Turkm dili-7 2017. indd


Download 438.92 Kb.
bet59/100
Sana17.06.2023
Hajmi438.92 Kb.
#1527825
1   ...   55   56   57   58   59   60   61   62   ...   100
Bog'liq
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)

njy gönükme. Hal-ýagdaý doldurgyçlaryny tapyp, olaryň baglanýan sözleriniň manylaryny anyklaýyşlaryny düşündiriň.

Adam ogly bir zada ýüregi bilen berilende, ol iş onuň ykbaly bilen baky badaşýar. As-Suly1 hem şeýle şahsyýetleriň biri bolupdyr. Ol dünýäniň ilkinji ezber küşt ussady diýip2 ykrar edilipdir. As-Sulynyň ökde küştçi bolup ýetişmeginde nesil şejeresiniň täsiri hökman bolaýmaly.
As-Suly öz halypasy al-Alynyň küşte dahylly pikirleri- ni has ösdüripdir2. Küşt oýnunyň düzgünlerini gutarnykly işläpdir. Munuň şeýledigine küşt oýnunyň3 taryhyna degiş- li gadymy golýazmalar hem şaýatlyk edýär. (Gazetden).

  1. nji gönükme. Hal-ýagdaý doldurgyçlaryny tapyň.

Olaryň sözlemdäki hyzmatyny düşündiriň.
Älem-jahan urşuň ot-ýalnyna, çaň-tozanyna garyldy. Ýazsoltanyň ýan-ýoldaşam, ýüzlerçe-müňlerçe ýigitler ýaly, jeň meýdanyndan dolanyp gelmedi. Iki ýaşly çagajyk
bilen ýalňyz galan garabagt ene ir bilen gelen musallaty bialaç çekmeli boldy. Öl armanly ýüreginiň bar hyjuwyny ýalňyz mydaryna – oguljygyna harç etdi. Gahatçylyk zamanynyň belaýy-nägehanlaryndan ony kükrek gerip goraglady, kiçijikliginden çig gaýmak bilen bakdy. Ogly üçin ýörite süýtli sygyr saklap, arpa-bugdaýy ýygnalan meýdanlardan penjesi bilen saman syrdy, ekinli pelleriň ýakasynda ot ýygdy. Ençeme gezek elini kesdirdi. Emma şonda-da ýeke dikrary bir gülüp bakanda, öz çekýän azap- laryny dünýäniň eşreti diýip bildi.
«Iki aýakly iki günde» diýleni. Onuň goçajygy ýapy ýaly ýigit bolup ýetişer, atasynyň ady bilen il-güne goşu- lar, öýüniň tuguny belende göterer, pylankesiň ogly pylany diýlip tanalar. Ýazsoltan göz guwanjy on alty ýaşandan, öýüň törüni ýaşyl kürteli gelin bilen bezemegiň arzuwyn- dady. Ol düýşünde öýüniň dulundan sallançak gerip, agtygyny allalaýardy, özi hem oňa uruşda ölen adamsynyň adyny dakyp: «Kakaly jan» diýýän şekillidi.
(Žurnaldan).



  1. nji gönükme. Böleklerden hal-ýagdaý doldurgyçlaryny we olaryň aýyklaýan sözlerini tapyň.

1. Ol atyň durşuna pugta syn etdim4. 2. Rahman şadyýanlyk bilen gürrüňe başlady. (Gazetden). 3. Umuman ýeriň ýüzi suw bilen örtülipdi. («Üç pygamber» r k). 4. Ul- lakan bir guşuň kölegesi ýalazy goňur çägäniň üstünden süýşüp geçdi. Depäme seretdim. Günüň astynda ýalňyz garaguş gaýyp barýar. (B.Hudaýnazarow «Akar suwuň aýdymy»). 5. Ýaşuly … ýüzüniň çaňyny syýy bilen sü- pürdi, gözüne giren çaňy owkalap, gözýaşy bilen çykardy. (H. Derýaýew «Ykbal»). 6. Tamlaryň, kepbeleriň turba- laryndan çykýan tüsseler düw-dagyn bolup pytraýardy. (A. Durdyýew «Saýlanan eserler»). 7. Şatlyk haty owa- dan ýazýar4. 8. At özüniň onlarça gelip-geçen ýolundan –
gara daşlaryň üstünden aýaklaryny batyrgaý basyp gidip barýar. (N.Saryhanow «Şükür bagşy»). 9. Gelin üçin ke- jebe ýasanlarynda nermaýany oňat bezäpdirler4. Toýçular dürli nagyşly we pürçekli matalardan bezegleri düýäniň boýnuna, başyna gotazlap daňypdyrlar. (Gazetden).
10. Çalyşman daş ýurduň gülleri bilen,
Aýakda yz goýan seniň tikeniň. (G. Ezizow).



  1. njy gönükme. Hal-ýagdaý doldurgyçlarynyň baglanýan sözleriniň manysyny anyklaşdyryp gelşini düşündiriň. Baş ag- zalary we öwrenen aýyklaýjy agzalaryňyzy görkeziň. Göçüriň. Baş we aýyklaýjy agzalaryň aşagyny çyzyň.

Download 438.92 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   55   56   57   58   59   60   61   62   ...   100




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling