Gaýtalamak üçin soraglar:
Doldurgyçlar diýip nämä aýdylýar?
Doldurgyçlaryň näçe görnüşi bar? Olar haýsylar?
Doldurgyçlaryň sözlemdäki hyzmaty nähili?
Meňzetme doldurgyjy bilen meňzetme aýyrgyjynyň tapawudyny düşündiriň.
Meňzetme doldurgyjynyň many aýratynlyklaryny düşündiriň.
DEŇDEŞ AGZALAR
▲ Deň heň, deň säginme bilen aýdylýan, bir söze bag- lanyp, deň soraga jogap bolýan sözler deňdeş agzalardyr.
Deňdeş agzalar sözlemde deň sintaktik hyzmaty ýerine ýetirýärler. Olar biri-birine garaşsyz bolan deň hukukly ag- zalardyr. Deňdeş agzalar iki ýa köp sözden bolýarlar.
Meselem:
Ýurdumyzyň Hywa, Buhara, Samarkant şäherleri gadymydyr.
Deňdeş agzalardan peýdalanylmagy sözlemde sözleriň gaýtalanmazlygyna, şeýlelikde, sözleýşimiziň täsirli bol- magyna, edebi eserleriň çeperçiliginiň artmagyna ýardam edýär.
Deňdeş agzalar aýyklaýjy sözler bilen hem (ýaýbaňlanan görnüşde) gelip bilerler. Bu hili deňdeş agzalar aýyk- laýjysyz gelen deňdeş agzalardan pikir aňladyşynyň aýdyňlygy bilen tapawutlanýarlar.
Deňeşdiriň:
Meselem:
Dutaryň owazy, gyjagyň sesi oturanlara güýçli täsir etdi.
Dutaryň şirin owazy, gyjagyň zaryn sesi oturanlara güýçli täsir etdi.
Sözlemiň deňdeş agzalarynyň biri bir sözden, beýlekisi söz düzüminden-de bolup biler.
Meselem:
Size we size meňzeşlere syýahatda ak ýol arzuw edýäris!
Bu sözlemdäki deňdeş agzalaryň birinjisi bir sözden, ikinjisi bolsa söz düzüminden emele gelipdir.
Bellik: Sözlemde gaýtalanyp gelýän sözler deňdeş agza hasaplanmaýar.
Meselem:
«Suw, suw, suw» diýip seslendi. (Žurnaldan).
Bir sözlemiň içindäki deňdeş agzalar aňladýan many- lary boýunça özara toparlara-da bölünip bilerler. Şu ýagdaýda deňdeş agzalaryň her toparynyň yzyndan otura derek nokatly otur goýulýar.
Meselem:
Bizde şu zatlar nejislik we gabahatçylyk hasaplanýar: Yaltalyk, bikärlik, iş ýakmazlyk, mugthorluk; … gysganç, açgöz bolmaklyk, myhmansöýmezlik; öz ataň we eneň ýönekeý zähmetini halamazlyk; ikiýüzlülik etmek… (W. A. Suhomlinskiý).
Do'stlaringiz bilan baham: |