Soib begmatow saz 6-njy synp üçin derslik


-njy tema. HOREZM OAZISINIŇ KLASSYK SAZY


Download 463.45 Kb.
Pdf ko'rish
bet7/36
Sana23.09.2023
Hajmi463.45 Kb.
#1686700
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10   ...   36
Bog'liq
musiqa 6 turkman

6-njy tema.
HOREZM OAZISINIŇ KLASSYK SAZY
Horezm iň gadymy medeniýete eýe bolan, özüniň medeniýeti 
we sungaty bilen Orta Aziýa medeniýetiniň ösüşine uly goşant 
goşdy.
Horezm klassyk sazy žanrlara baý. Özüniň mukamlary, mu-
kam ýollarynda döreden klassyk saz we aýdymlary, özboluşly 
dessan ýerine ýetirijilik sungatlaryna eýedir. Horezm mukam-
lary «Rast», «Buzruk», «Nowa», «Dugah», «Segah», «Irak» we 
«Panjgah» (doly bolmadyk bölüm)dan ybaratdyr. Umuman olara 
«Alty ýarym mukam» diýilýär.
Horezm mukamlaryndan daşary bu oazise mahsus bolan «Su-
wara», «Nagyş», «Farýod» ýaly klassyk aýdym we sazlar hem 
bar. Bular esasan Horezm klassyk sazynyň nusgalarydyr. Olaryň 
ýerine ýetirilişinde hem özboluşlylyk bardyr. Olar saz gurallary 
we aýdymyň ýerine ýetirilişinde aýdyň görünýär. XIX asyrda 
bolsa Horezm mukamlary «Horezm tanbur çyzygy» esasynda 
nota alnan.
?!


18
Horezm klassyk sazynyň ýene bir görnüşi bu dessan ýer-
ine ýetirijiligidir. Çünki, bu oazisde dessanlar hem aýdym 
görnüşinde ýerine ýetirilýär. Dessan aýdýanlar halkyň arasynda 
bagşy ady bilen ýöredilýär (meselem, Balabagşy).
Horezm oazisi klassyk ýerine ýetirijiligine degişli saz gural-
lary aşakdakylardyr: tar, gyjak, goşatüýdük, tanbur, dutar, surnaý 
(bulaman, garmon) we dep.
Horezm klassyk sazynyň halypalary Madrahim Şirgazy, Haji-
han Baltaýew, Kämiljan Atanyýazowlardyr.
“Suwara” we “Feruz I” eser lerini diň läň.
ALIKAMBAR
Horezm oazisiniň aýdymçy we sazandalar ansambly


19
1. Horezm oazisi hakynda nämeleri bilýärsiňiz?
2. Horezm klassyk sazy nusgalary hakynda aýdyp beriň.
3. Näçe sany Horezm mukamlaryny bilýärsiňiz?
4. Horezm dessançylyk sungaty hakynda aýdyp beriň.
5. «Alikambar» sazyndan nusga çalyp beriň.
?!
Horezm oazisi dessançylyk sungaty, halkyň arasynda giň ýaýran
žanr hasaplanýar. Oazise mahsus aýratynlyklara eýe bolan bu
žanr özboluşly çerine ýetirijilik däpleri bilen başga oazislerden
tapawutlanýar. Horezm dessan ýerine ýetirijiliginiň özboluşly
ýerine etirijilik däplerinde açyk ses bilen aýdylýar. Adata görä,
proza tekst hekaýa ýaly okalýar. Munda bagşy diňleýjileri özüne
çekmek bilen birlikde wakany düşündirip geçýär, soňra dessanyň
goşgy tekstini aýdym edip aýdýar. Horezm oazisinde ozaldan
dessanlary dutar saz guralynyň kömeginde ýerine ýetirlip gеlipdir.
Soňky wagtlarda dessan ýerine ýetirijiligi örän ösüşe eýe boldy.
Onuň ýerine ýetirijilik ýollary hem köpeldi. Netijede ýerine ýetiriji
bagşylar amalyýetinde, tar saz guraly we sazandalar ansamblynyň
goşulyşmagynda ýerine ýetirmek giňden ýaýrady. Horezm oazisiniň
dessan ýerine ýetirijiliginde meşhur bagşylar köp. Olaryň arasynda
Balabagşy ady bilen halkyň arasynda meşhur bolan sungat işgäri
– Kurbannazar Abdullaýеwdir.

Horezm dessançylyk sungatynyň ýerine ýetirijilik tärleri.


20

Download 463.45 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10   ...   36




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling