Turkm dili-7 2017. indd


Download 438.92 Kb.
bet89/100
Sana17.06.2023
Hajmi438.92 Kb.
#1527825
1   ...   85   86   87   88   89   90   91   92   ...   100
Bog'liq
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)

njy gönükme. Hormatly myhmanlar we ata-eneler, synpdaşlar, ýaş pagtaçylar, mekdebimiziň okuwçylary sözlerini ýüz tutma sözler edip sözlem içinde getiriň.

  • njy gönükme. Okaň, Ýüz tutma sözleriň öňünden haýsy aýyrgyçlary getirseňiz ýerlikli boljak? Degişli aýyrgyçlary geti- rip göçüriň.

    … dost, beren kömegiň üçin sag bol! … eje! Size uzak ömür arzuw edýärin!
    Ýaş toýuň gutly bolsun, … uýam Aýnur! … Atabaý aga, biz siziň wesýetleriňize wepaly bolmaga çalşarys.
    Köp nokatlara derek goýulmaly aýyrgyçlar: hormatly, gadyrdan, mähriban eziz.

    1. nji gönükme. [Ý], [Ý! [, Ý] [, Ý!] shemalaryna laýyk gelýän dört sany sözlem düzüp, depderiňize ýazyň.



    § 46. JOGAP SÖZLER


    ▲ Gepleşikde berilen soraga diňleýji hawa, şeýle, bar, ýok, bolýar, mümkin, dogry ýaly sözler arkaly jogap berýär. Eger bu sözlerden aňlanylýan pikiri giňeltmek üçin, yz ýanlaryndan sözlem getirilse, onda ol sözler jogap söz- leri bolýarlar.
    Meselem:

    • Näme, Çary çamanyň gürrüňini edýärmisiňiz?

    • Hawa, ýolagçylar şony soraýarlar (B.Kerbabaýew).

    • Ha, hä, dogrudyr, munuň agzyny guma oýkadylar. (A.Durdyýew «Saýlanan eserler»).

    Bu mysallardaky howa; bolýar; nä, nä, dogrudyr söz- leri jogap sözlerdir. Eger olaryň yzlaryndan gelen sözlem- leri aýyrsak, onda olar jogap sözler bolup bilmezler. Bu ýagdaýda olar doly däl sözlem hasaplanmalydyrlar.
    (Ýokary mysallardaky jogap sözleriň yzlaryndan gelen sözlemleri aýryp okap görüň).
    ▲ Gepleşikde soraga, buýruga ýa haýyşa biragyzdan jogap bolýan sözler jogap sözlerdir
    Jogap sözler sözlemiň beýleki agzalary bilen gramma- tik taýdan baglanyşmaýarlar.
    Jogap sözler bir sözden hem, şol sözüň birnäçe gezek gaýtalanmagyndan hem hasyl bolup bilerler. Gaýtalanyp gelen jogap sözleriň tassyklaýjylyk ýa-da inkär edijilik häsiýeti has güýçli bolupdyr.
    Meselem:

    • Obaňyz bagşydan doly bolsa, onda bize gelmek hem gerek däl ekeni.

    • Ýok, ýok, beýle däl, her gawunyň bir tagamy bar.

    Siziňkinem eşideris.
    Jogap sözler, esasan, sözlemiň başynda, kä halatda bol- sa sözlemiň ortasynda gelýärler. Olar sözlem agzalaryndan otur arkaly aýratynlandyrylýarlar.
    Meselem:

    • Ýok, [J.S] geplemeli bolarsyň …

    • Bolýar, [J.S.,] dostlar, siziň aýdaýşyňyz ýaly edeýin- diýip, Annaguly söz berdi. (A.Durdyýew. «Bagytly ýigit»).

    • Eger Halnazar bir agyz agramly söz aýtsa ýa kejiňe gitse, men onuň öýüni başyna ýumyryn, ýok, [Z.S.,] sen özüň ýumyrsyň (B.K. «A .ä.»).




    1. nji gönükme. Jogap sözleri tapyň. Pikiri giňeltmek üçin olaryň yzlaryndan getirlen sözlemleri görkeziň. Hokatlar we so- rag belgisi goýlan sözleri ýazuw kadasyna laýyklap göçüriň.

    1. Ýok, ýok, Aýyň ýanyna Uçyp bolmaz, han ogul Aý içinde jadygöý Ar(?)slan bardyr, jan ogul!




    1. Ýok, ýok, Esen, az däldir Beýik ertä gatanjyň!




    1. Howa, menem telpek goýdum Akl..wçynyň derläý(?)şine.




    1. Howa, Abat daýzamyzam

    Prokurordan kem çykmady. (K.Gurbannepesow).

    • Gaýtalanyp gelen jogap sözleri shemada görkeziň. Olaryň tassyklaýjylyk ýa inkär edijilik häsiýeti nähili?


    1. Download 438.92 Kb.

      Do'stlaringiz bilan baham:
  • 1   ...   85   86   87   88   89   90   91   92   ...   100




    Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
    ma'muriyatiga murojaat qiling