Turkm dili-7 2017. indd


Download 438.92 Kb.
bet73/100
Sana17.06.2023
Hajmi438.92 Kb.
#1527825
1   ...   69   70   71   72   73   74   75   76   ...   100
Bog'liq
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)

njy gönükme. Deňdeş agzalary tapyň. Olaryň nähili ýol arkaly baglanyşandygyny düşündiriň. Göçürüň. Deňdeş agzalaryň aşagyny çyzyň.

Nowruz baýramçylygynda dürli oýunlar oýnalýar, köpçülikleýin gezelenç edilýär. Käbir ýerlerde bazarlar gurulýar. Olarda sowgatlyk zatlar, köke-süýji milli nygmat- lar satylýar. Halk aýdymçylary, sazandalary, akrobatlar, darbazlar, gözbagçylar, wäşiler öz sungatyny görkezýärler. Pälwänlar güýç synanyşýarlar, milli göreş tutulýar. Orta Aziýanyň halklary goç süsüşdirýärler. Bu ýaryş ilatyň gowy görýän tomaşalarynyň biridir. Obalarda, gyşlaklarda köpçülik bolup nahar iýişlik guralýar. Munuň üçin öňünden her öýden gerekli önümler ýygnalýar. Baýramçylyk gün- leri adamlar birek-biregiňkä myhmançylyga barýarlar, do- gan-garyndaşlaryna, dost-ýarlaryna sowgat gowşurýarlar. («Musulman baýramçylyklary»).

  1. nji gönükme. Okaň deňdeş agzalaryň baglanyş ýollaryny aýdyň. Baglaýjy kömekçileriň gelen ýerlerinde oturyň goýlup-goýulmazlygynyň sebäbini düşündiriň. Olary shemada görkeziň.

1. Suwy çüýşäniň, küýzäniň ýa-da ýanlygyň bokur-
dagyndan içmek bolmaýar. Derýadan, ýapdan ýa-da çeş- meden garnyňy ýere berip, agzyňy goýup içmek ygtyýar edilenok, olardan goşawujyň bilen içmeli. 2. Nahardan öň hem-de soň hökmany suratda eliňi ýuwmaly. (Musulman baýramçylyklary). 3. Ata-enä hem-de ýetim-ýesire berilen sowgat iň uly sogapdyr. (Hadys).

  1. nji gönükme. [kä D, kä D], [ýa D, ýa-da D],[ne D,ne- de D] shemalaryna laýyk gelýän sözlemleri özüňizden düzüň, depderiňize göçüriň.




  1. njy gönükme. «Ene – beýik ynsan» diýen temadan öý düzmesini ýazyň.



§ 38. SÖZLEMDE DEŇDEŞ AGZALAR BILEN ULANYLÝAN JEMLEÝJI SÖZLER


▲ Sözlemde deňdeş agzalaryň manylaryny umumy- laşdyrýan sözler jemleýji sözlerdir.


Olar deňdeş agzalaryň öňünden ýa-da yzyndan gelýärler. Jemleýji söz deňdeş agzalaryň öňünden gelse, ýazuwda onuň yzyndan iki nokat (:) goýulýar.
Meselem:
Mekdebiň okuwçylaryndan ikisi : Ogulbibi we Aýjemal çeper höwesjeňleriň bäsleşiginde birinji ýere mynasyp bol- dular. [J: D, D].
Eger jemleýji söz sözlemiň deňdeş agzalarynyň yzyndan gelse, onda jemleýji sözüň öňünden kese çyzyk (-) goýulýar.
Meselem:
Çary, Hoşgeldi, Öwez, Wüşi kel – dördüsi tirkeşip, edaranyň jaýyna tarap ugradylar. [D, D, D, D –J].


  1. Download 438.92 Kb.

    Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   69   70   71   72   73   74   75   76   ...   100




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling