Turkm dili-7 2017. indd
Download 438.92 Kb.
|
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)
- Bu sahifa navigatsiya:
- § 42. EÝELI WE EÝESIZ SÖZLEMLER
- Eýeli sözlem
nji gönükme. Doly däl sözlemleri tapyp, olaryň galdy- rylan agzalaryny anyklaň.
Eje, hany Aşyr? Sorama, gyzym3 … Artygyň ýüregine hawul düşdi, ejesine ýapyşdy. Näme bolupdyr? Eje aýtsana! Nurjahan aglamjyrap mälim etdi. Biçäräniň sanalgysy dolan ekeni … Artyk ör-gökden gelip Aşyr … – diýip haşlap dem aldy. Ýok balam, Aşyr däl. Eýsem, kim? (B.K. «A. ä».). nji gönükme. Çeper eserlerde, gazet-žurnallardan doly we doly däl sözlemleri bolan alty sany sözlemi göçüriň. § 42. EÝELI WE EÝESIZ SÖZLEMLERnji gönükme. Sözlemleriň eýesini görkeziň. Daşynda eýesi açyk bildirýän sözlemleri tapyň, olaryň eýelerini aýdyň. Nireden gelip, nirä barýarsyň? – diýip, olar ýaňky içgin ýapyşmaklaryny goýdular-da, gaty ses bilen bagşydan so- radylar. Indi bolduňyzmy? – diýip, bagşy olardan sorady. Bize habaryňy ber, nireden gelýärsiň? Şeýleden gelýärin – diýip, bagşy gelen yzyna tarap çytylyp duran ýüzüni öwürdi. Şu dagyň aňry ýüzünden. Barşyn bolsa siziň hanyňyzyň ýanyna! Meni şonuň ýanyna alyp baryň! Hanyň ýanyna? Siz kim bolarsyňyz? (N.Saryhanow «Şükür bagşy»). Eýeli sözlem▲ Içinde eýesi bolan ýa-da daşynda onuň bardygy açyk bildirýän sözlem eýeli sözlemdir. Meselem: Kitap meniň üçin patyşanyň tagtyndan ileridir. (W.Şekspir). Ol atyň boýnuny gujaklady. Meleguş yzyna bakan serp- di. (B.Kerbabaýew «A. ä»). Bu mysaldaky kitap, ol, Meleguş sözleri sözlemiň için- de gelen eýelerdir. Käbir sözlemleriň içinde eýesi bolmaýar, emma olaryň eýesiniň kimdigini ýada nämedigini şol sözlemleriň habarlarynyň şekilinden açyk aňyp bolýar. Meselem: Hany, öňki meseläni bir çozeli. Ertir daňdanrak gelersiň. (B.Kerbabaýew. «A. ä»). Birinji sözlemiň habary (çözeli) menlik ýöňkemäniň köplüginde geleni üçin, onuň eýesiniň biz, ikinji sözlemiň habary (gelersiň) senlik ýöňkemäniň birlik sanynda gele- ni sebäpli onuň eýesiniň hem sen sözüdigi açyk bildirýär. Şeýle bolansoň, bular ýaly sözlemler eýeli sözlemler hasaplanýar. nji gönükme. Okaň. Şu sözlemleriň eýesi barmy? Olar- da eýäniň bardygy güman edilýärmi? Bu sözlemlere esasy üns hereketi ýerine ýetirijä (eýä) berilýärmi ýa-da ýerine ýetirilýän herekete (işe, ýagdaýa)? Onuň işledesi geldi. Gyzjagazyň daşarda oýnasy gel- - Türkmen dılı, 7-nji synp. di4. Onuň üçup ýören kebelejigi tutasy geldi. Munuň eýjejikdigini! Emma kebelegi tutup bolmaýardy. Ahyrda gyzjagazyň agysy tutdy. Download 438.92 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling