Soib begmatow saz 6-njy synp üçin derslik
ELIZAGA Sazy Lýudwig Wan Bethoweniňki
Download 463.45 Kb. Pdf ko'rish
|
musiqa 6 turkman
- Bu sahifa navigatsiya:
- WOLFGANG AMADEÝ MOSART
ELIZAGA
Sazy Lýudwig Wan Bethoweniňki Çaltlandyryp 67 Kantata – ýeke sazandalar, hor we orkestr üçin ýazylan iri wokal-simfonik žanr. Onda reallyk esasan hor, ariýa, ansambl we saz gurallary sazlarynda görkezilýär. Oratoriýa – edil kantata ýaly, ýeke sazandalar, hor we simfonik orkestr üçin ýazylan köp bölekli sazly eser. Esasan sahnada däl, eýsem konsert şertindäki ýerine ýetirmäge niýetlenen. Kantata oratoriýadan esasan göwrümi bilen, ýagny kiçiligi, mazmun taýdan birmeňzeşligi hem-de dramatik ösmänligi bilen tapawutlanýar. Balet bolsa iri sazly sahna eseri bolup, ençeme saz žanrlaryny öz içine alan sintkretik sazly žanrdyr. Baletde esasan çeper eserler saz arkaly tans (horeografiýa) obrazlary bilen uýgunlykda aňladylýar. Ýagny dramatik tema tans, yşarat, geýimler (lybaslar), hereketler we saz bilen açyp görkezilýär. 68 Aşakdaky saza dirižýorlyk edip, notalaryny anyk, dogry we arassa ses bilen aýdyň. 1. Köp sesli saz žanrlaryndan haýsylaryny bilýärsiňiz? 2. XVI asyryň ahyrynda Italiýada peýda bolan operalar nähili temalara bagyşlanan? Opera döreden haýsy Ýewropa kompozitorlaryny bilýärsiňiz? 3. Kantata, oratoriýa we balet žanrlary hakynda aýdyp beriň. 4. Simfoniýa haçan peýda bolupdyr we simfoniýa döreden haýsy kompozitorlary bilýärsiňiz? ?! 69 2-nji tema. WOLFGANG AMADEÝ MOSART Daşary ýurt kompozitorlarynyň içinde dünýä belli bolan kompozitor awstriýaly Wolfgang Amadeý Mosartdyr. Ol 1756- njy ýylyň 27-nji ýanwarynda Awstriýanyň kiçijik bir şäherjigi Zalsburgda köşk kom- pozitory we organçysy Leopold Mosartyň maşgalasynda dünýä inipdir. Mosartyň saza bolan ukyby 3 ýaşyndan başlap aýdyň duýlup başlapdyr. Ol klawesinde sagat lap meşgullanýardy, dogany 8 ýaşly Annanyň çalan sazlaryny bir eşidenden ýalňyşsyz gaýtalap çalyp berip bilýän eken. Atasy Leopold oglunyň saza bolan ukybyna ykrar bolup, onuň bilen ymykly meşgullanyp başlady. Wolfgang Mosart 6 ýaşynda klaw- isinde gowy çalyp bilýän derejä ýetýär we birinji eserlerini, kiçi göwrümdäki pýesalary ýazyp başlaýar. Ýedi ýaşyna ýetende Mosart dogany Anna bilen bilelikde Fransiýa korolynyň rezidensiýasy – Wersal köşgünde konsert berýär. Çagalar ilki birnäçe çylşyrymly eserleri çalyp hemmäni haýran galdyrýarlar. Sonra Wolfgang Mosart skripkasyny alyp birnäçe eserleri örän uly ussatlyk bilen çalyp berýär. Dogany Anna oňa klawesin çalyp goşulyşýar. Köşge jemlenen myh- manlar Wolfgang bilen gyzyklanýarlar. Ol birinji gezek görýän nätanyş eserlerini nota seredip togtamazdan, birkemsiz çalýardy. Berlen saz bölegine hem dürli-dürli bezegler goşup dürlüçe ça- lyp berýär. Myhmanlaryň çalan saz bölegini hiç gynanmazdan gözi daňylgy halda çalyp berýär. Onuň ady başga şäherlere hem ýaýrady. Ol birnäçe ýylyň dowamynda Wena, Pariž, London, Çana, Brýussel, Ženewa ýaly birnäçe şaherlerde konsert berdi. Atasy Leopold ogly Wolfganga saz ýazmagyň syrlaryny, kom- pozisiýany pugta öwretdi. Netijede 8 ýaşly Mosartyň birinji Wolfgang Amadeý Mosart (1756–1791) 70 kitaby Parižde çapdan gykdy. Mosart on iki ýaşynda özüniň birinji operasyny döretdi. Wolfgangyň atasy Leopold Mosart çagalarynyň her taraplaýyn çuň bilim almagyna şert döredip berdi. Ýaş Mosart daşary ýurt dillerini, taryh, geografiýa, arifmetika we beýleki ylymlardan hem ýeterli bilim aldy. Ol Parižde, Londonda opera teatrlaryna we simfonik orkestriň konsertlerine tiz-tiz baryp durýardy. Wolfgang Mosartyň Italiýa atasy bilen eden syýahaty onuň durmuşynda öçmejek yz galdyrýar. Italiýa şäherleriniň baý arhitekturasy, gözel tebigaty, muzeý we teatrlary ýaş Mosarty ýene-de ylhamlandyrdy. Birnäçe aýyň dowamynda Mosart Italiýadaky iň ökde saz nazaryýetçisi Padre Martiniden kompozitorlyk syrlaryny öwrendi. Okuwyň ahyrynda 14 ýaşly Mosart synaglardan ýokary derejede geçip, Boloniýa Saz Akademiýasynyň hormatly agzasy diplo- myny almaga miýesser boldy. Täze täsirler we täze ylhamlar bilen ol örän köp saz eser- lerini döretdi. «Figaronyň öýleňişi», «Jadyly fleýta» operalary, birnäçe simfoniýalar, fortepiano üçin ýazylan sonatalar, kon- sertler, hor üçin aýdymlar onuň döredijiliginiň önümi boldy. Emma ýerli aristokratlar Wolfgang Amadeý Mosartyň beýik talantyny ýeterli gadyrlamaýar. Oňa hyzmatkär, baý adamlaryň göwnüni almak üçin hyzmat edýän ýönekeý bir gyzykçy hök- münde seretdiler. Mosart bolsa saza durmuşy zerurlyk bolan möhüm iş ýaly garady. Mosart jemi 36 ýyl ýaşady. Emma şu gysga döwrüň içinde baý saz mirasyny galdyrdy. Bütin dünýä adamlary ony beýik kompozitor hökmünde ykrar edýärler we onuň eserlerini söýüp diňleýärler. W.A.Mosartyň eserlerinden ýa-da mugallymyň ýerine ýe- tirmeginde «Bahar küýsegi» eserini diňläň. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling