nji gönükme. Deňdeş agzalary tapyp, olaryň nähili deňdeş agzalardygyny aýdyň. Göçürüň. Deňdeş agzalaryň aşagyny çyzyň.
Maşgalada çaganyň üns-alada, mähir bilen gurşal- magy onuň gorkudan sameýilnamamagyna kömek edýär, özüne ynamyny artdyrýar. Ene-ata ilki bilen çaganyň aňyndaky ynamsyzlyk duýgusyny aýyrmaga çalyşmaly. Onuň durmuşynyň gyzykly wakalardan doly bolmagyny gazanmaly. Deň-duşy bilen oýnamak, çeper kitaplary oka- mak, telewizorda körpelere niýetlenen gepleşiklere tomaşa etmek, ol-bu zatlary ýasamak onuň ünsüni şol duýgudan sowup biler. (Žurnaldan).
Türkmen halkynyň dana ogly Magtymguly örän ki- çigöwünli, saýhally, edepli, salyhatly, sypaýy adam bo- lupdyr, ol hiç wagtda ulumsylyk etmändir, menmenlik satmandyr, şöhrata kowalaşmandyr, adamkärçiligiň iň oňat sypatlaryny özünde birleşdiripdir. Şahyr ulumsylyk edýänleri, bedasyl şöhratparazlary, açgöz harsydünýäleri elmydama rehimsiz tankyt edipdir. (M.Kösäýew «Edebiýat barada söhbet»).
njy gönükme. Deňdeş agzalary tapyň. Degişli dyngy belgilerini goýup göçüriň. Deňdeş agzalaryň aşagyny çyzyň.
Gadymdan bäri döredilip özgerdilip timarlanyp gelinýän halk döredijiligi eserleri ýöne güýmenje wagt geçirme- gi üçin döredilmändir olaryň öz döwri we soňraky nesil- ler üçin bahasyna ýetip bolmajak örän uly öwredijilik we terbiýeçilik ähmiýeti bar.
§ 37. DEŇDEŞ AGZALY SÖZLEMDE BAGLANYŞYK WE DYNGY BELGILER
Deňdeş agzalar biri-birleri bilen iki ýol arkaly baglanyş- ýarlar:
Intonasiýa arkaly baglanyşy. Munda deňdeş agzalar birmeňzeş heň, deň pauza bilen aýdylýar.
Meselem:
Ol hyjuwly ýaşaýar, işleýär, göreşýär.
Ýazuwda äheň arkaly baglanyşan deňdeş agzalaryň aralaryna otur ( , ) goýulýar.
Meselem:
Ol hyjuwly ýaşaýar, işleýär, göreşýär. Shemasy: [D, D, D].
Baglaýjy kömekçiler arkaly baglanyşy. Deňdeş agzalaryň bu baglanyşy baglaýjy kömekçileriň hyzmatlary- na garap, alty topara bölünýär:
Do'stlaringiz bilan baham: |