Turkm dili-7 2017. indd


Download 438.92 Kb.
bet70/100
Sana17.06.2023
Hajmi438.92 Kb.
#1527825
1   ...   66   67   68   69   70   71   72   73   ...   100
Bog'liq
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)

Ugurdaşlygy görkezýänler we, hem, hem-de, - da,

- de, bilen.

We baglaýjysy deňdeş agzalary arasynda birden artyk gaýtalanmaýar. Onuň gelen ýerinde otur goýulmaýar.

Meselem:
Amana, Gunça, Jerene we Gyrmyza sylag berildi. [D, D, D we D].



Meselem:

Eger hem kömekçisi sözlemiň deňdeş agzalarynyň arasynda birnäçe ýola gelse, deňdeş agzalaryň arasynda otur goýulýar.

Men atama hem eneme kitap okap berdim. [D hem D].
Meselem:
Men atama hem, eneme hem, mamama hem kitap okap berdim [D hem, D hem, D hem].

Bilen baglaýjy kömekçisi atlaryň we atlaşan deň- deş agzalaryň arasynda gelip, esasan, birden artyk gaýtalanmaýar. Onuň gelen ýerinde otur goýulmaýar.

Meselem:
Tawus bilen Çemen aýdym-saz gurnagyna gatnaşýar. [D bilen D].



Hem, bilen kömekçileriniň hyzmatynda gelen – da, - de baglaýjysy deňdeş agzalaryň arasynda gelişlerine görä otur goýulýar.

Meselem:
Menden Oraza-da, Gara-da, Bibä-de salam aýt. [D-da, D-da, D-de].



  1. Garşylygy görkezýänleremma, ýöne, weli, welin.


Bular sözlemde birden artyk gaýtalanmaýarlar.
Deňdeş agzalaryň arasynda gelen emma, ýöne baglaýjylarynyň öňlerinden, weli, welin baglaýjylarynyň bolsa yzlaryndan otur goýulýar.

Meselem:
Bäşim atdan ýykyldy, emma (ýöne) aglamady. [D, emma D], [D, ýöne D].


Oguljeren gyrgyz jorasyndan gelen haty okady weli, (welin) gowy düşünmedi. [D weli, D], [D welin, D].
Bellik: Weli, welin kömekçileri many taýyndan ugur- daşlygy, yzygiderligi hem görkezip bilerler.
Meselem:
Men bardym welin, seni görmedim.

  1. Garşylygy we şert görkezýänlerýogsa, ýogsam bolmasa.


Ýazuwda bu baglaýjylaryň öňlerinde otur goýulýar.

Meselem:
Jan edip göreşdiň, ýogsa (ýogsam, ýogsam bolmasa) ýykylardyň. [D, ýogsa D], [D, ýogsam D], [D, ýogsam bolmasa].



  1. njy gönükme. Deňdeş agzalaryň görnüşlerini we olaryň baglanyşlaryny düşündiriň. Deňdeş agzalary shemada görkeziň.

1. Arkan-ýüzin gaýyşdym, emma hiç hili şakyrdy eşitmedim. (Žurnaldan). 2. Onuň arçaly, umgaly daglary- da, ownujak çeşmeli, käkilikli jülgeleri-de, tokaýly, ýyrtyjyly çuňňur dereleri-de, hatda ösümlikden mah- rum ýylçyr gaýalary-da, düýe örküç baýyrlary-da etegin- de önüp-ösenleriň gözüne nähili gowy görünýärdi! … (B.Kerbabaýew). 3. Ol atama garanda kiçijik hem ejizdi. 4. Şol gidip barşyna bent bir demine çekäýse, at-da, eýesi-de, ok-ýarag-da – barysy birden gark bolardy. (H.Derýaýew).

  1. nji gönükme. Şu aşakdaky shemalara laýyk gelýän deňdeş agzaly sözlemler düzüň: [D, D, D we D], [D weli D], [D bilen D], [D, ýogsam D].


  2. Download 438.92 Kb.

    Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   66   67   68   69   70   71   72   73   ...   100




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling