.Okuwçylar sapaga örän ünüsli we gowy gatnaşýarlar mugallym sapagy gowy düşündirip berýär.Mümkin boldugyça sapagyň 1 minudyny hem sypdyrman mugallymy gözegçilik edip sapak geçmegi öwrenmek isledim. Institutdaky mugallymlarymyzyň beren bilimlerine metodlaryna we ýol -ýörelgelerine esaslanyp, sapaklar geçdim sapak üçin analiz ýazdym, mümkin boldugyndan açyk sapak geçip özüm üçin zerur netijeleri aldym. Mekdepde amalýet wagtynda metodist mugallymlar tarapyndan dersleri nähili guramagy, synp ýolbaşcysynyň iş resminamalarynyň ýöredilişi öwrenildi. Synp mugallymy hemde metodist mugallymlar bile bilelikde mekdep kitaphanasyna synp okuwçylary alyp baryldy. Mekdep kitaphanasynda kitaphanaçy mugallym bilen bilelikde okuwçylara kitaphana barada maglumat berildi, tanyşdyryldy. Okuwçylara erteki kitaplar berildi. Babajanowa Saýýora mugallymyň ene dili we okuw sowathanlygy, matematika, okuw derslerine girip öwrendim. Dürli gyzykly usullara daýanyp, sapaklary däp bolmadyk usullar bilen geçirmäge synanyşdym. Dürli usullarda okatýan mugallymlaryň sapaklaryna bardym, sapaklaryny yzarladym we analiz etdim. Pedagogik tejribeler öwrenildi, özümiň alan bililmlerimi tejribede synap gördüm. Babajanowa Saýýora mugallym hemme sapaklaryny gyzykly edip, görkezme materiallar we dargatma materiallar arkaly geçdi. Bizler bilen hem ünsli işleşdi. 5-nji sentýabrdan 23-nji maý günine çenli amalyýetde boldym. Şu wagt dowamynda iş resminmalary, iş meýilnamalary we okuwçylar bilen nähili aragatnaşykda bolmak gerekligi öwrenildi. Pedagogik amalyýet dowamynda Hudenowa Kamola mugallym we başga mugallymlaryň hem dersleri seljerildi. Dersleri guramak, okuwçylar bilen nähili aragatnaşykda bolmaklygyny öwrenildi. Sapagy nähili edip gurnamagy, okuwçylar bilen nähili aragatnaşykda bolmak gerekligini öwrenildi. Biz adaty sapaklardan başga açyk sapaklarda hem gatnaşdyk. Hudenowa Kamola mugallymyň sapagyndan geçilen ene dili we okuw sowathanlygy dersinden açyk sapak geçirildi. Bu açyk sapakda mugallym köpläp gyzykly metodlardan peýdalandy. Açyk sapak etaplar boýunça geçildi. Okuwçylar sapaga doluk gatnaşdy. Aprel aýynda “Tehnalogiýa” sapagyndan sapak geçdim, sapaga synp ýolbaşçysy öz pikirlerini aýtdy. Mugallymlarymyzyň aýdyşy ýaly, pedagogiki tejribäm üçin aýratyn işmeýilnamasyny düzdüm. Meýilnama düzenden soň, Iş gündelik meýilnamalary nädip düzmelidigini, ýagny sapaklaryň netijeliligi üçin haýsy usullary saýlamalydygyny düşündirdi. Bilimi berkitmäge kömek etdi. Sapakda ýazuw işleriniň düzgünleriniň amaly derňewi öwredildi. Onda, okatmagyň usulyna üns bermelidigine aýratyn ünsi çekdi. Munuň sebäbi, sapagyň usulyny saýlamak bilen, bir sagatlyk sapagyň nädip guralyp bilinjekdigini we sapagyň näderejede täsirli. Maý aýynda matematika boýunça sapak berdim, synpa gatnaşan mugallymlar öz pikirlerini aýtdylar.Mugallymlarymyzyň aýdyşy ýaly, pedagogiki tejribäm üçin aýratyn iş meýilnamasyny düzdüm. Meýilnama düzenden soň, Iş gündelik meýilnamalary nädip düzmelidigini, ýagny sapaklaryň netijeliligi üçin haýsy usullary saýlamalydygyny düşündirdi. Bilimi berkitmäge kömek etdi. Sapakda ýazuw işleriniň düzgünleriniň amaly derňewi öwredildi. Onda, okatmagyň usulyna üns bermelidigine aýratyn ünsi çekdi. Munuň sebäbi, sapagyň usulyny saýlamak bilen, bir sagatlyk sapagyň nädip guralyp bilinjekdigini we sapagyň näderejede täsirli boljakdygyny öňünden bilip bolýar.Synp mugallymy bu synplara gitmek ýa-da gitmezlik üçin synp bölmedi. Sebäbi mekdepdäki ähli synplaryň okuwçylarynyň sany az we tertipli. Käte ol synpy maňa galdyrýardy. Okatmak isleýän mowzuklarym üçin sapak meýilnamasyny ýazdym we mowzuk üçin taýýarlanan sapaga geldim. Sapagyň dowamynda ähli derslerde interaktiw usullary ulanmaga synanyşdym, şeýle usullary ulanmak sapagyň hilini ýokarlandyrýar. Sapagyň dowamynda ulanyp gowy netijelere ýeterin. Mekdep psihologi bilen synp okuwçylarynyň arasyndaki tertipli we tertipsiz okuwça häsiýatnama yazmak we nähili işlemek tertibi öwrenildi. Amaliýat baradaky netijäm, gazanylan bilimleri we başarnyklary synagdan geçirmän bir hünäriň eýesi bolmak kyn. Şeýle tejribäni gowulandyrmak üçin ençeme ýyl bäri tagalla edilýär. Munuň üçin 4 ýyl okuw ýeterlik däl. Geljekki mugallym üçin iň möhüm zat, okuw prosesine gözegçilik edip bilmekdir. Bu ýagdaýda biziň üçin iň zerur häsiýetleri ähli hünärlerimizi, şeýle hem psihologiýa, söz medeniýeti, usulyýetler ählisi amalyýetda görýäris. Meniň pikirimçe, ýokary bilimi gutarandan soň mekdebiň bosagasynda ilkinji ädimini ätýän mugallym üçin pedagogiki tejribe birinji orunda duryar.Amalyýet döwründe başlangyç tälim pedagoglarynyň işi çylşyrymly hemde jogapkärçiliklidigine göz ýetirildi. Amalyýet döwri gowy geçdi. Metodist: Zarimbetowa G Synp ýolbaşçysy: Hudenowa K Amalýatçy talyp: Radjapbayewa M Download 16.97 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling