Özbek filologiýasy fakulteti türkmen dili we edebiýaty kafedrasy


Download 88.38 Kb.
bet4/8
Sana18.06.2023
Hajmi88.38 Kb.
#1590203
1   2   3   4   5   6   7   8
Bog'liq
Mämetjanow D.

Işiň maksady we wezipesi. Işimiziň öňüne goýan maksat we wezipesi-de türkmen we garagalpak poeziýasynda janr we çeper forma babatyndaky tipologik baglanyşyklary ylmy esasda giňişleýin anyklamakdan ybaratdyr. Onuň üçin biz aşakdaky ýaly wezipeleri ýerine ýetirmekligi öňümize maksat edip goýduk we oňa amal etdik;
- türkmen we garagalpak edebi gatnaşyklarynyň taryhy köklerini anyklamak;
- türkmen we garagalpak klassik şahyrlarynyň poeziýalarynda hem edebi täsirleriniň bolandygyny aýdyňlaşdyrmak;
- türkmen we garagalpak poeziýasynda kiçi lirik şekilleriň ulanylyşy;
- türkmen we garagalpak poeziýasynda kiçi lirik şekilleriň özüne mahsus häsiýetlerini anyklamak;
- türkmen we garagalpak poeziýalarynda janr we çeper forma babatyndaky tipologik baglanyşyklary anyklamak:
Mowzugyň öwrenilişi. Şeýlelikde, biziň öwrenýän obýektimiz türkmen we garagalpak poeziýalarynda janr we çeper forma babatyndaky baglanyşyklar bolup ol türkmen we garagalpak poeziýalary mysalynda öwrenilýär. Emma edebi baglanyşyk babatynda bizden öňem edebiýatşynaslykda birnäçe ylmy işler ýazyldy. Alymlarymyzyň uly döredijilik gözlegleriniň netijesinde doganlyk halklarynyň edebiýatlarynyň özara baglanyşygy, bir-birlerine täsir etmek protsessleri giňden analiz edildi. Belli bir edebiýadyň başga edebiýatlar bilen baglanyşygy mysalynda özara gatnaşyk hem özara täsiriň edebiýatlaryň ösmegindäki roluny anykladylar. Olaryň milli özboluşlygyny we aýratynlyklaryny açyp berdiler. Esasan hem soňky on ýylyň içinde edebi baglanyşyklar hem özara täsir problemasyna bagyşlanan onlarça ylmy işler we kitaplar ýazyldy. Şeýlelikde, edebi baglanyşyklaryň dürli-dürliligi bilen bir hatarda ony giňeltmegiň we ösdürmegiň mümkinçilikleri hem görkezildi.
Edebiýatlaryň arasynda ýüze çykýan täzelikler bilen üýtgeşiklikleriň prosesinde, biri-birine ýakyn ýa-da uzakdygyna garamazdan zehinli söz ussatlarynyň täze ýol-stil gözlegleriniň genetiki ýakynlygy, täsir, ýagny söz ussatlarynyň özara täsiri we bu hadysada birek-birekden belli bir derejede öwrenmek hereketi peýda boldy.
Dünýä edebiýatşynaslygynda edebiýatyň esasy žanr we görnüşleri, onuň ugurlary, nazary görnüşi we mazmuny, žanrlaryň tipologiýasy, edebi täsir ýaly meselelere teoretiki esasda garaýyş beýan edildi.
Hususan-da, häzirki zaman Amerikan edebiýatşynaslygynyň tanymal wekilleri S. Stýuart, H. Wendler, J.Kulleriň gözleglerinde täze şygyr şekilleriniň ýüze çykmagynda sӧz ussadynyň indiwidual stiliniň roluny we liriki žanrlaryň teoriýasyny giňişleýin anyklady.4
B.A.Uspenskiý5, M.L.Gasparow, Yu.N.Tinýanow6, I.W.Fomenko7, I.Y.Swetlikowa8, G.N.Kaskinowa9, W.I.Týupa10, L.N.Konýuhow11, R.O.Ýakobson12, E.A.Balaşowa13, O.A.Ostankowiç14 ýaly rus alymlarynyň ylmy gözleglerinde3 liriki poeziýanyň şekil meseleleri, şygyr düzlüşi, žanrlar tipologiýasy, lirikada kiçi lirik şekiller we olaryň ӧzüne mahsus hasiýetleri hakynda nazary garaýyş beýan edilýär.
Belli bir sebitde goňşy halk bolup ýaşaýan halklaryň edebiýatyndaky şygyr sekilleriniň meňzeşligi we tipologiýa görnüşleri F.R.Aliýewa14, Z.A.Magomedow15, M.H.Halilow16, Ş.I.Nuriddinowa, Ş.I.Turiddinowa, A.Yu.Abdulatipow we L.A.Şabaýewa tarapyndan öwrenildi.17
Professor K.Maksetowyň «Кarakalpak ädebiýatynyň tuўyskan halyklar ädebiýatlary menen baýlanysy» atly monografiýasy garagalpak edebiýaty ylmynda şu problemany öwrenmeklige bagyşlanan iň uly işleriň biridigini aýtmagymyz şert. Alym özüniň bu ylmy işinde garagalpak edebiýatynyň rus, gazak, özbek, törkmen, tatar, başkurt, täjik, dagystan edebiýatlary bilen bolan medeni we edebi baglanyşyklary umumylaşdyrmaga hereket edipdir. Şeýle hem, faktlar esasynda halklar dostlugynyň edebiýatlardaky şöhlelenişini açyp bermäge hereket edipdir.
Edebiýatçy A.Karimowyň «Ädebiýatymyzydyň geýpara mäseleleri» atly kitabynda-da garagalpak-türkmen edebi gatnaşyklarynyň taryhyna bagyşlanan gyzykly edebi açyşlar bar. Taryhçy alym, dotsent M.Tileumuratowyň «Қarakalpaklardyň tuўyskan halyklar menen mädeniý baýlanyslary» atly kitaby garagalpak medenietiniň rus, özbek, gazak, türkmen medenietleri bilen baglanyşygyny öwrenmeklige bagyşlanan. Bu iş ylmy faktlara baýlygy, garagalpak medenietiniň Orta Aziýa hem Gazagystan halklarynyň taryhy bilen edebi-medeni baglanyşyklarynyň esasynda öwrenilendigi bilen gymmatlydyr.
S.A.Garryewiň «Türkmen edebiýatynyň gündogar halklarynyň edebiýatlary bilen özara gatnaşyklarynyň taryhyndan» atly kitabynyň bir baby şu meseläni öwrenmeklige bagyşlanan bolup, onda Magtymgulynyň döredijiliginiň garagalpak ýazuwly edebiýatyna eden täsiri hakynda söhbet edilýär.S.A.Garryewiň bu kitabynyň çap edilenine kyrk bäş ýyl bolan bolsa, onda bu problemadan edebiýat jemgyetçiliginiň birnäçe esse uzaklaşyp gidendigini görýäris. Şeýlelikde, bu problemany täzeden ele alyp, işläp, üstüni doldurmak zerurlygy öz-özünden gelip çykýar.
Belli alym prof. K.Kurambaýewiň «Kewil-kewilden suw işer» (Nökis, 1991) atly monografiýasynda türkmen we garagalpak edebi gatnaşyklarynyň taryhy kökleri giňişleýin barlag edilýär.
Edebiýatçynyň «Adabiý jaraýon, Adabiý alokalar, Ijod masuliýati» (Taşkent, 2009) atly monografiýasynda türkmen we garagalpak halklarynyň edebi gatnaşyklary babatynda kän meseleler öwrenilipdir.
Şeýle hem alymyň «Maxtumquli – ilxom chashmasi» (Taşkent, 2010) atly monografiýasynda-da özbek-türkmen edebi gatnaşyklary bilen bir hatarda türkmen we garagalpak edebiýatlarynyň hem özara täsir meselesini giňişleýin öwrenipdir. Şeýle hem türkmen we garagalrpak edebiýatçylary we folklorçylary tarapyndan türkmen we garagalpak folklorynyň arasyndaky baglanyşyklary meselesi-de alymlary tarapyndan işlenildi. Ine, şeýle degerli işleriň ýazylmagy biziň bu kesplik işimizi ýazmagymyza köp itergi berdi, pikirimizi oýarmaga kömek etdi. Biz işiň dowamynda ýokardaky ýaly alymlaryň ylmy tejribelerine daýanyp türkmen we garagalpak edebi baglanyşyklary hakdaky barlagymyzy dowam ederis.

Download 88.38 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling