Turkm dili-7 2017. indd


§ 32. HAL-ÝAGDAÝ DOLDURGYJY


Download 438.92 Kb.
bet58/100
Sana17.06.2023
Hajmi438.92 Kb.
#1527825
1   ...   54   55   56   57   58   59   60   61   ...   100
Bog'liq
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)

§ 32. HAL-ÝAGDAÝ DOLDURGYJY


▲ Hal-ýagdaý doldurgyjy nädip?, neneňsi?, nähili?, näme bilen?, kim bilen? diýen soraglara jogap bo- lup, gymyldynyň nähili ýagdaýda, neneňsi bolup ýüze çykanyny, onuň hilini, başga biri bilen bilelikde bo- lanyny, kim ýa näme üsti bilen ýerine ýetirenini we şuňa meňzeşleri görkezip biler.


Meselem:
Pälwan suraty çalt we owadan (nähili?) çekýär. Men seniň ýanyňa ylgap (nädip?) gaýtdym.
Hal-ýagdaý doldurgyjynyň ýasalyşynyň birnäçe ýoly bar:

  1. Ýagdaý görkezýän hallardan. Meselem:

Şalar suwda arkanlygyna (neneňsi?) ýüzdi. Türgenleşigi gün-günden (neneňsi?) güýçlendirýäris.

  1. Hal işliklerden. Meselem:

Ol işleýän ýerine çenli pyýadalap (nädip?) gitdy. Bellik: Eger hal işlik goşma işligiň bir bölegi bolup gel-
se, onda ol hal – ýagdaý doldurgyjy bolup bilmez.
Meselem:
Birden Mamur enäniň elleri bir gapdala süýşüp (nädip?) gitdi.
Süýşüp hal işligi bu ýerde goşma işligiň bir bölegi bolup geldi, eger ony sözlemden aýyrsaň, onda sözlemiň manysy bozulýar. Hal-ýagdaý doldurgyjy bilen goşma işligi tapa- wutlandyrmak üçin sözlemiň manysyna üns bermeli.

  1. Yzlaryna –ça, -çe goşulyp ýasalan sözlerden. Meselem:

Iňlis dili sapagynda okuwçylar iňlisçe (neneňsi?) gürleşýär.

  1. Hal rolunda gelen sypatlardan.

Meselem:
Okuwçylar her bir işde yhlasly (nähili?) zähmet çekýärler.
Bellik: Eger bu hili sypatlar goşma işligiň bir bölegi bolup gelseler, onda olar hal-ýagdaý doldurgyjy bolup bil- mezler.
Meselem:
Men ýaltalary gowy görmeýärin (ýokarky bellige serediň).

  1. Bilen, boýunça ýaly kömekçi sözler öz öňlerindäki sözler bilen birlikde hal-ýagdaý doldurgyjy bolup bilerler.

Meselem:
Yhlas teatra kakasy bilen (kim bilen?) gitdi. Olar tabşyryk boýunça (näme boýunça?) hereket etdiler.




  1. Download 438.92 Kb.

    Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   54   55   56   57   58   59   60   61   ...   100




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling