Turkm dili-7 2017. indd


Download 438.92 Kb.
bet66/100
Sana17.06.2023
Hajmi438.92 Kb.
#1527825
1   ...   62   63   64   65   66   67   68   69   ...   100
Bog'liq
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)

nji gönükme. Aşakdaky bölekleri okaň, deňdeş eýeler we deňdeş habarlary görkeziň hem-de olaryň haýsy söz topar- lary arkaly aňladylýandygyny aýdyp beriň.

Görogly ýedi gije-gündiz toý berdi: at çapdyrdy, gö- reş tutdurdy bagşy aýtdyrdy. («Görogly»). 2. Ol öýümi ýagtyltdy, öýümi ýylatdy. (R.Seýidow «Saýlanan eserler»).

  1. Onuň ak saçy, kirli ak ýaglygy, seçme degen ýaly ele- me-deşik alaça köýnegi bardy. 4. Mele süwuň bollugy,

dünýä ýüzüniň göklügi – Halnazaryň bulançak göwnüni durlady. (B.Kerbabaýew «Aýgytly ädim»). 5. Hoşgeldi bi- len Bahar maşynyň içindäki ýükleriň üstünde ornaşdylar. (A.Gowşudow «Köpetdagyň eteginde»). 6. Aýhanym her eden işinde ýalňyşlyk goýberýärdi: ýa käse döwýärdi, ýa- da naharyň aşagyny ýakýardy, ýa-da süýdi çogdurýardy, ýa-da … barmagyny iňňä deşdirip ganadýardy.

  1. nji gönükme. Deňdeş eýeleri we deňdeş habarlary tapyň.

Gara saçly we Mele saçly aýallaryň ikisiniň hem bir günde ogullary bolýar. Gara saçly we Mele saçly aýallar otuz ýyldan soň ýene-de keselhanada duşuşýarlar.
Mele saçly ene oglunyň görnükli sazanda bolup ýetişendigini aýdyp magtanypdyr. Gara saçly ene bolsa:
«Oglum traktorçy hem kombaýynçy. Ol ýer sürýär, hasyl ýygnaýar» diýipdir. «Seniň ogluň ýönekeý, hiç kim tara- pyndan tanalmaýan adam bolup ýetişipdir» diýip, Mele saçly aýal aýdypdyr.
Gün geçip-geçmänkä, Gara saçly aýalyň ýanyna uzak obadan ogly gelýär, ýagdaýyny soraýar, enäniň derdi ýeňlän ýaly bolýar. Mele saçly enäniň ýanyna bolsa hiç kim gelmeýär. Gara saçly enäniň2 ogly ertesi hem gelýär. Mele saçly enäniň ýanyna ýene hiç kim gelmeýär.
Üçünji2 gün Gara saçly enäniň ýanyna ýene gallaçy ogly öz üç ýaşlyja perzendi bilen gelýär. Olar ýanlary bi- len dürli ir-iýmiş getirýärler, enäniň ýanynda uzak wagtlap oturýarlar. Enäniň gözlerinden şatlyk uçganaklaýar.
Mele saçly enäniň ýanyna bolsa ýene-de hiç kim gelmeýär, halyndan habar almaýar. (W.A.Suhomlinskiý.
«Hakyky adamy nähili terbiýelemeli?»).


  1. Download 438.92 Kb.

    Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   62   63   64   65   66   67   68   69   ...   100




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling